Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

15-NJI BAP

Öz zähmetiň hözirini gör

Öz zähmetiň hözirini gör

«Adam... öz zähmetiniň hözirini görmeli» (WAGYZ KITABY 3:13).

1—3. a) Köp adamlar işine nähili garaýarlar? b) Mukaddes Ýazgylar işe nähili garamagy maslahat berýär we şu bapda nähili sowallara serederis?

HÄZIRKI döwürde köp adamlar edýän işinden kanagat tapmaýarlar. Olar her gün halamaýan işine gidip, köp wagtyny ol ýerde geçirmeli bolýarlar. Şeýle adamlar işinden şatlyk we kanagat tapar ýaly näme edip biler?

2 Mukaddes Ýazgylar zähmete dogry garamagy maslahat berýär. Onda agyr zähmet çekmek we onuň hözirini görmek Hudaýdan bereketdir diýilýär. Süleýman pygamber: «Adam iýmeli, içmeli we öz zähmetiniň hözirini görmeli. Bu Hudaýyň sowgady» diýdi (Wagyz kitaby 3:13). Ýehowa bizi söýýär we ýürekden aladamyzy edýär, şonuň üçinem biziň işden kanagat tapyp, zähmetimiziň hözirini görmegimizi isleýär. Diýmek, biz özümizi Hudaýyň söýgüsinde saklamak üçin, iş babatda onuň garaýşyny we prinsiplerini göz öňünde tutmaly (Wagyz kitaby 2:24; 5:18-i okaň).

3 Bu bapda biz dört sowala serederis: zähmetimiziň hözirini nädip görüp bileris? Mesihçilere nähili işlerde işlemek bolmaýar? Dünýewi iş we Hudaýa seždämiz babatda nädip paýhasly bolup bileris? Biz nähili iň wajyp işi edip bileris? Geliň, ilki bilen, Älemde iň uly iki zähmetkeşiň — Ýehowa Hudaý bilen Isa Mesihiň mysalyna seredeliň.

IŇ BEÝIK ZÄHMETKEŞ WE ÖKDE USSA

4, 5. Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň köp zähmet çekýändigi nähili görkezilýär?

4 Ýehowa iň beýik zähmetkeş. Gelip çykyş 1:1-de şeýle diýilýär: «Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy». Hudaý ýeri ýaradandan soň, zähmetiniň netijesine «juda gowy» diýip baha berdi (Gelip çykyş 1:31). Başgaça aýdanda, ol ýer ýüzünde çeken zähmetinden doly kanagat tapdy. Ýehowa «bagtly Hudaý» bolany üçin zähmetinden uly lezzet alýar (1 Timoteos 1:11).

5 Biziň zähmetsöýer Taňrymyz zähmet çekmegini hiç haçan bes etmeýär. Ýer ýüzi ýaradylyp, ençeme wagt geçenden soň Isa: «Meniň Atam henize çenli işläp ýör» diýdi (Ýahýa 5:17). Atamyz şol wagt näme edýärdi? Ol gökden adamlara garap, olaryň aladasyny edýärdi. Ol Isa bilen gökde höküm sürjek ruhda doglan mesihçileri, ýagny «täze ýaradylyşy» ýaratdy (2 Korinfliler 5:17). Şeýle-de Hudaýy söýýän adamlar täze dünýäde ebedi ýaşar ýaly, wadasyny amala aşyrmak üçin hiç zady gaýgyrmady (Rimliler 6:23). Ýehowa çeken zähmetiniň netijesinden örän razydyr. Millionlarça adamlar Patyşalyk baradaky hoş habara seslenýärler, Ýehowa bolsa olary özüne çekýär. Olar hem özüni Hudaýyň söýgüsinde saklamak üçin durmuşyny özgerdýärler (Ýahýa 6:44).

6, 7. Isa yhlasly işgär adyny nädip gazandy?

