Ýahýa 4:1—54

  • Isa bilen samariýaly aýal (1—38)

    • Hudaýa «ruhda we hakykatda» sežde etmek (23, 24)

  • Samariýalylar Isa iman edýär (39—42)

  • Isa emeldaryň ogluny sagaldýar (43—54)

4  Fariseýler Isanyň Ýahýadanam köp adamlary suwa çümdürip+, şägirdi edendigini eşitdiler. Halypamyz muny bilip,  (aslynda, Isanyň özi däl, şägirtleri suwa çümdürýärdi),  Ýahudadan gaýdyp, ýene Jelilä gitdi.  Emma ol Samariýanyň içinden geçmelidi.  Şeýlelikde, Isa Samariýanyň Sihar şäherine baryp ýetdi. Ol şäher Ýakubyň Ýusup ogluna beren melleginiň golaýynda ýerleşýärdi+.  Şol ýerde Ýakubyň guýusy bardy+. Isa ýadap, guýynyň başynda oturdy. Şol wagt günortan on iki töweregidi*.  Şonda samariýaly bir aýal suw almaga geldi. Isa: «Içmäge suw beräý» diýdi.  Şol wagt şägirtler iýere zat satyn almaga şähere gidipdiler.  Samariýaly aýal bolsa: «Sen ýehudy ahyry. Samariýaly aýaldan näme üçin suw soraýaň?» diýdi. Ýehudylar samariýalylar bilen gepleşmeýärdi+. 10  Isa: «Eger sen Hudaýyň berýän berekedini+ we „Içere suw beräý“ diýen adamyň kimdigini bilsediň, ondan özüň suw sorardyň. Ol hem saňa ýaşaýyş suwuny bererdi»+ diýdi. 11  Aýal: «Agam, guýy çuň, suw çekere bedräňem ýok. Ýaşaýyş suwuny nireden aljak? 12  Sen guýyny beren Ýakup atamyzdan hem ulumy? Şu guýudan Ýakubyň özi, ogullary we mal⁠-⁠garalary suw içipdi» diýdi. 13  Isa: «Guýynyň suwundan içen adam ýene⁠-⁠de suwsar. 14  Ýöne meniň berjek suwumdan içen adam hiç haçan suwsamaz+. Meniň berjek suwum adamyň içinde ebedi ýaşaýyş berýän çeşme deý bolar»+ diýdi. 15  Aýal: «Agam, hiç haçan suwsamaz ýaly, gaýdyp guýa suw almaga gelmez ýaly, suwuňdan maňa⁠-⁠da beräý» diýdi. 16  Isa aýala: «Bar, äriňi çagyr» diýdi. 17  Aýal: «Meniň ärim ýok» diýdi. Isa: «Sen ärim ýok diýip, dogry aýtdyň. 18  Seniň bäş äriň bardy, häzirki ýaşaşyp ýöreniň hem äriň däl. Sen dogryňy aýtdyň» diýdi. 19  Aýal: «Agam, sen pygamber ýaly⁠-⁠la!+ 20  Ata⁠-⁠babalarymyz şu dagda sežde edýärdiler, emma siz, ýehudylar, diňe Iýerusalimde sežde etmeli diýýärsiňiz»+ diýdi. 21  Isa: «Ynanaý, şeýle wagt geler, adamlar Hudaýa şu dagda⁠-⁠da, Iýerusalimde⁠-⁠de sežde etmezler. 22  Siz kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz+, biz bolsa bilýäris. Sebäbi ilki ýehudylar halas ediler+. 23  Hudaýa wepaly adamlaryň Ata ruhda we hakykatda sežde etjek wagty ýetip gelýär. Aslynda, şol wagt eýýäm geldi, Ata hem şeýle adamlary gözleýär+. 24  Hudaý ruhdur+, oňa sežde edýänler hem ruhda we hakykatda sežde etmelidir»+ diýdi. 25  Aýal: «Men Mesih* diýilýän bir adamyň geljekdigini bilýärin. Ol bize ähli zady açyk aýdar» diýdi. 26  Isa: «Şol men»+ diýdi. 27  Şägirtleri gelip, Isanyň aýal bilen gepleşip durandygyna geň galdylar. Ýöne hiç kim: «Aýaldan näme soradyň? Onuň bilen näme üçin gepleşip dursuň?» diýmäge milt edip bilmedi. 