Matta 24:1—51

  • MESIHIŇ GELMEGINIŇ ALAMATY (1—51)

    • Uruş, açlyk, ýertitreme (7)

    • Hoş habar wagyz edilýär (14)

    • Uly betbagtçylyk (21, 22)

    • Ynsan oglunyň alamaty (30)

    • Injir agajy (32—34)

    • Nuhuň günleri we häzirki döwür (37—39)

    • Oýa bolmak (42—44)

    • Wepaly hem zalym gul (45—51)

24  Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri ýanyna gelip, ybadathananyň binalaryny görkezdiler.  Isa: «Binalara haýran galýaňyzmy? Size hakykaty aýdýaryn, şu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular»+ diýdi.  Isa Zeýtun dagynda ýeke özi otyrka, şägirtleri ýanyna gelip: «Aýdan zatlaryň haçan bolar? Seniň gelendigiňi*+ we dünýäniň* soňuny haýsy alamatdan bilse bolar?»+ diýip soradylar.  Isa şeýle jogap berdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar+.  Sebäbi köpler meniň adymdan gelip: „Men Mesih“ diýip, köp adamlary aldarlar+.  Siz uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Seresap boluň, howsala düşäýmäň. Sebäbi şeýle zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir+.  Millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar+, käbir ýerlerde açlyk+ we ýertitremeler bolar+.  Emma olar betbagtçylygyň başlangyjydyr*.  Adamlar sizi yzarlarlar+ we öldürerler+, meniň şägirdim bolanyňyz üçin hemmeler sizi ýigrener+. 10  Şonda köp adamlar imandan däner, bir⁠-⁠birine dönüklik eder we bir⁠-⁠birini ýigrener. 11  Ençeme ýalan pygamberler döräp, köp adamlary aldarlar+. 12  Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köp adamlaryň söýgüsi sowar. 13  Emma soňuna çenli çydan halas bolar+. 14  Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler*+, soňra dünýäniň soňy geler. 15  Danyýar pygamberiň aýdan weýrançylyk getirýän ýigrenji zadynyň mukaddes ýerde durandygyny göreniňizde+ (muny okaýan düşünjek bolsun), 16  Ýahudadakylar daglara gaçsyn+. 17  Şonda jaýyň üçegindäki adam zatlaryny almak üçin öýüne girmesin. 18  Mellekdäki daýhan donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 19  Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallaryň dat gününe! 20  Gaçmaly günüňiz gyş ýa⁠-⁠da Sabat güni* bolmaz ýaly doga ediň. 21  Şonda şeýle bir uly betbagtçylyk bolar+, ol dünýä döräli bäri şu güne çenli ne bolandyr, ne⁠-⁠de bolar+. 22  Eger şol günler gysgaldylmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlaryň hatyrasyna ol günler gysgaldylar+. 23  Size „Serediň, Mesih bärde!“+ ýa⁠-⁠da „Ol ýerde!“ diýseler ynanmaň+. 24  Sebäbi ýalan Mesihler we ýalan pygamberler dörär+. Olar saýlananlary⁠-⁠da aldamak üçin uly alamatlar we gudratlar görkezerler+. 25  Men size öňünden duýdurýaryn. 26  Şonuň üçin biri: „Ol çölde“ diýse, çöle gitmäň. Ýa⁠-⁠da: „Ol öýde“ diýse ynanmaň+. 27  Sebäbi gündogarda ýyldyrym çaksa, ýagtylygy günbatarda görünýär. Ynsan oglunyň gelşi⁠-⁠de* şeýle bolar+. 28  Maslyk* nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer+. 29  Şol günlerdäki betbagtçylygyň yzyýany Günüň ýüzi garalar+, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar we asman jisimleri* titrär+. 30  Soňra gökden Ynsan oglunyň alamaty görner we ýer ýüzündäki ähli halklar* hasrat çekip, gursagyna urarlar+. Olar Ynsan oglunyň+ asman bulutlarynyň içinden güýç we uly şöhrat bilen gelýänini görerler+. 31  Ol güýçli surnaý sesi bilen perişdelerini iberer. Perişdeler ýeriň dört künjeginden*, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar+. 32  Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz+. 33  Şonuň ýaly siz hem şu zatlary göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdadygyny, gapynyň agzynda durandygyny biliň+. 34  Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, ählisi berjaý bolar. 35  Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim ebedi galar+. 36  Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler⁠-⁠de, Ogul⁠-⁠da bilýän däldir, diňe Ata bilýändir+. 37  Nuhuň günleri nähili bolan bolsa+, Ynsan ogly gelende⁠-⁠de* şeýle bolar+. 38  Tupandan öň, Nuhuň gämä giren gününe çenli+ adamlar iýip⁠-⁠içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39  Tupan turup, adamlaryň ählisini ýok edýänçä+, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan ogly gelende⁠-⁠de* şeýle bolar. 40  Şonda mellekdäki iki daýhanyň biri alnar, beýlekisi galar. 41  Degirmende galla üwäp oturan iki aýalyň biri alnar, beýlekisi galar+. 42  Oýa boluň, sebäbi Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz+. 43  Bilip goýuň, adam ogrynyň haçan* geljekdigini bilse+, oýa bolardy, öýüni talatmazdy+. 44  Siz hem taýýar boluň+, sebäbi Ynsan ogly garaşmaýan wagtyňyz geler. 45  Hojaýynyň öýdäki hyzmatkärlerine wagtly⁠-⁠wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin bellän wepaly hem paýhasly hyzmatkäri kim?+ 46  Hojaýyn gelip, hyzmatkäriň işläp ýörenini görse, hyzmatkäriniň begenjiniň çägi bolmaz+. 47  Size hakykaty aýdýaryn, hojaýyn oňa ähli emlägini ynanar. 48  Zalym gul bolsa içinden: „Hojaýyn gijä galýar“+ diýip, 49  ýoldaşlaryny ursa, arakhorlar bilen iýip içse, 50  hojaýyn onuň garaşmaýan güni we pikir etmeýän wagty geler+. 51  Şonda ol guluna agyr jeza berip, ikiýüzlüleriň arasyna taşlar. Ol gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar»+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: burgularyň başlangyjydyr.
Sözme⁠-⁠söz: şaýatlyk ediler.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa⁠-⁠da: Jeset.
Sözme⁠-⁠söz: gögüň güýçleri.
Sözme⁠-⁠söz: taýpalar.
Sözme⁠-⁠söz: ýelinden.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa⁠-⁠da: gijäniň haýsy wagty.