Nesihat 5:1—20

  • Hak Hudaýdan gorkmak (1—7)

  • Häkimiň hem baştutany bar (8, 9)

  • Mal⁠-⁠mülk biderekdir (10—20)

    • Baýlygy söýýän gazançdan doýmaz (10)

    • Hyzmatkäriň süýji ukusy (12)

5  Hak Hudaýyň öýünde özüňi edepli alyp bar*+. Ol ýere akmaklar ýaly gurbanlyk bermek+ üçin däl⁠-⁠de, ünsli diňlemäge+ bar. Olar edýän işleriniň erbetdigine düşünýän däldir.  Hak Hudaýyň huzurynda geplemäge howlukma, oýlanman gepleme+. Hak Hudaý gökdedir, sen bolsa ýerdesiň, şonuň üçin köp gepleme+.  Gaýgy⁠-⁠aladasy köp adam düýş görýändir+, köp gepleýän ýaňra hem akylsyz zatlary aýdýandyr+.  Hudaýa wada berseň, gijikdirmän ýerine ýetir+, sebäbi ol akylsyzlary halaýan däldir+. Beren wadaňy berjaý et+.  Wada berip, berjaý etmäniňden, wada bermedigiň has gowudyr+.  Diliň bilen günä etme+. Allanyň perişdesiniň* öňünde: «Ýalňyşyp wada beripdirin» diýme+. Hak Hudaý beren sözüňe gaharlanyp, elleriň işini ýok edäýmesin+.  Gaýgy⁠-⁠aladadan ýaňa adamyň düýş görşi* ýaly+, ýaňra hem boş sözleri aýdýandyr. Ýöne sen hak Hudaýdan gork+.  Ýurtda garyp⁠-⁠gasarlar ezilse, adalat we dogruçyllyk ýok bolsa, geň galma+. Sebäbi her häkimiň özünden ýokary baştutany bardyr, olaryň hem üstünden seredýän baştutanlar bardyr.  Olar ýeriň hasylyny öz aralarynda paýlaşýar, hatda patyşanyň saçagyndaky näz⁠-⁠nygmatlar ekin meýdanyndan gelýär+. 10  Kümşi söýýän kümüşden, baýlygy söýýän gazançdan doýmaz+. Bu⁠-⁠da biderek+. 11  Mal⁠-⁠mülküň artsa, ondan peýdalanjaklar hem köpelýär+. Baý adam mal⁠-⁠mülküne guwanmakdan başga näme etsin?+ 12  Hyzmatkär az iýse⁠-⁠de, köp iýse⁠-⁠de, süýji uka gidýär. Emma baýyň mal⁠-⁠mülki ukudan goýýar. 13  Gök* astynda bir aýylganç ýagdaýy gördüm: baýlyk eýesine zyýan ýetirýär. 14  Adam bolgusyz işe baş goşup, baýlygyny ýitirýär. Ogly dünýä inende, goýara mirasy bolmaýar+. 15  Adam ýalaňaç dünýä inýär, ýalaňaç⁠-⁠da dünýäden ötýär+. Ol zähmet çekip, gazanan zadyny özi bilen äkidip bilmeýär+. 16  Ýene bir aýylganç ýagdaýy gördüm: adam dünýä nähili gelen bolsa, şeýle⁠-⁠de gider. Agyr zähmet çekip, şemaly kowalamakdan ne peýda?+ 17  Ol iýen çöreginiň tagamyny bilmez, ömürboýy çöregini gaýgy⁠-⁠hasrat, hassalyk we gahar⁠-⁠gazap bilen iýer+. 18  Gowy we peýdaly zadyň nämedigine düşündim: hak Hudaýyň beren gysga ömrüniň içinde adam iýip içmeli+, gök astynda çeken zähmetiniň hözirini görmeli. Bu⁠-⁠da Allanyň berenidir*+. 19  Hak Hudaý adama baýlyk we mal⁠-⁠mülk berse, olary hezil edip ulanmaga ukybam berse+, ol adam çeken zähmetiniň hözirini görsün hem begenip işlesin. Bu⁠-⁠da Allanyň berenidir*+. 20  Adam ömrüniň nädip geçenini bilmän galýar, sebäbi hak Hudaý hemişe onuň ýüregini şatlykdan doldurýar+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: ädimleriňe dykgatly bol.
Ýa⁠-⁠da: habarçysynyň.
Ýa⁠-⁠da: arzuw edişi.
Sözme⁠-⁠söz: Gün.
Sözme⁠-⁠söz: sowgadydyr.
Sözme⁠-⁠söz: sowgadydyr.