28  Aýal küýzesini taşlap, şähere gitdi⁠-⁠de, adamlara: 29  «Ýörüň, men hakda ähli zady aýdyp beren adamy görüň. Ol Mesih bolaýmasyn?» diýdi. 30  Adamlar hem şäherden gaýdyp, Isanyň ýanyna bardylar. 31  Şol wagt şägirtler: «Mugallym*+, iýip içsene!» diýip, gaýta⁠-⁠gaýta aýtdylar. 32  Isa: «Meniň iýere zadym bar, ýöne siz onuň nämedigini bilmeýärsiňiz» diýdi. 33  Şägirtleri biri⁠-⁠birine: «Biri iýere zat getirdimikä?» diýişdiler. 34  Isa şägirtlerine: «Meniň çöregim meni ibereniň islegini+ we tabşyrygyny soňuna çenli berjaý etmekdir+. 35  Siz hasyl ýygnamaga ýene dört aý bar diýýärsiňiz. Men size diýýärin, başyňyzy galdyryp, ekin meýdanyna serediň, hasyl eýýäm ýetişipdir+. 36  Orakçy iş hakyny alyp, ebedi ýaşaýyş üçin hasyl ýygnap ýör. Şonda eken hem, oran hem bile şatlanar+. 37  Sebäbi: „Biri ekýär, başga biri orýar“ diýen sözler dogrudyr. 38  Men sizi ekmedik zadyňyzy ormaga iberdim. Başgalar ekse⁠-⁠de, siz hem olaryň zähmetiniň hözirini görýärsiňiz» diýdi. 39  Şäherden gelen samariýalylaryň köpüsi Isa iman etdiler. Olar aýalyň: «Men hakda ähli zady aýdyp berdi»+ diýenine ynanyp gelipdiler. 40  Samariýalylar Isany myhmançylyga çagyrdylar, ol hem şäherde iki gün galdy. 41  Şonda köp adamlar Isanyň aýdanlaryna ynandylar. 42  Olar şol aýala: «Biz diňe seniň aýdanyň üçin ynanman, indi öz gulagymyz bilen eşidip, onuň dünýäniň halasgäridigine göz ýetirdik»+ diýdiler. 43  Iki günden soň, Isa Jelilä gitdi. 44  Emma Isa: «Dogduk mekanynda pygamberiň gadyry bilinmez»+ diýipdi. 45  Isa Jelilä gelende, adamlar mähirli garşy aldylar. Sebäbi olar Iýerusalime baýramçylyga+ baranlarynda, Isanyň eden gudratlaryny görüpdiler+. 46  Soňra Isa ýene⁠-⁠de Jeliläniň Kana şäherine geldi. Isa şol şäherde suwy şeraba öwrüpdi+. Şäherde patyşanyň emeldary bardy. Onuň ogly Kapernawumda agyr keselläp ýatyrdy. 47  Ol Isanyň Ýahudadan Jelilä gelendigini eşidende, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagy haýyş etmek üçin ýanyna bardy. 48  Isa: «Halk alamat we gudrat görmese, hiç haçan ynanmaz»+ diýdi. 49  Emeldar: «Agam, oglum ölmänkä geläý!» diýdi. 50  Isa: «Bar, sag⁠-⁠aman gaýt, ogluň sagaldy»+ diýdi. Ol Isa ynanyp, öýüne gaýtdy. 51  Ol ýolda barýarka, hyzmatkärleri öňünden çykyp, oglunyň sagalandygyny aýtdylar. 52  Ol hyzmatkärlerinden oglunyň näçede sagalandygyny sorady. Olar: «Düýn gündiz sagat bir töweregi* gyzgyny gaýtdy» diýdiler. 53  Şonda emeldar Isanyň: «Ogluň sagaldy»+ diýen wagty oglunyň sagalandygyna göz ýetirdi. Şeýlelikde, emeldar öý⁠-⁠içerisi bilen Isa iman etdi. 54  Şol gudrat Isanyň Ýahudadan Jelilä gelip görkezen ikinji gudratydy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: takmynan altynjy sagatdy.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Sözme⁠-⁠söz: ýedinji sagat.