Nakyllar 8:1—36

  • Akyldarlyk çagyrýar (1—36)

    • Birinji ýaradyldym (22)

    • Ökde ussa kimin ýanyndadym (30)

    • Adam ogullary göwnümi göterýär (31)

8  Akyldarlyk çagyrýar, Parasat* batly gygyrýar+.   Ol ýoluň ugrundaky depelerde+,Çatryklarda durýar.   Şäher derwezelerinde,Gapylarynyň öňünde,Şeýle jar çekýär+:   «Eý halaýyk, size diýýärin,Her biriňize ýüzlenýärin!   Eý sadalar*, ätiýaçly boluň!+Eý akylsyzlar, düşünjäňizi artdyryň!   Diňläň, sözlerim wajypdyr,Aýdýanlarym hakdyr.   Dilim ýuwaşjadan hakykaty aýdýar,Dodaklarym erbet sözleri ýigrenýär.   Agzymdan çykýan sözler hakdyr, Ýalan, hileli sözleri dilime almaýaryn.   Parasatly* adamlar sözlerime düşünýär,Bilimli adamlar aýdanlarymy makullaýar. 10  Kümşe derek, terbiýe al,Sap altyna derek, bilim al+. 11  Akyldarlyk merjenden* gymmatlydyr,Dünýä maly oňa taý gelmez. 12  Men — akyldarlyk, hüşgärlik* — dostum*;Men bilimli we akylly* boldum+. 13  Ýehowadan gorkýan ýamanlygy ýigrenýär+. Men gopbamsylygy, tekepbirligi+,Zalym işleri we ýalan dili ýigrenýärin+. 14  Peýdaly maslahat, akyldarlyk+,Düşünje+ we gudrat+ mendedir. 15  Patyşalar meniň saýamda hökümdarlyk edýär,Wezirler adalatly kanun çykarýar+. 16  Serdarlar meniň saýamda baştutanlyk edýär,Töre⁠-⁠begler adalatly höküm çykarýar. 17  Meni söýenleri menem söýýärin,Meni agtarýanlar meni taparlar+. 18  Baýlyk we şan⁠-⁠şöhrat,Genji⁠-⁠hazyna we adalatlylyk meniň elimdedir. 19  Meniň berjek sylagym altyndan, sap altyndan gowudyr,Berjek serpaýym arassa kümüşden gymmatlydyr+. 20  Men hakykat ýolundan ýöreýärin,Adalat ýodasynyň ortasyndan barýaryn. 21  Meni söýýänlere genji⁠-⁠hazyna miras berýärin,Olaryň ammarlaryny doldurýaryn. 22  Men Ýehowanyň ýaradanlarynyň birinjisi+,Gadymky eserleriniň ilkinjisi+. 23  Ol meni gadym döwürde beýgeltdi+,Ýer ýaradylmanka, başlangyçdan bäri bardyryn+. 24  Giň ummanlar peýda bolmanka+,Joşup akýan çeşme⁠-⁠çaýlar döremänkä ýaradyldym. 25  Men daglaryň düýbi tutulmanka,Depeler peýda bolmanka doguldym. 26  Ol ýeri we düzleri ýaratmanka,Ýeriň ilkinji topragyny döretmänkä dünýä indim. 27  Ol gökleri taýýarlanda+,Asman bilen deňziň arasyna çäk goýanda+,Men onuň ýanyndadym. 28  Asmany bulutlar bilen bezände,Ummany suwdan dolduranda, 29  Suwlar dolup⁠-⁠daşmasyn diýip,Deňze serhet goýanda+, Ýeriň düýplerini tutanda, 30  Ökde ussa kimin onuň ýanyndadym+.Her gün onuň guwanjydym+,Hemişe huzurynda şatlanardym+. 31  Ýer ýüzüne seredip begenerdim,Adam ogullaryny görüp, göwnüm has⁠-⁠da göterilerdi. 32  Ogullarym, meni diňläň,Ýolumdan ýöräň, şonda bagtly bolarsyňyz. 33  Terbiýämi kabul edip+, paýhasly boluň,Oňa hiç haçan sowuk⁠-⁠sala garamaň. 34  Sözlerimi diňleýän adam bagtly.Ol säher bilen gapyma gelýär,Öýümiň bosagasynda garaşýar. 35  Meni tapan adam ýaşaýşy tapar+,Ýehowa ondan razy bolar. 36  Meni agtarmaýan adam durmuşyna awy gatar,Meni ýigrenýänler ölüm penjesine düşer»+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyby.
Ýa⁠-⁠da: tejribesizler; ynanjaňlar.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ätiýaçlyk.
Sözme⁠-⁠söz: hüşgärlik bilen ýaşaýaryn.
Sözme⁠-⁠söz: pikirleniş ukyply.