Ýewreýler 10:1—39

  • Mal gurbanlyklary peýdasyz (1—4)

    • Töwrat kölege (1)

  • Mesihiň bir gezekde hemişelik gurbany (5—18)

  • Ýaşaýşa eltýän täze ýol (19—25)

    • Ýygnaklardan galmaň (24, 25)

  • Bilgeşleýin günä babatda duýduryş (26—31)

  • Çydamly bolmak üçin ynam we iman gerek (32—39)

10  Töwrat gelejekki ýagşy zatlaryň+ özi däl⁠-⁠de kölegesidi+. Her ýyl şol bir gurbanlyklar berilse⁠-⁠de, Töwrat* Hudaýa sežde edýänleri kämillige ýetirip bilmedi+.  Gurbanlyklar adamlary kämillige ýetiren bolsady, gurbanlyk bermek gerek bolmazdy. Adamlar hem günäleri üçin özlerini günäkär duýmazdylar.  Emma her ýyl berilýän gurbanlyklar olara günälidigini ýatladýardy+.  Sebäbi öküzleriň we geçileriň gany bilen günäleri ýuwup bolmaýar.  Mesih ýere gelende, Hudaýa şeýle diýdi: «„Gurbanlyklary, sadakalary islemediň, gaýtam maňa bir beden taýýarladyň.  Sen ýakma we günä gurbanlyklaryny halamadyň“+.  Soňra men: „Eý Hudaýym, men islegiňi berjaý etmek üçin geldim+. Golýazmada men hakda ýazylandyr“ diýdim».  Ol ilki: «Gurbanlyklary, sadakalary, ýakma we günä gurbanlyklary islemediň, halamadyň» diýdi. Şol gurbanlyklar Töwratdaky kanuna görä berilmelidi.  Soňra ol: «Ine, men seniň islegiňi berjaý etmek üçin geldim»+ diýdi. Ol ikinji zady ýola goýmak üçin birinji zatlary aradan aýyrdy. 10  Hudaýyň «islegine»+ görä, Isa Mesih bedenini gurbanlyk hökmünde bir gezekde hödürläp, bizi hemişelik mukaddes etdi+. 11  Ruhanylar her gün mukaddes gullugy berjaý etmek+ we günäni doly aýyrmaýan+ şol bir gurbanlyklary bermek üçin öz orunlarynda durýardy+. 12  Emma Isa günäleri hemişelik aýyrmak üçin bir gezek gurbanlyk berip, Hudaýyň sag tarapynda oturdy+. 13  Soňra ol duşmanlary aýagynyň astyna salynýança garaşdy+. 14  Şeýdip, ol beren gurbanlygy arkaly mukaddes edilenleri hemişelik kämillige ýetirdi+. 15  Mukaddes ruh hem muny tassyklap: 16  «„Şol günlerden soň men olar bilen äht baglaşaryn — muny Ýehowa* aýdýar. — Kanunlarymy olaryň aňyna guýup, ýüreklerine ýazaryn“+ diýýär». 17  Şeýle⁠-⁠de: «Men olaryň günälerini bagyşlaryn, erbet işlerini ýatlamaryn»+ diýilýär. 18  Hudaý olaryň günälerini bagyşlan bolsa, indi gurbanlyk bermek gerek däl. 19  Doganlar, şonuň üçin hem biz Isanyň gany arkaly iň mukaddes otaga arkaýyn girip bilýäris+. 20  Ol bedenini aňladýan tutudan geçip+, ýaşaýyş berýän täze ýoly açdy. 21  Indi Hudaýyň halkyna ýolbaşçylyk edýän beýik ruhanymyz bar+. 22  Şonuň üçin, geliň, ak ýürekden we berk iman bilen Hudaýa ýakynlaşalyň, sebäbi ýüregimize we hapa ynsabymyza gan sepilip arassalandy+, bedenimiz hem arassa suw bilen ýuwuldy+. 23  Geliň, umydymyz hakda çekinmän gürrüň bereliň+, sebäbi wadany beren ynamdardyr. 24  Geliň, biri⁠-⁠birimize ünsli bolup*, birek⁠-⁠biregi söýmäge we ýagşy işleri etmäge höweslendireliň+. 25  Käbirleri ýaly ýygnaklardan+ galmagy endik edinmäliň, gaýtam ol günüň golaýlaşýandygyny görüp+, biri⁠-⁠birimizi has⁠-⁠da ruhlandyralyň+. 26  Eger biz hakykat barada dogry bilim alyp⁠-⁠da+, bilgeşleýin günä etsek, onda günälerimiz üçin başga gurbanlyk ýokdur+. 27  Sebäbi Hudaýa garşy çykýanlara gorkunç höküm garaşýandyr, Hudaýyň gahar⁠-⁠gazaby olary ot kimin kül eder+. 28  Musanyň kanunyna gulak asmadyk adama rehim edilmeýärdi we iki ýa⁠-⁠da üç adamyň şaýatlygy bilen öldürilýärdi+. 29  Onda Hudaýyň Ogluna hormat goýmadyk, ony mukaddes eden äht gana+ adaty zat ýaly garap, äsgermezlik eden we Hudaýyň ýagşylyk ruhuna dil ýetiren adama has agyr jeza berilmezmi?+ 30  Sebäbi biz: «Öç meniňkidir, ar alýan mendirin» diýen Hudaýy tanaýarys. Şeýle⁠-⁠de: «Ýehowa* halkyna höküm çykarar»+ diýip ýazylgydyr. 31  Hawa, Biribaryň eline düşmek örän gorkunçdyr! 32  Siz hakykaty bileniňizden soň+, köp görgi görseňiz⁠-⁠de, uly söweşde çydamly bolandygyňyzy unutmaň. 33  Käte sizi köpçüligiň öňünde* masgaralaýardylar we ýowuz daraşýardylar. Käte bolsa şeýle kynçylyklara düşenleriň derdini deň çekişýärdiňiz. 34  Siz türmedäki doganlara duýgudaşlyk bildirýärdiňiz. Siz has gowy we egsilmez mirasyň bardygyny bilip+, emlägiňiz talansa⁠-⁠da, şatlygyňyzy ýitirmediňiz+. 35  Şonuň üçin batyrgaý geplemegi* bes etmäň, sebäbi size uly sylag garaşýar+. 36  Siz Hudaýyň islegini berjaý edip, wada eden zadyny alar ýaly çydamly boluň+. 37  Sebäbi ýene «biraz wagt» bar+, «ol hökman geler, eglenmez»+. 38  «Emma dogruçyl adam iman etse, uzak ýaşar»+. «Eger ol gorkup, yza çekilse, ondan razy bolmaryn»+. 39  Biz bolsa gorkudan ýaňa yza çekilip, ýok ediljek adamlardan+ däl⁠-⁠de, iman arkaly janyny halas etjek adamlardandyrys.

Çykgytlar

Başga manysy: adamlar.
Ýa⁠-⁠da: birek⁠-⁠biregiň aladasyny edip.
Sözme⁠-⁠söz: sahna çykaryp.
Sözlüge serediň.