Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

GOŞMAÇA MAGLUMAT

Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler

Ganyň fraksiýalary we gan ulanylýan bejergiler

Ganyň fraksiýalary. Ganyň fraksiýalary onuň esasy dört komponentinden (böleginden), ýagny eritrositlerden, leýkositlerden, trombositlerden we plazmadan alynýar. Meselem, eritrositlerde belokly gemoglobin bar. Adamyň ýa-da haýwanyň gemoglobininden taýýarlanan maddalar ýiti gany azlykda we köp gan ýitirmede ulanylýar.

Plazmanyň 90 göterimi suwdan ybarat bolup, onda ençeme garmonlar, organiki däl duzlar, fermentler, ýokumly hem-de mineral maddalar we şeker bar. Şeýle-de plazmanyň düzümine ganyň kesilişini (lagtalanmagyny) üpjün edýän faktorlar, organizmde kesele garşy göreşmäge kömek edýän maddalar (antitela) we albumin ýaly beloklar hem girýär. Lukmanlar käte adama kesel ýokuşmaz ýaly şol kesele garşy immuniteti bolan adamlaryň plazmasyndan alnan gamma-globulin sanjymyny edýärler. Käbir ýokançly we howply çiş keselleri bejermek üçin leýkositlerden interferonlar we interleýkinler alnyp ulanylýar.

Mesihçi ganyň fraksiýalary ulanylýan bejergä razy bolmalymy? Mukaddes Ýazgylarda bu sowala anyk jogap ýok, şol sebäpli mesihçi Hudaýyň öňünde terbiýelenen ynsabyna görä özi karara gelmeli. Käbirler Hudaýyň ysraýyllylara gany ýere dökmek hakda beren kanuny esasynda ganyň fraksiýalaryndan taýýarlanan dermanlary ulanmaga razylaşmaýarlar (Kanun taglymaty 12:22—24). Başgalar bolsa gan we ganyň dört komponenti ulanylýan bejergä razy bolmasalar-da, olardan alynýan käbir fraksiýalara razy bolýarlar. Mümkin, olar gandan alynýan fraksiýalarda indi jan ýok diýip hasaplaýandyr.

Ganyň fraksiýalaryny ulanmak barada karara geleniňde, özüňe şeýle sowallary ber: «Ganyň ähli fraksiýalaryny ulanmaga närazy bolsam, onda kesele garşy göreşýän ýa-da gan akmany durzup, oňa kesilmäge (lagtalanma) kömek edýän fraksiýaly maddalary hem ulanmaga närazydygyma düşünýärinmi? Ganyň bir ýa-da birnäçe fraksiýalaryny ulanmaga razydygymyň ýa-da närazydygymyň sebäbini lukmana düşündirip bilerinmi?»

Öz ganyň bilen ulanylýan bejergiler. Muňa gemodilýusiýa we reinfuziýa degişli. Gemodilýusiýa bejergisinde, ganyň bir bölegi esasy akymdan aýrylyp, gany köpeldýän derman ergine çalşyrylýar, soňra ol bedene gaýtarylýar. Reinfuziýa bejergisinde, operasiýada ýitirilýän gan ýygnalyp, syrkawyň bedenine gaýtarylýar. Ýaradaky ýa-da beden boşlugyndaky gan arassalanylýar ýa-da filtrden geçirilýär we soňra bedene gaýtarylýar. Bu bejergileri lukmanlar her dürli ulanýarlar, şol sebäpli mesihçi lukmandan ony nädip ulanjakdygyny anyklamaly.

Bu bejergiler babatda karara geleniňde, özüňe şeýle sowallary ber: «Eger ganymyň bir bölegi bedenimden çykarylyp, mümkin, gan akymy wagtlaýynça duruzylsa, onda men bu gany bedenimiň bölegi hasaplap, ony topraga dökmezlige ynsabym çatarmy?» (Kanun taglymaty 12:23, 24). «Bejergi wagty ganymyň bir bölegi alnyp, üýtgedilip, soňra ýene-de bedenime guýulsa, Mukaddes Ýazgylar esasynda terbiýelenen ynsabym ezýet bermezmi? Öz ganym bilen ulanylýan bejergileriň ählisinden ýüz öwürsem, barlag üçin gan tabşyrmakdan, gemodializden ýa-da emeli gan aýlanyş apparatyny ulanmakdan hem ýüz öwürýändigime düşünýärinmi?»

Operasiýa edilmeli bolsa, mesihçi öz gany bilen bagly meselelerde özi karara gelmeli. Şeýle garaýyş analizlere we bejergi usullaryna-da degişli, sebäbi käbir halatda hassanyň biraz gany alnyp, mümkin, üýtgedilip, soňra bedene gaýtarylmagy ähtimal.