6 Isa ençeme ýyl zähmet çekip, yhlasly işgär adyny gazandy. Ol ýere gelmänkä, ökde «ussa», ýagny Hudaýyň kömekçisi hökmünde «gökde ýa ýerde bolsun» ähli zatlary ýaratmaga gatnaşdy (Süleýmanyň tymsallary 8:22—31; Koloslylar 1:15—17). Isa ýer ýüzünde-de yhlas bilen zähmet çekýärdi. Ol ýaşlygyndan gurluşyk işini öwrendi we «agaç ussasy» kimin tanalýardy (Markus 6:3) *. Bu hünär üçin güýç we dürli zähmet endiklerini edinmelidi, sebäbi şol döwürde agaç kesýän maşyn, gurluşyk materiallary we elektrik gurallary satylýan dükanlar ýokdy. Sen Isanyň agajy çapyp, ony işleýän ýerine getirişini göz öňüne getirip bilermiň? Onuň üçegi, gapyny, hatda öýe mebel ýasaýşyny göz öňüne getir. Elbetde, Isa ökde hem-de yhlasly edilen işiň lezzet berýändigini bilýärdi.

7 Isa Hudaýa örän yhlasly gulluk etdi. Ol üç ýarym ýyllap diňe şol möhüm iş bilen meşgul boldy. Başardygyndan köp adamlara wagyz etjek bolup, ol irden turup tä giç agşama çenli adamlar bilen gürrüň ederdi, ýagny wagtyny biderek geçirmeýärdi (Luka 21:37, 38; Ýahýa 3:2). Ol «şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yglan edip başlady» aýdýardy (Luka 8:1). Adamlara hoş habary ýetirmek üçin, Isa tozanly ýollardan pyýada ýöräp, ýüzlerçe kilometrleri geçdi.

8, 9. Isa nädip çeken zähmetiniň hözirini gördi?

8 Isa gullukda çeken yhlasly zähmetiniň hözirini gördümikä? Elbetde! Ol hakykat tohumyny ekip, bize hasylly meýdanlary goýup gitdi. Hudaýyň islegini berjaý etmek Isa şeýle güýç-kuwwat we goldaw berýärdi welin, käte ol çörek iýmezlige-de taýyndy (Ýahýa 4:31—38). Oýlanyp gör, ol ýerdäki gullugynyň ahyrynda Atasyna: «Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym» diýen sözleri ýürekden aýdyp, nähili begenendir (Ýahýa 17:4).

9 Dogrudan-da, Ýehowa bilen Isa yhlasly zähmetiniň hözirini görüp, bize oňat görelde görkezýärler. Ýehowa bolan söýgimiz bizi Ondan «görelde almaga» höweslendirýär (Efesliler 5:1). Isa bolan söýgimiz hem onuň «yzyny alyp götermäge» kömek edýär (1 Petrus 2:21). Geliň, häzir zähmetimiziň hözirini görmek barada gürrüň edeliň.

ZÄHMETIMIZIŇ HÖZIRINI GÖRELIŇ!

Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşasaň, çekýän zähmetiň hözirini görersiň

10, 11. Dünýewi işe dogry garamaga näme kömek eder?

10 Mesihçileriň durmuşynda dünýewi işiň hem öz orny bar. Biz edýän işimizden kanagat we şatlyk tapmak isleýäris, ýöne dünýewi işimizi halamaýan bolsak, onda bu kyn bolar. Muňa garamazdan, çekýän zähmetimiziň hözirini nädip görüp bileris?

11 Dogry garamagy öwren. Biz köplenç ýagdaýymyzy üýtgedip bilmesek-de, garaýşymyzy üýtgedip bileris. Hudaýyň zähmete garaýşy barada oýlansak, bu bize-de zähmete dogry garamaga kömek eder. Aýdaly, sen maşgalabaşy. Belki, sen dünýewi işiňi halaýan dälsiň, ýöne ol saňa maşgalaňy eklemäge mümkinçilik berýär. Hudaý maşgalasy barada alada edýän adamlary gymmat saýýar. Onuň Sözünde maşgalasynyň aladasyny etmeýän adam «Hudaýa iman etmeýän adamdan hem beterdir» diýilýär (1 Timoteos 5:8). Dünýewi işiň arkaly Hudaýyň beren borjuny berjaý edýändigiňe düşünseň, işdeşleriňden tapawutlylykda, çekýän zähmetiňden şatlyk taparsyň we näme üçin işleýändigiňi unutmarsyň.

