Birinji Timoteos 6:1—21

  • «Gullar hojaýynlaryna hormat goýsun» (1, 2)

  • Ýalan mugallymlar we puly söýmek (3—10)

  • Hudaýyň gullukçylaryna maslahat (11—16)

  • Ýagşy işlere baý bolmak (17—19)

  • «Ynanylan zatlary gorap sakla» (20, 21)

6  Hudaýyň adyna we taglymatyna hiç haçan dil ýetirilmez ýaly+, gullar hojaýynlaryna uly hormat goýsunlar+.  Eger hojaýynlary imandaşy bolsa, hormat goýmak hökman däldir öýtmesinler, gaýtam yhlasly hyzmat etsinler. Sebäbi yhlasly hyzmat edip, imandaşyna we eziz doganyna köp peýda bererler. Şeýle zatlary hemişe öwret we öwüt⁠-⁠ündew et.  Eger biri ýalan taglymaty öwredip, Halypamyz Isa Mesihiň sagdyn* öwüt⁠-⁠ündewini+ kabul etmese we Hudaýa wepaly bolmaga höweslendirmese+,  ol ulumsydyr, hiç zada düşünýän däldir+. Ol delil getirip, jedelleşmegi gowy görýändir+. Şeýdip, göriplik, dawa⁠-⁠jenjel, töhmet* we müňkürlik döreýändir.  Olar pikiri zäherlenen+ we hakykatdan daşlaşan adamlar bilen elmydama ýönekeý zatlaryň üstünde dawalaşýarlar. Olar öz bähbidine çapyp, Hudaýa wepaly bolýarlar+.  Aslynda, baryňa kaýyl bolup, Hudaýa wepaly bolmak uly baýlykdyr+.  Sebäbi biz dünýä hiç zat getirmedik, dünýäden hiç zat hem äkidip bilmeris+.  Şol sebäpli iýjegimiz we geýjegimiz* bar bolsa, şoňa kaýyl bolalyň+.  Baýajak bolýanlar bolsa synaga, duzaga+, akylsyz we erbet höwesleriň toruna düşüp, heläkçilige we ölüme uçraýandyr+. 10  Sebäbi bar belanyň körügi* pul söýgüsidir. Käbirleri puluň yşkyna düşüp, imanyny gowşatdylar we köp görgi gördüler+. 11  Sen welin, eý Hudaýyň guly, şeýle zatlardan uzakda dur! Hudaýa wepaly, dogruçyl, imanly, söýýän, çydamly we ýumşak adam bolmaga jan et+. 12  Imanyň üçin gaýduwsyz göreş, ebedi ýaşaýşa berk ýapyş. Hudaý seni ebedi ýaşaýşy almaga çagyrdy, sebäbi ol hakda köp adamlara wagyz etdiň. 13  Ähli zada ýaşaýyş berýän Hudaýyň we Pontiýus Pilatusa batyrgaý wagyz eden Isa Mesihiň+ öňünde saňa buýurýaryn: 14  Halypamyz Isa Mesih äşgär bolýança, seni günäkärläp, ýazyk tapmazlary ýaly, beren tabşyrygymy ýerine ýetir+. 15  Sebäbi bagtly we kuwwatly Hojaýynymyz bellenen wagtda mälim bolar. Ol patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdarydyr+. 16  Ýeke⁠-⁠täk ölmeýän oldur+ we hiç kimiň görmeýän hem görüp bilmeýän+ ýagtylygynda ýaşaýandyr+. Hormat we ebedi güýç onuňky bolsun! Omyn! 17  Şu dünýädäki* baýlara tekepbir bolmazlygy tabşyr. Goý, olar ýalan baýlyga+ däl⁠-⁠de, Hudaýa bil baglasynlar. Sebäbi Hudaý ýaşaýyş üçin ähli zady jomartlyk bilen berýär+. 18  Olary köp ýagşy işleri etmäge, jomart bolmaga we zadyny paýlaşmaga höweslendir+. 19  Olar gelejekde gerek boljak ruhy baýlyk ýygnasynlar+, şonda hakyky ýaşaýşa berk ýapyşyp bilerler+. 20  Eý Timoteos, saňa ynanylan zatlary gorap sakla+. Mukaddes zada dil ýetirýän biderek gürrüňlerden we bilimlisireýänleriň taglymatyndan gaça dur, sebäbi olaryň bilimi hakykata garşy gelýändir+. 21  Käbirleri şeýle bilimine buýsanyp, imandan azaşdylar. Goý, Hudaý saňa ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: peýdaly.
Ýa⁠-⁠da: sögünç sözler.
Ýa⁠-⁠da: çatmamyz. Sözme⁠-⁠söz: örtgimiz.
Sözme⁠-⁠söz: köki.
Ýa⁠-⁠da: Häzirki döwürdäki. Sözlüge serediň.