Birinji Musa 1:1—31

  • Gögüň we ýeriň ýaradylyşy (1, 2)

  • Ýer ýüzi alty günde ýaradylýar (3—31)

    • 1⁠-⁠nji gün: ýagtylyk we gije⁠-⁠gündiz (3—5)

    • 2⁠-⁠nji gün: boşluk peýda bolýar (6—8)

    • 3⁠-⁠nji gün: gury ýer we ösümlikler (9—13)

    • 4⁠-⁠nji gün: asmandaky şamçyraglar (14—19)

    • 5⁠-⁠nji gün: balyklar we guşlar (20—23)

    • 6⁠-⁠njy gün: haýwanlar we adamlar (24—31)

1  Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy+.  Ýer ýüzi şekilsiz we boşdy, çaýkanyp ýatan* suwuň ýüzi+ tüm⁠-⁠garaňkylykdy, Hudaýyň mukaddes ruhy*+ suwuň ýüzünde+ eýläk⁠-⁠beýläk aýlanýardy.  Hudaý: «Goý, ýagtylyk bolsun» diýdi. Şeýdip, ýagtylyk peýda boldy+.  Hudaý ýagtylygy halady we ony garaňkylykdan aýyrdy.  Hudaý ýagtylygy gündiz, garaňkylygy bolsa gije+ diýip atlandyrdy. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, birinji gün geçdi.  Soňra Hudaý: «Goý, suwlaryň arasynda boşluk+ peýda bolsun we suwlar biri⁠-⁠birinden bölünsin»+ diýdi.  Şeýle hem boldy. Hudaý boşlugy döredip, onuň aşagyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy+.  Hudaý boşlugy asman diýip atlandyrdy. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, ikinji gün geçdi.  Hudaý: «Goý, asmanyň astyndaky suw bir ýere ýygnanyp, gury ýer görünsin»+ diýdi. Şeýle hem boldy. 10  Hudaý oňa ýer+, ýygnanan suwa deňiz*+ diýdi. Hudaý muny halady+. 11  Soňra Hudaý: «Goý, ýer ýüzünde gök ot, her hili* däneli ösümlikler we miweli agaçlar* gögersin» diýdi. Şeýle hem boldy. 12  Ýer ýüzünde her hili* otlar, däneli ösümlikler+ we miweli agaçlar gögerip başlady. Hudaý muny halady. 13  Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, üçünji gün geçdi. 14  Hudaý: «Gündizi gijeden tapawutlandyrmak üçin+, asmanda* şamçyraglar+ peýda bolsun. Olar pasyllary, günleri we ýyllary+ görkezsin. 15  Şamçyraglar asmandan ýer ýüzüne ýagty saçsyn» diýdi. Şeýle hem boldy. 16  Soňra Hudaý iki sany uly şamçyrag döretdi. Olaryň ulusy gündiz ýagty saçmalydy*+, kiçisi bolsa gije ýagty saçmalydy*. Ol ýyldyzlary+ hem döretdi. 17  Hudaý olary ýer ýüzüne ýagtylyk bersin diýip asmanda goýdy. 18  Hudaý şamçyraglary gündizine we gijesine şöhle saçmaklary* üçin, ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin+ döretdi. Hudaý muny halady. 19  Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, dördünji gün geçdi. 20  Soňra Hudaý: «Goý, suwlar janly⁠-⁠jandarlardan dolsun, zeminiň üstünde, al⁠-⁠asmanda ganatly jandarlar uçsun»+ diýdi. 21  Hudaý ägirt uly deňiz jandarlaryny, suwda ýüzýän her dürli* janly⁠-⁠jandarlary we her hili ganatly jandarlary ýaratdy. Hudaý muny halady. 22  Hudaý olara ak pata berip: «Köpelip, sanyňyzy artdyryň, deňizleri dolduryň+. Goý, ýer ýüzünde ganatly jandarlaram köpelsin» diýdi. 23  Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, bäşinji gün geçdi. 24  Hudaý: «Goý, ýer ýüzünde her dürli* janly⁠-⁠jandarlar, öý haýwanlar, süýrenijiler* we ýabany haýwanlar döresin»+ diýdi. Şeýle hem boldy. 25  Hudaý ýer ýüzünde her dürli* ýabany haýwanlary, öý haýwanlary, süýrenijileri döretdi. Hudaý muny halady. 26  Soňra Hudaý: «Gel, öz keşbimizde+, özümize meňzeş+ ynsan ýaradaly. Goý, olar deňizdäki balyklara, asmanda uçýan jandarlara, öý haýwanlaryna, süýrenijilere, bütin ýer ýüzüne eýeçilik etsinler»+ diýdi. 27  Şeýdip, Hudaý öz keşbinde, özüne meňzeş edip ynsan ýaratdy. Hudaý olary erkek hem aýal edip ýaratdy+. 28  Hudaý olara ak pata berip: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň+ we eýeçilik ediň+. Deňizdäki balyklara, asmanda uçýan jandarlara, ýer ýüzündäki ähli janly⁠-⁠jandarlara gözegçilik ediň»+ diýdi. 29  Soňra Hudaý: «Bütin ýer ýüzündäki her dürli däneli ösümlikleri we miweli agaçlary size berýärin, olardan iýiň+. 30  Ýerdäki ýabany haýwanlara, asmanda uçýan jandarlara, ýer ýüzünde ýaşaýan janly⁠-⁠jandarlara bolsa gök otlary iýmit edip berýärin»+ diýdi. Şeýle hem boldy. 31  Şondan soň Hudaý ýaradan zatlaryna göz aýlady. Görse, ähli zat juda gowy+. Agşam düşdi, daň atdy. Şeýdip, altynjy gün geçdi.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: çuň; düýpsüz.
Ýa⁠-⁠da: hereketdäki güýji.
Derýalar, köller hem göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: öz görnüşine görä.
Sözme⁠-⁠söz: içinde tohumy bolan miweli agaçlar.
Sözme⁠-⁠söz: öz görnüşine görä.
Sözme⁠-⁠söz: asman giňişliginde.
Ýa⁠-⁠da: gündizi dolandyrmalydy.
Ýa⁠-⁠da: gijäni dolandyrmalydy.
Ýa⁠-⁠da: gündizi we gijäni dolandyrmaklary.
Ýa⁠-⁠da: jynsyna görä. Sözme⁠-⁠söz: öz görnüşine görä.
Ýa⁠-⁠da: jynsyna görä. Sözme⁠-⁠söz: öz görnüşine görä.
Gemrijiler, mör⁠-⁠möjekler hem göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: jynsyna görä. Sözme⁠-⁠söz: öz görnüşine görä.