12. Yhlasly we dogruçyl işlesek nähili sylag alarys?

12 Yhlasly we dogruçyl bol. Eger yhlas bilen zähmet çekip, işimizi gowy ýerine ýetirmegi öwrensek, köp bereket taparys. Köplenç başlyklar yhlasly, ökde işgärleriň gadyryny bilýärler (Süleýmanyň tymsallary 12:24; 22:29). Biz mesihçiler, şol sebäpli işde dogruçyl bolmaly we puly, zady ýa-da wagty ogurlamaly däl (Efesliler 4:28). Geçen bapdan bilşimiz ýaly, dogruçyllyk sylaglanýar. Adatça, dogruçyl işgäre ynanýarlar. Başlyk biziň dogruçyllygymyzy bilse-de, bilmese-de, sap ynsaply işläp, söýgüli Hudaýymyzyň ýüregini şatlandyrsak, işden lezzet alarys (Ýewreýler 13:18; Koloslylar 3:22—24).

13. Işde gowy göreldämiz nähili netije getirip biler?

13 Özüňi alyp barşyň bilen Hudaýy şöhratlandyr. Eger biz işde Hudaýyň ýokary ahlak kadalaryny berjaý etsek, başgalar muny hökman görerler. Bu nähili netije berer? Şeýdip, biz «Halasgär Hudaýymyzyň taglymatyny... bezäris» (Titus 2:9, 10). Hawa, biziň oňat edim-gylymymyzy synlap, adamlar dinimiziň gowudygyna düşünerler we ol barada köpräk bilmek islärler. Eger işdeşiň seniň gowy göreldäňi görüp, hakykat bilen gyzyklansa, özüňi nähili duýjakdygyňy göz öňüne getir! Şu möhüm zat barada-da oýlanyp gör: gowy göreldämiz bilen Ýehowany şöhratlandyryp, onuň ýüregini begendirmekden uly bagt bolup bilermi? (Süleýmanyň tymsallary 27:11; 1 Petrus 2:12-ni okaň).

IŞI PAÝHASLY SAÝLAMALY

14—16. Iş saýlanymyzda haýsy wajyp sowallara seretmeli?

14 Mukaddes Ýazgylarda mesihçilere dünýewi işleriň haýsysy bolýandygy ýa-da bolmaýandygy barada jikme-jik aýdylmaýar. Emma bu bize islendik işiň bolýandygyny aňlatmaýar. Hudaýyň Sözi bize Hudaýa ýaraýan bereketli we halal işi saýlamaga hem-de Oňa ýaramaýan işlerden gaça durmaga kömek edýär (Süleýmanyň tymsallary 2:6). Biz iş saýlanymyzda iki wajyp sowala seretmeli.

15 Işde Mukaddes Ýazgylaryň ýazgarýan zatlaryny etmeli bolarmyň? Hudaýyň Sözünde ogurlyk, ýalan sözlemek we but ýasamak ýazgarylýar (Çykyş 20:4; Resullaryň işleri 15:29; Efesliler 4:28; Ylham 21:8). Biz şeýle zatlar talap edilýän işden ýüz öwreris. Çünki biz Ýehowany söýýäris, şol sebäpli Onuň tabşyryklaryna garşy gelýän işe hiç haçan girmeris (1 Ýahýa 5:3-i okaň).

16 Şeýle işde işlesek, günäli işlere şärik bolup, başgalary hem muňa itermerismi? Meselem, sekretar bolmagyň hiç hili erbetligi ýok. Eýsem, mesihçä Gan merkezinde sekretarlyk işi hödürleseler näme? Elbetde, onuň özi gan goýbermek üçin adamlardan gan almaly bolmaz. Ýöne şonda-da, ol gan alýan merkeziň işini goldadygy bolmazmy? Gan goýbermek üçin gan almak ýa-da gan bermek Hudaýyň Sözünde günä hasaplanýar ahyryn! (Resullaryň işleri 15:29). Ýehowany söýýän adamlar Mukaddes Ýazgylarda ýazgarylýan işlere gatnaşmak islemeýärler.

