Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 GOŞMAÇA MAGLUMAT

Masturbasiýa we ony nädip goýmaly?

Masturbasiýa we ony nädip goýmaly?

Hudaýa ýaramaýan masturbasiýa endigi diňe özüňi bilmeklige höweslendirýär we pikiriňi zaýalaýar *. Şeýle-de masturbasiýa bilen meşgullanýanlar başga adamlara diňe öz jyns höwesini kanagatlandyrmak pikiri bilen garaýarlar. Şeýle adam üçin jynsy gatnaşyk iki adamyň arasyndaky söýgini däl-de, diňe az salymlyk lezzeti we jynsy höwesi kanagatlandyrmany aňladýar. Emma beýle lezzet uzaga çekmeýär. Aslynda, masturbasiýa «beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy, hapalygy, erk edip bolmaýan ahlaksyz islegleri» öldürmeýär, gaýtam, olary oýarýar (Koloslylar 3:5).

Pawlus resul: «Eziz doganlar... geliň, bedeni we ýüregi hapalaýan islendik zatdan özümizi arassalalyň, Hudaýdan gorkup, has-da mukaddes bolalyň» diýip ýazýar (2 Korinfliler 7:1). Saňa bu maslahata eýermek kyn bolsa, ruhdan düşme. Ýehowa «geçirimli» we kömek etmäge hemişe taýyn (Zebur 86:5; Luka 11:9—13). Masturbasiýany goýup bilmeýändigiňe garamazdan, ýüregiň seni ýazgaryp, bu endigi goýjak bolup jan edýän bolsaň, bu seniň niýetiň gowudygyny görkezýär. Şeýle-de ýadyňda bolsun, «Hudaýyň bizi özümizden hem gowy tanaýandygyny we ähli zady bilýändigini unutmalyň» (1 Ýahýa 3:20). Ol biziň diňe günälerimizi däl, eýsem, nähili adamdygymyzy hem görýär. Hudaý biz barada hemme zady bilýär, şonuň üçin ol biziň rehimdarlyk hakda ýürekden edýän ýalbaryşlarymyzy duýgudaşlyk bilen diňleýär. Şol sebäpli  haçanda bir zat bolanda çaganyň kakasynyň ýanyna ylgaýşy ýaly, sen hem Hudaýa kiçigöwünli hem-de ýürekden dileg etmegiňi dowam et. Ýehowa saňa arassa ynsap berer (Zebur 51:1—12, 17; Işaýa 1:18). Elbetde, sen eden dogaňa görä hereket etmeli. Meselem, pornografiýanyň islendik görnüşlerinden hem-de ýaman ýaranlardan gaça durmaly *.

Eger saňa masturbasiýa endigini goýmak başartmasa, mesihçi ata-eneň ýa-da ruhy taýdan ýetişen ýakyn dostuň bilen gepleşmegiňi haýyş edýäris (Süleýmanyň tymsallary 1:8, 9; 1 Selanikliler 5:14; Titus 2:3—5) *.

^ abzas 3 Masturbasiýa—jynsy höwesi kanagatlandyrmak üçin jyns organlaryny sypalamagy ýa-da owkalamagy aňladýar.

^ abzas 4 Köp maşgalalar kompýuteri öýdäkileriň hemmesine görünýän ýerde goýýarlar. Şeýle-de ýaramaz zatlary aýyrýan kompýuter programmalaryny satyn alýarlar. Muňa garamazdan, kompýuteri ýaramaz zatlardan doly gorap biljek programma ýok.

^ abzas 5 Masturbasiýa endigini nädip goýmalydygy barada 2006-njy ýylyň noýabr aýynda çykan «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň «Ýaşlaryň sowallary» bölüminiň «Bu endigi nädip goýmaly?» diýen makalasynda we «Ýaşlaryň sowallary» diýen kitabyň 1-nji tomunyň 178—182-nji sahypalarynda peýdaly maslahatlary tapyp bolýar.