Matta 6:1—34

6  Ýagşy işleri göz üçin etmäň+, ýogsam gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz.  Mätäje sadaka bereniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly sinagogalarda we köçelerde jar çekmäň*. Ikiýüzli adamlar alkyş almak üçin şeýle edýärler. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar⁠-⁠da, Hudaýdan sylag almazlar.  Emma mätäje sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýändigini çep eliňiz bilmesin.  Mätäje kömek edeniňizi başgalar bilmesin. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar+.  Hudaýa doga edeniňizde, ikiýüzli adamlar ýaly bolmaň+. Olar adamlara görünmek üçin sinagogalarda we uly ýollaryň çatrygynda durup doga edýärler+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar⁠-⁠da, Hudaýdan sylag almazlar.  Emma siz doga edeniňizde, otagyňyza girip, gapyňyzy ýapyň⁠-⁠da, göze görünmeýän Ataňyza doga ediň+. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar.  Doga edeniňizde, başga halklar ýaly şol bir sözleri gaýtalap durmaň. Sebäbi olar köp söz aýtsalar Hudaý eşider öýdýärler.  Siz olara meňzemäň, sebäbi Ataňyz size nämäniň gerekdigini dilemänkäňiz bilýär+.  Siz şeýle doga ediň+: „Eý gökdäki Atamyz, adyň+ mukaddes bolsun!+ 10  Patyşalygyň+ gelsin, gökde bolşy ýaly, ýerde⁠-⁠de+ islegiň+ amala aşsyn! 11  Her günki çöregimizi ýetirip dur*+. 12  Adamlaryň günäsini* bagyşlaýşymyz ýaly, sen hem biziň günälerimizi* bagyşla+. 13  Bize synaga düşmäge ýol berme+, Şeýtanyň* elinden halas et“+. 14  Siz adamlaryň günäsini bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem sizi bagyşlar+. 15  Emma adamlaryň günäsini bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň günäňizi bagyşlamaz+. 16  Agyz bekläniňizde+, ikiýüzli adamlar ýaly ýüzüňizi sallamaň. Sebäbi şeýle adamlar agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup ýüzüni sallaýarlar*+. Size hakykaty aýdýaryn, olar adamlardan alkyş alsalar⁠-⁠da, Hudaýdan sylag almazlar. 17  Emma siz agyz bekläniňizde, ýüzüňizi ýuwuň, başyňyza ýag çalyň. 18  Agyz bekleýäniňizi adamlar däl⁠-⁠de, göze görünmeýän Ataňyz görsün. Şonda ähli zady görýän Ataňyz sizi sylaglar. 19  Ýer ýüzünde baýlyk* ýygnamaň+, sebäbi olary güýe we pos iýýär, ogrular ogurlaýar. 20  Muňa derek gökde baýlyk ýygnaň+. Gökde ýygnan baýlygyňyzy ne güýe, ne pos iýýär+, ne⁠-⁠de ogrular ogurlap bilýär. 21  Baýlygyňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar. 22  Bedeniň çyrasy gözdür+. Gözüň sada* bolsa, bütin bedeniň ýagty bolar. 23  Emma gözüň erbet*+ bolsa, bütin bedeniň garaňky bolar. Şonda bedeniňdäki garaňkylyk, gör, nähili gorkunç bolar! 24  Hiç kim iki hojaýynyň hyzmatkäri bolup bilmez. Sebäbi birini ýigrenip, beýlekisini gowy görer+, birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezçilik eder. Siz hem Hudaýyň, hem baýlygyň guly bolup bilmersiňiz+. 25  Men bolsa size diýýärin, mundan beýläk näme iýip içeris diýip janyňyzy alada etmäň+, näme geýeris diýip bedeniňizi gaýgy etmäň+. Adamyň jany* çörekden, bedeni egin⁠-⁠eşikden gymmatly dälmi?+ 26  Guşlara syn ediň+. Olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne⁠-⁠de ammarlara däne ýygnaýarlar. Emma şonda⁠-⁠da gökdäki Ataňyz guşlary iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmi? 27  Siziň haýsyňyz alada edip, ömrüňizi biraz* uzaldyp bilýäňiz?+ 28  Egin⁠-⁠eşik hakda näme üçin alada edýäňiz? Çigildemleriň ösüşine syn ediň. Olar ne zähmet çekýärler, ne⁠-⁠de eşik tikýärler. 29  Emma men size diýýärin, şan⁠-⁠şöhratly Süleýman patyşa⁠-⁠da+ şeýle owadan geýnen däldir. 30  Eger şu gün ösüp, ertir ojaga atylýan gülleri we otlary Alla şeýle geýindirýän bolsa, onda sizi has⁠-⁠da gowy geýindirmezmi näme, eý imany azlar?! 31  Şonuň üçin „Näme iýeris?“, „Näme içeris?“ ýa⁠-⁠da „Näme geýeris?“ diýip+, hiç haçan alada etmäň+. 32  Şeýle zatlaryň aladasyny başga halklar edýär. Ýöne gökdäki Ataňyz size nämäniň gerekdigini bilýär. 33  Hudaýyň Patyşalygyny we adalatly kanunlaryny* hemişe birinji orunda goýuň, şonda gerekli zatlar üstüne goşulyp berler+. 34  Şeýlelikde, hiç haçan ertirki günüň aladasyny etmäň+, sebäbi ertir hem başga aladalar bolar. Her günüň öz derdi özüne ýetikdir.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: surnaý çalmaň.
Sözme⁠-⁠söz: Şu günki iýjegimizi şu gün ber.
Sözme⁠-⁠söz: bergisini.
Sözme⁠-⁠söz: bergilerimizi.
Sözme⁠-⁠söz: zalymyň.
Ýa⁠-⁠da: üst⁠-⁠başyna seretmeýärler.
Ýa⁠-⁠da: hazyna.
Ýa⁠-⁠da: diňe bir zada seredýän.
Sözme⁠-⁠söz: zalym.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: bir tirsek. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: dogruçyllygyny.