17. a) Iş saýlanymyzda nämeleri göz öňünde tutmaly? (« Bu işe girsemmikäm?» diýen çarçuwa seret.) b) Hudaýa ýaraýan karara gelmäge ynsabymyz nädip kömek edip biler?

17 Biz 15-nji we 16-njy abzaslardaky iki wajyp sorag barada oýlansak, bu bize iş meselesinde dogry karara gelmäge kömek eder. Şeýle-de iş saýlanymyzda başga zatlary-da göz öňünde tutsak gowy bolar *. «Wepaly we paýhasly hyzmatkär» her bir ýagdaýa degişli görkezme berer diýip pikir etmeli däl. Hut şeýle ýagdaýlarda-da paýhasly bolmak gerek. Şu kitabyň 2-nji babyndan bilşimiz ýaly, gündelik durmuşymyzda Hudaýyň Sözüni ulanyp, ynsabymyzy terbiýelemeli. Biz öwrenen zatlarymyza eýerip, «saýgarmagy öwrensek» ynsabymyz Hudaýa ýaraýan karara gelmäge we onuň söýgüsünde galmaga kömek eder (Ýewreýler 5:14).

IŞE DOGRY GARALYŇ

18. Ruhy garaýşy saklamak näme üçin aňsat däl?

18 «Soňky günlerde juda kyn döwürde» ruhy garaýşy saklamak aňsat däl (2 Timoteos 3:1). Iş tapyp, ony ýitirmezlik has-da kynlaşýar. Biz mesihçiler, şonuň üçin yhlasly zähmet çekip, maşgalamyzy eklemegiň wajypdygyna düşünýäris. Eger-de hüşgär bolmasak, işdeşleriň täsiri ýa-da azdyryjy harsydünýälik biziň ruhy maksatlarymyza päsgel berip biler (1 Timoteos 6:9, 10). Geliň, «iň wajyp zatlara düşünüp», işe dogry garamak barada gürrüň edeliň (Filipililer 1:11).

19. Ýehowa näme üçin bil baglamaga mynasyp we oňa bil baglasak, nämäniň gaýgysyny etmeris?

19 Ýehowa bütinleý bil bagla (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6-njy aýatlary okaň). Eýsem, ol bil baglamaga mynasyp dälmi? Ol biziň aladamyzy edýär ahyryn (1 Petrus 5:7) Ol bize gerek zatlary özümizden gowy bilýär we Onuň goly gysga däl (Zebur 37:25). Şonuň üçin Hudaýyň Sözünde berilýän ýatlatmalara gulak asmaly: «Ýaşaýşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň, sebäbi Hudaý: „Men seni hiç haçan terk etmerin, seni asla taşlamaryn“ diýendir» (Ýewreýler 13:5). Hudaýyň doly wagtly gullukçylarynyň köpüsi Ýehowanyň durmuşda iň zerur zatlary berýändigini tassyklap bilerler. Eger Ýehowanyň biz barada alada edýändigine ýürekden ynansak, maşgalamy nädip eklärin diýip aşa köp gaýgy etmeris (Matta 6:25—32). Biz dünýewi işe ruhy işlere, ýagny hoş habary wagyz etmäge we ýygnaklara gatnaşmaga päsgel berdirmeris (Matta 24:14; Ýewreýler 10:24, 25).

20. Sada gözli bolmak näme aňladýar we sen nädip sada gözli bolup bilersiň?

20 Sada gözli boluň (Matta 6:22, 23-nji aýatlary okaň). Sada gözli bolmak ýönekeý ýaşamagy aňladýar. Sada gözli mesihçileriň ýeke-täk maksady bar, ýagny olar Hudaýyň islegini berjaý etmek isleýärler. Eger gözümiz sada bolsa, biz köp aýlykly işe we baýlyga kowalaşmarys. Şeýle-de biz reklamanyň aldawuna düşüp, bagtly bolmak üçin hemişe täze çykan we gymmatbaha zatlary satyn almagyň ugrunda ylgamarys. Sen nädip sada gözli bolup bilersiň? Gerekmejek bergi edinme. Aşa köp wagtyňy we güýjüňi alýan zatlary satyn alma. Injiliň «iýmäge, geýmäge» zadyňyz bar bolsa kaýyl boluň diýen maslahatyna gulak as (1 Timoteos 6:8). Mümkin boldugyndan, sada ýaşajak bol.

