Ýewreýler 13:1—25

  • Öwüt⁠-⁠nesihat we hoşlaşyk sözleri (1—25)

    • Myhmansöýer boluň (2)

    • Maşgala ojagyna hormat goýuň (4)

    • Ýolbaşçy doganlara gulak asyň we tabyn boluň (7, 17)

    • Öwgi gurbanlary (15, 16)

13  Mundan beýläk⁠-⁠de araňyzda doganlyk söýgüsi bolsun+.  Myhmansöýer bolmagy* unutmaň+, sebäbi käbirleri özleri⁠-⁠de bilmän perişdeleri myhman aldylar+.  Tussagdakylary unutmaň+, olary edil özüňiz tussaglykda oturan ýaly ýatlaň+. Görgi görýänler bilen bile görgi görýän ýaly boluň.  Goý, hemmeler maşgala ojagyna* hormat goýsun, är⁠-⁠aýal bir⁠-⁠birine ikilik etmesin*+, sebäbi Hudaý ahlaksyzlyk* we zyna edýänleri höküm eder+.  Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň+, bar zadyňyza kaýyl boluň+, sebäbi Hudaý: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn»+ diýendir.  Şonuň üçin biz ynam bilen: «Ýehowa* meniň kömekçim, men gorkmaryn. Ynsan maňa näme edip biler?»+ diýýäris.  Hudaýyň sözüni öwredip, araňyzda ýolbaşçylyk edýän doganlary unutmaň+. Olaryň ýaşaýşy hakda oýlanyp, imanyndan görelde alyň+.  Isa Mesih düýn hem, şu gün hem, ebedilik hem şoldur, üýtgeýän däldir.  Her hili üýtgeşik taglymatlaryň täsirine düşüp, ýoldan azaşmaň. Ýüregiňizi iýip⁠-⁠içmek* bilen däl⁠-⁠de, Hudaýyň ýagşylygy bilen berkidiň, sebäbi iýip⁠-⁠içmegi wajyp hasaplaýanlar peýda görýän däldir+. 10  Biziň gurbanlyk ojagymyz* bar, ýöne çadyrda mukaddes gullugy berjaý edýänleriň ondaky zatlardan iýmäge haky ýok+. 11  Baş ruhany günäler üçin berlen malyň ganyny alyp, iň mukaddes otaga girýärdi. Soňra gurbanlyk getirilen mal düşelgäniň daşynda ýakylýardy+. 12  Isa hem gany bilen adamlary mukaddes etmek üçin+ şäheriň daşynda görgi görüpdi+. 13  Geliň, biz hem düşelgeden çykyp, Isanyň yzyna düşeliň we onuňky ýaly masgaraçylyga döz geleliň+. 14  Sebäbi ýer ýüzünde biziň hemişelik şäherimiz ýokdur. Şonuň üçin geljekki şähere ýürekden garaşalyň+. 15  Geliň, Isa arkaly Hudaýa elmydama öwgi gurbanlaryny bereliň+, ýagny onuň adyny hemmelere dilimiz bilen+ wagyz edeliň+. 16  Galyberse⁠-⁠de, ýagşylyk etmegi we başgalar bilen zadyňyzy paýlaşmagy unutmaň+, sebäbi Hudaý şeýle sadakalary halaýandyr+. 17  Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň+ we tabyn boluň+. Olar gije⁠-⁠gündiz aladaňyzy edýärler, sebäbi munuň üçin Hudaýyň öňünde hasabat bererler+. Olara borjuny ahy⁠-⁠nala bilen däl⁠-⁠de, şatlyk bilen ýerine ýetirmäge kömek ediň, ýogsam size zyýan ýeter. 18  Biziň üçin elmydama doga ediň, sebäbi biz ynsabymyzy arassa saklamak üçin ähli zatda dogruçyl bolmak isleýäris+. 19  Esasan⁠-⁠da, ýanyňyza tizräk barmagym üçin doga ediň. 20  Goý, gany arkaly ebedilik ähti tassyklan we goýunlaryň beýik çopany+ Halypamyz Isany ölümden direlden parahatlyk Hudaýy 21  islegini berjaý etmegiňiz üçin ähli gerek zatlaryňyzy bersin. Ol sizi Isa Mesih arkaly özüne ýaraýan zatlary etmäge höweslendirýär. Goý, Hudaýa baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn! 22  Doganlar, indi bolsa sabyrly bolup, gysgajyk hatymda ýazan öwüt⁠-⁠nesihatyma* gulak asyň. 23  Men Timoteos doganyň azat bolandygyny habar berýärin. Eger ol tizden ýanyma gelse, sizi görmäge bararys. 24  Size ýolbaşçylyk edýänlere we mukaddeslere salam aýdyň. Italiýadaky+ doganlar hem size salam aýdýarlar. 25  Goý, Hudaý ähliňize ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Nätanyş adamy söýmegi.
Ýa⁠-⁠da: nika.
Ýa⁠-⁠da: düşek günä bilen hapalanmasyn.
Sözlüge serediň.
Iýmit bilen bagly düzgünler göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ruhlandyryjy sözüme.