Filipililer 1:1—30

  • Doganlyk salamy (1, 2)

  • Pawlusyň minnetdarlygy we dogasy (3—11)

  • Kynçylyklara garamazdan, hoş habar ilerleýär (12—20)

  • Mesih üçin ýaşamak we ölmek (21—26)

  • Hoş habara mynasyp ýaşaň (27—30)

1  Isa Mesihiň gullary Pawlus bilen Timoteos Mesihiň Filipidäki+ şägirtlerine, ähli mukaddeslere, ýygnagyň gözegçilerine we hyzmatçylaryna+ hat ýazýar.  Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  Men sizi ýatlanymda, hemişe Hudaýa minnetdar bolup,  her biriňiz üçin ýalbarýaryn we begenip doga⁠-⁠dileg edýärin+.  Sebäbi siz hoş habary kabul eden günüňizden bäri wagyz işine goşant goşýarsyňyz.  Hudaýyň araňyzda başlan ýagşy işini Isa Mesihiň gününe+ çenli tamamlajakdygyna ynanýaryn+.  Siz hakda dogry pikir edýärin, sebäbi siz meniň ýüregimiň töründe. Siz meni türmedekäm+ goldadyňyz we hoş habary gorap, kanun esasynda wagyz etmek hukugyny+ gazanmaga kömek edipdiňiz. Şeýle⁠-⁠de meniň bilen Hudaýyň berekedine* eýe bolduňyz.  Sizi juda göresim gelýär, muňa Hudaý hem şaýatdyr, sebäbi sizi Isa Mesihiň söýşi ýaly söýýärin.  Şonuň üçin doga edip, söýgiňiziň artmagyny+, dogry bilimiňiziň+ köpelmegini we Hudaýyň islegine doly düşünmegiňizi+ dileýärin. 10  Şeýle⁠-⁠de Mesihiň gününe çenli wepaly* bolup, hiç kimi büdretmez+ ýaly, iň wajyp zatlara düşünmegiňizi+ dileýärin. 11  Isa Mesih arkaly has köp ýagşy işleri etmegiňiz*+ üçin hem doga⁠-⁠dileg edýärin. Şonda Hudaýa şöhrat hem alkyş aýdylar. 12  Doganlar, şuny bilmegiňizi isleýärin: meniň başymdan geçenler hoş habaryň ýaýramagyna ýardam etdi. 13  Mesih üçin türmede zynjyra baglanyp oturandygym+ köşk garawullaryna* we hemmelere mälim boldy+. 14  Meniň türmä basylmagym Halypamyza gulluk edýän doganlaryň köpüsini berkitdi we Hudaýyň sözüni gorkman, has⁠-⁠da batyrgaý wagyz etmäge höweslendirdi. 15  Doganlaryň käbiri biri⁠-⁠birine göriplik, bäsdeşlik edip, käbirleri bolsa ýagşy niýet bilen Mesih hakda wagyz edýärler. 16  Ýagşy niýet bilen wagyz edýänler Mesihi söýýärler. Sebäbi olar meniň hoş habary goramak üçin bellenendigimi bilýärler+. 17  Ýöne bäsdeşlik edýänler erbet niýet bilen wagyz edýärler, sebäbi meniň türmede görgi görmegimi isleýärler. 18  Munuň netijesi nähili boldy? Ýagşy niýet bilen bolsun, erbet niýet bilen bolsun, esasy zat Mesih hakda wagyz edilýär, men muňa begenýärin, hemişe⁠-⁠de begenerin. 19  Sebäbi siziň doga⁠-⁠dilegleriňiz+ we Isa Mesihiň berýän mukaddes ruhunyň kömegi+ bilen edilýän işler meni halas eder. 20  Men hiç haçan utanja galmajakdygyma ynanýaryn we umyt edýärin. Öňkim ýaly Mesih hakda batyrgaý* gürrüň bererin. Men ýaşasam⁠-⁠da, ölsem⁠-⁠de Mesihi şöhratlandyraryn*+. 21  Men ýaşasam⁠-⁠da, Mesih üçin ýaşaýaryn+, ölsem⁠-⁠de, öz peýdama+. 22  Men ynsan bedeninde ýaşasam, edýän işim köp miwe berer, ýöne saýlamaly bolsam, haýsysyny saýlajakdygymy bilmeýärin. 23  Men iki oduň arasynda durun. Men Mesihiň ýanyna gitmek üçin azat bolmak isleýärin+. Elbetde, ol has gowusydyr+. 24  Ýöne siziň üçin ynsan bedeninde galmagym has wajypdyr. 25  Şonuň üçin men entek diri galjakdygyma ynanýaryn. Siziň üstünlik gazanmagyňyz we imanda şatlanmagyňyz üçin ýanyňyzda bolaryn. 26  Men ýene⁠-⁠de ýanyňyza barsam, Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde şatlygyňyz hasam artar. 27  Mesih baradaky hoş habara mynasyp ýaşaň*+. Şonda men siziň bilen görüşsem⁠-⁠de, görüşmesem⁠-⁠de bir jan, bir ten bolup berk durandygyňyzy+, hoş habara iman edip, eginme⁠-⁠egin işleşýändigiňizi eşiderin. 28  Şeýle⁠-⁠de duşmanlaryňyzdan gorkmaýandygyňyzy bilerin. Şol zatlar olaryň heläk boljakdygyny+, siziň bolsa halas boljakdygyňyzy+ aňladýar. Hudaý muny göz⁠-⁠görtele eder. 29  Size diňe bir Mesihe iman etmek däl, onuň üçin horluk çekmäge⁠-⁠de mümkinçilik berildi+. 30  Siz hem meniň ýaly göreşýärsiňiz+, meniň henizem göreşýändigimi eşidýänsiňiz.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýagşylygyna.
Ýa⁠-⁠da: päk; aýypsyz.
Sözme⁠-⁠söz: dogruçyllyk miwesinden doly bolmagyňyz.
Rim imperatorynyň garawullary.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.
Sözme⁠-⁠söz: bedenim arkaly beýgelderin.
Ýa⁠-⁠da: hoş habaryň raýatlary hökmünde ýaşaň.