Matta 28:1—20

  • Isanyň direlişi (1—10)

  • Esgerlere para berilýär (11—15)

  • Şägirt taýýarlamak tabşyrylýar (16—20)

28  Sabat güni* geçensoň, hepdäniň birinji güni* jahan ýagtylyp başlanda, magdalaly Merýem bilen beýleki Merýem mazara geldiler+.  Birdenkä güýçli ýer titredi, Ýehowanyň* perişdesi gökden ýere indi. Ol mazaryň agzyndaky daşy aýryp, üstünde oturdy+.  Perişde ýyldyrym kimin ýagty saçýardy, egin⁠-⁠eşigi bolsa gar ýaly akdy+.  Şonda garawullaryň gorkudan ýaňa ýüregi ýarylyp, doňup galdylar.  Perişde aýallara: «Gorkmaň, men siziň pürse çüýlenen Isany gözleýändigiňizi bilýärin+.  Isa bärde däl. Ol aýdyşy ýaly direldi+. Geliň, ýatan ýerini görüň.  Soňra bolsa çaltrak gidiň⁠-⁠de, şägirtlerine direlendigini aýdyň. Ol sizden öň Jelilä barar+, şonda görşersiňiz. Aýdanlarymy unutmaň»+ diýdi.  Aýallar şol bada mazardan gaýtdylar. Olar gorksalar⁠-⁠da, ýürekden şatlanýardylar. Aýallar şägirtlere bolan zatlary aýtmak üçin ylgap gitdiler+.  Olara ýolda Isa duşup: «Salam!» diýdi. Aýallar onuň aýagyna ýykylyp, tagzym etdiler. 10  Soňra Isa: «Gorkmaň! Baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä barsynlar. Olar bilen şol ýerde görşerin» diýdi. 11  Aýallar heniz ýoldaka, garawullaryň+ birnäçesi şähere baryp, uly ruhanylara ähli zady gürrüň berdiler. 12  Şonda uly ruhanylar ýaşulular bilen maslahatlaşdylar we esgerlere köp kümüş teňňe berip, 13  halka şeýle diýmegi tabşyrdylar: «„Uklap ýatyrkak, gije şägirtler gelip, jesedi ogurlapdyrlar“+ diýiň. 14  Alada etmäň, eger muny hökümdar eşitse, ähli zady özümiz düşündireris». 15  Olar kümüş teňňeleri alyp, aýdylyşy ýaly etdiler. Esgerleriň gürrüň beren wakasy ýaýrap, häzire çenli ýehudylaryň arasynda aýdylýar. 16  On bir şägirdi Isa bilen görüşmek üçin+ Jelilä baryp+, aýdan dagyna çykdylar. 17  Şägirtleri Isany görüp, tagzym etdiler. Ýöne käbirleri onuň Isadygyna şübhelendiler. 18  Isa şägirtleriniň ýanyna gelip: «Gökde we ýerde ähli ygtyýar maňa berildi+. 19  Şonuň üçin gidiň⁠-⁠de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň+. Olary Ata, Ogul we mukaddes ruhuň ady bilen suwa çümdüriň+. 20  Olara ähli tabşyryklarymy berjaý etmegi öwrediň+. Men dünýäniň* soňuna çenli siziň bilen bolaryn»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanýardy.
Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.