Nakyllar 3:1—35

  • Akylly bol, Ýehowa bil bagla (1—12)

    • Ýehowany syla we mal⁠-⁠mülküňden sadaka ber (9)

  • Akyldarlyk bagtly edýär (13—18)

  • Akyldarlyk goraýar (19—26)

  • Dogruçyl bol (27—35)

    • Eliňden gelse, ýagşylyk et (27)

3  Oglum, öwüt⁠-⁠ündewimi* unutma,Tabşyryklarymy ýürekden berjaý et.   Şonda uzak ömür sürersiň,Parahatlykda ýaşarsyň+.   Wepadarlyk* we dogruçyllyk* hemraň bolsun+. Olary ýüregiňe ýaz+, monjuk kimin boýnuňa dak.   Şonda Hudaýyň we adamlaryň öňünde ýagşy adyň bolar+,Düşünjeli adam hökmünde tanalarsyň.   Ýehowa bütin ýüregiň bilen bil bagla+,Düşünjäňe daýanma+.   Her ädimiňde Hudaýdan maslahat sora+,Şonda ähli işleriňde* üstünlik gazanarsyň+.   Özüňe akyllydyryn öýtme+. Ýehowadan gork, erbetlikden gaça dur.   Akyldarlyk bedeniňe melhem bolar,Süňkleriň kuwwatlanar.   Ýehowany sylap, mal⁠-⁠mülküňden+,Ilkinji* hasylyňdan sadaka ber+. 10  Şonda ammarlaryň dolup daşar+,Küýzeleriň täze şerapdan püre⁠-⁠pür bolar. 11  Oglum, Ýehowanyň terbiýesinden boýun gaçyrma+,Käýinjini ýigrenme+. 12  Ata gowy görýän ogluny terbiýeleýär+,Ýehowa⁠-⁠da söýýänine temmi berýär+. 13  Akyldarlygy gözläp tapan+,Parasatly bolmagy* öwrenen bagtlydyr. 14  Akyldar bolmak kümüş gazanmakdan gowudyr,Altyndan hem köp peýda berýändir+. 15  Ol merjenden has gymmatly,Hiç bir arzyly zat oňa taý gelmez. 16  Onuň sag elinde uzak ömür,Çep elinde şöhrat we baýlyk bardyr. 17  Onuň ýollaryndan ýöreýän ynsan bagtlydyr,Ýodalaryna gadam basýan parahatlykda ýaşaýar+. 18  Akyldarlyk ýaşaýyş daragtydyr,Oňa ýapyşanlar uzak ýaşar we bagtly bolar+. 19  Ýehowa ýeri akyldarlyk bilen+, Gökleri parasatlylyk* bilen berkitdi+. 20  Alla bilimi bilen suwlary böldi,Bulutlardan ýagyş ýagdyrdy+. 21  Oglum, olary* unutma. Akyldarlyga ýapyş, akylyňy* ýitirme. 22  Olar seniň ömrüňi uzaldar,Boýnuňa monjuk bolar. 23  Şonda asuda ýaşarsyň,Hiç haçan aýagyň taýmaz+. 24  Ýatanyňda gorkmarsyň+,Düşegiňde süýji uka gidersiň+. 25  Erbetleriň başyna inýän heläkçilikden+,Duýdansyz gelýän betbagtçylykdan gorkmarsyň+. 26  Sebäbi Ýehowa seniň daýanjyň bolar+,Seni* duzakdan gorar+. 27  Eliňden gelse,Mätäç adamlara ýagşylyk et+. 28  Ýagdaýyň barka, Goňşyňa: «Ertir gel, şonda bererin» diýme. 29  Agzybir ýaşaýan goňşyňaDuzak gurma+. 30  Ýamanlyk etmedik adam bilen+Ýersiz⁠-⁠ýere dawalaşma+. 31  Zalym adama göriplik etme+,Onuň ýollaryndan ýöreme. 32  Sebäbi Ýehowa mekirleri ýigrenýär+,Dogruçyllar bolsa onuň dostudyr+. 33  Erbediň öýüne Ýehowanyň näleti siňer+,Dogruçyla bolsa bereket berer+. 34  Ol ýaňsylaýjylary kemsidýär+,Ýumşak adamlara ýagşylyk edýär+. 35  Paýhasly adam at⁠-⁠abraýa eýe bolýar,Akmak bolsa masgara bolýar*+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: kanunymy.
Ýa⁠-⁠da: Wepaly söýgi.
Ýa⁠-⁠da: hakykat.
Ýa⁠-⁠da: durmuşda.
Ýa⁠-⁠da: Iň gowy.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukybyny.
Sözme⁠-⁠söz: saýgarma ukyby.
Ýokarky aýatlarda aýdylýan Hudaýyň häsiýetleri göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: pikirleniş ukybyňy.
Sözme⁠-⁠söz: Aýagyňy.
Ýa⁠-⁠da: haýasyz işlerine buýsanýar.