21. Öňümizde näme üçin anyk maksatlary goýmaly we durmuşymyzda birinji orunda nämäni goýmaly?

21 Öňüňde ruhy maksatlary goýup, şoňa görä ýaşa. Biziň wagtymyz çäkli, şonuň üçin öňümizde anyk maksatlary goýmaly. Ýogsam, ähmiýetsiz zatlar biziň gyzyldan gymmat wagtymyzy alar we has möhüm işlere wagtymyz galmaz. Eýsem, biz birinji orunda nämäni goýmaly? Adamlaryň köpüsi gazançly işde işlemek üçin ýokary bilim almaga çalyşýarlar. Emma Isa şägirtlerine «Hudaýyň Patyşalygyny... hemişe birinji orunda goýmagyň» ündedi (Matta 6:33). Hawa, biz mesihçiler, Hudaýyň Patyşalygyny durmuşymyzda birinji orunda goýýarys. Kararlarymyz, maksatlarymyz we işlerimiz bilen Patyşalygyň bähbitlerini we Hudaýyň islegini maddy baýlykdan we dünýewi arzuwlardan ileri tutýandygymyzy görkezmeli.

YHLASLY GULLUK EDIŇ

Wagyz işini durmuşymyzda birinji orunda goýýan bolsak, Ýehowany söýýändigimizi görkezýäris

22, 23. a) Mesihçileriň nähili esasy işi bar we bu işiň wajypdygyny nädip görkezip bileris? (« Gelen kararym sebäpli, şadyýan we kanagatly ýaşaýaryn» diýen çarçuwa seret.) b) Sen dünýewi işe nähili garaýarsyň?

22 Soňky günleriň ahyrynda ýaşaýandygymyza düşünip, biz mesihçilere tabşyrylan esasy iş bilen, ýagny wagyz etmek we şägirt taýýarlamak bilen meşgullanýarys (Matta 24:14; 28:19, 20). Isadan görelde alyp, biz hem adamlaryň janyny halas etmek isleýäris. Bu işiň bize wajypdygyny nädip görkezip bileris? Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi ýygnagyň wagyzçylary hökmünde wagyz işine yhlasly gatnaşýarlar. Olaryň käbiri ýagdaýyny üýtgedip, pioner we missioner bolup gulluk edýärler. Ruhy maksatlary goýmagyň wajypdygyna düşünýän ene-atalar çagalaryny Hudaýa doly wagtly gulluga höweslendirýärler. Patyşalygyň yhlasly wagyzçylary gullukda çeken zähmetiniň hözirini görýärmikä? Elbetde! Ýehowa bütin ýürekden gulluk etsek, durmuşdan şatlyk, kanagat taparys we çäksiz bereketler alarys (Süleýmanyň tymsallary 10:22-ni okaň).

23 Köpimiz maşgalamyzy eklemek üçin dünýewi işde kän zähmet çekmeli bolýarys. Ýadyňda bolsun, Ýehowa çekýän zähmetimiziň hözirini görmegimizi isleýär. Eger garaýşymyz we işlerimiz Hudaýyň garaýşyna we prinsiplerine laýyk gelse, zähmetimizden lezzet alyp bileris. Goý, dünýewi iş esasy işimize — Hudaýyň Patyşalygy barada hoş habary wagyz etmäge päsgel bermesin. Şu wajyp işi durmuşymyzda birinji orunda goýsak, Ýehowany söýýändigimizi we onuň söýgüsinde galýandygymyzy görkezeris.

^ abzas 6 «Agaç ussasy» diýlip terjime edilen grek sözi «umumy termin bolup, agaç bilen işleýän, meselem, agaçdan jaý gurýan, mebeli we başga zatlary ýasaýan adama degişli» hasaplanýar.

^ abzas 17 Iş saýlanymyzda nämeleri göz öňünde tutmalydygymyz barada köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 1999-njy ýylyň 15-nji aprelinde çykan sanynyň 28—30-njy sahypalaryna we 1983-nji ýylyň 1-nji martynda çykan sanynyň 18-nji sahypasyna serediň.