Nakyllar 10:1—32

  • Akylly ogul atasynyň guwanjy (1)

  • Işeňňir gollar baý edýär (4)

  • Köp gepleýän köp ýalňyşýar (19)

  • Ýehowanyň berekedi baý edýär (22)

  • Ýehowadan gorkýan uzak ömür sürer (27)

10  Süleýmanyň nakyllary+. Akylly ogul atasynyň guwanjydyr+,Akmak enesiniň gözýaşydyr.   Haram gazançdan peýda ýokdur,Dogruçyllyk ölüm penjesinden halas edýär+.   Ýehowa dogruçyly aç goýmaz+,Erbetleriň isleg⁠-⁠arzuwyny berjaý etmez.   Ýalta eller garyp düşürýär+,Işeňňir gollar baý edýär+.   Tomsuna orak orýan ogul düşünjelidir,Hasyl döwri ýatýan ogul bolsa masgara bolýar+.   Dogruçyl adamyň başyna bereket ýagýar+,Betpäl süýji sözläp, niýetini gizleýär.   Dogruçylyň ady ýagşylykda ýatlanar+,Erbediň ady hemişelik unudylar+.   Akylly adam maslahaty* diňlär+,Boş gepleýän aýak astyna düşer+.   Wepaly* arkaýyn ýaşar+,Hilegäriň aýyby açylar+. 10  Gam⁠-⁠gussanyň başy — gözüni gypýan kişi+.Aýak astyna düşer, boş gepleýän kişi+. 11  Dogruçyl adamyň dili ýaşaýyş çeşmesidir+,Betpäl süýji sözläp, niýetini gizleýändir+. 12  Ýigrenç dawa⁠-⁠jenjel turuzýar,Söýgi ähli günäleri bagyşlaýar*+. 13  Parasatly* adam akylly sözleýär+,Düşünjesiziň arkasyndan taýak aýrylmaýar+. 14  Akyldar bilimini artdyrýar+,Akmak öz dilinden bela galýar+. 15  Baýyň mal⁠-⁠mülki gorag berýär, Garyplyk adamyň bilini iki bükýär+. 16  Dogruçyl zähmet çekip, ýaşaýşa gowuşýar,Erbet gazanjyny günäli işlere sowurýar+. 17  Terbiýäni alýan adam başgalary ýaşaýyş ýoluna eltýär*,Käýinje gulak asmaýan bolsa ýoldan çykarýar. 18  Ýigrenjini ýaşyrýan ýalan sözleýär+,Töhmet atýan akmakdyr. 19  Köp gepleýän köp ýalňyşýar+,Dilini dişleýän paýhaslydyr+. 20  Dogruçylyň dili arassa kümüş kimindir+,Erbediň oý⁠-⁠pikirleri dereksizdir. 21  Dogruçylyň dili köpleriň göwnüni göterýär*+,Akylsyz akmaklygy sebäpli pida bolýar+. 22  Ýehowanyň berekedi baý edýär+,Üstüne dert⁠-⁠alada goşmaýar. 23  Akmak üçin haýasyz işler oýun ýalydyr,Akyldarlyk parasatly* adamda bolýar+. 24  Erbediň gorkany başyna geler,Dogruçylyň arzuwy hasyl bolar+. 25  Apy⁠-⁠tupan turar, erbet ýok bolar+,Dogruçyl adam düýbi berk tutulan jaý kimindir+. 26  Diş sirkeden*, göz tüsseden,Hojaýyn ýalta gulundan dert çeker. 27  Ýehowadan gorkýan uzak ömür sürer+,Erbediň ömri gysgalar+. 28  Dogruçylyň umydy şatlyk getirýär+,Erbediň umydy puç bolýar+. 29  Ýehowanyň ýoly wepadarlary* goraýar+,Zalymlar bolsa onda heläk bolýar+. 30  Dogruçyl asla ýykylmaz+,Erbet ýer ýüzünde kök urmaz+. 31  Dogruçylyň dili akyldarlyk çeşmesidir,Erbediň dili bolsa kesilip taşlanar. 32  Dogruçylyň dilinden süýji sözler çykýar,Erbediň dili bolsa zäher pürkýär.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: görkezmäni. Sözme⁠-⁠söz: tabşyrygy.
Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz gezýän.
Sözme⁠-⁠söz: günäleriň üstüni örtýär.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyply.
Başga manysy: ýaşaýyş ýolundadyr.
Ýa⁠-⁠da: köplere görkezme berýär.
Sözme⁠-⁠söz: saýgarma ukyply.
Miwe turşadylyp alynýan içgi göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyzlary.