Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 16-NJY BAP

Iblise we onuň hilelerine garşy dur

Iblise we onuň hilelerine garşy dur

«Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» (ÝAKUP 4:7).

1, 2. Wagyzçylaryň suwa çümdürilişi kimleri begendirýär?

EGER sen Ýehowa köp ýyl bäri gulluk edýän bolsaň, kongreslerde suwa çümdürilýänler üçin okalýan nutgy ençeme sapar diňlänsiň. Emma şeýle dabaralara näçe gezek gatnaşsaň-da, suwa çümdürilmek üçin öňdäki hatarlarda oturýan we ýerinden turup, soraglara jogap berýän wagyzçylary göreniňde, her gezek tolgunýansyň. Şonda oturanlaryň arasynda tolgunçly sesler ýaňlanyp, olar uly şatlyk bilen el çarpyşyp başlaýarlar. Ýehowanyň tarapyna geçen adamlary göreniňde, belki, şatlykdan ýaňa gözleriň ýaşdan dolýandyr. Biz şeýle pursatlarda özümizi örän bagtly duýýarys!

2 Biz wagyzçylaryň suwa çümdürilişini ýylda birnäçe gezek görýäris, ýöne perişdeler bizden has köp görýärler. Ýehowanyň ýerdäki guramasyna her hepde müňlerçe adamlaryň goşulýanyny görüp, «gökde uly şatlyk bolýandygyny» göz öňüne getirip gör! (Luka 15:7, 10). Elbetde, şeýle ösüşi görýän perişdeleriň begenjiniň çägi ýokdur! (Hagaý 2:7).

«IBLIS ARLAÝJY ARSLAN KIMIN...ÝÖRENDIR»

3. Näme üçin Şeýtan «arlaýjy arslan kimin aýlanyp... ýör» we ol näme etmek isleýär?

3 Suwa çümdürilişi synlaýan başga ruhy şahsyýetler bolsa gazaba münýärler. Şeýtan we onuň jynlary  müňlerçe adamlaryň bu dünýäden ýüz öwürýänini görüp gaharlanýarlar. Sebäbi Şeýtanyň aýtmagyna görä, hiç kim Ýehowa ýürekden gulluk edip, agyr synaglarda oňa wepaly galmaz (Eýýup 2:4, 5-nji aýatlary okaň). Her gezek kimdir biri özüni Ýehowa bagyş edende, Şeýtanyň ýalançydygyny subut edýär. Göçme manyda aýdanda, oňa her hepde müňlerçe gezek şarpyk çalynýar. Şol sebäpli onuň «Iblisiň arlaýjy arslan kimin ýuwutjagyny agtaryp ýörendigi» geň galdyrmaýar! (1 Petrus 5:8). Bu «arslan» biziň Hudaý bilen gatnaşygymyzy kesip, hatda dostlugymyzy hem bozup, bizi ruhy  taýdan ýuwutmak isleýär (Zebur 7:1, 2; 2 Timoteos 3:12).

Özüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilen her bir adam Şeýtanyň ýalançydygyny subut edýär

4, 5. a) Ýehowa Şeýtanyň täsirini nädip çäklendirdi? b) Mesihçi nämä ynamly bolup biler?

4 Biz zalym duşmana garşy söweşsek-de, ondan gorkmaly däl. Näme üçin? Sebäbi Ýehowa bu «arlaýjy arslanyň» täsirini çäklendirdi. Nädip? Birinjiden, Ýehowa «agyr muşakgatda» «uly märekäniň» halas boljagyny öňünden aýtdy (Ylham 7:9, 14). Hudaýyň pygamberligi hemişe amala aşýar. Şol sebäpli hatda Şeýtanyň hem Hudaýyň halkyny doly ýok edip bilmejekdigine gözi ýetýär.

5 Ikinjiden, Şeýtanyň täsiriniň çäklidigi Hudaýyň bir wepaly gullukçysynyň aýdan sözlerinden görünýär. Azarýa pygamber Asa patyşa şeýle diýdi: «Ýehowa bilen bolsaňyz, ol hem siziň bilen bolar» (2 Ýyl ýazgylary 15:2; 1 Korinfliler 10:13-i okaň). Geçmişdäki ençeme mysallardan görnüşi ýaly, Hudaý bilen ýakyn gatnaşyk saklan adamlary Şeýtana hiç haçan ýuwutmak başartmady (Ýewreýler 11:4—40). Şu günler Hudaý bilen dostlugyny saklaýan mesihçiler Iblise garşy durup, ony hatda ýeňip-de bilýärler. Hudaýyň Sözi bizi: «Iblise garşy duruň, şonda ol sizden gaçar» diýip ynandyrýar (Ýakup 4:7).

«BIZIŇ SÖWEŞIMIZ... ZALYM RUHLARA GARŞYDYR»

6. Şeýtan her bir mesihçä garşy nädip söweşýär?

6 Şeýtan ruhy söweşde ýeňiş gazanyp bilmez, ýöne her birimiz hüşgär bolmasak, ol bizi ýeňäýmegi mümkin. Eger Şeýtana Ýehowa bilen dostlugymyzy gowşatmak başartsa, ol bizi ýuwutjagyny bilýär. Şeýtan muny nädip edýär? Ol gazaply hüjüm edýär, her birimize garşy aýratynlykda göreşýär hem-de mekirligi ulanýar. Geliň, Şeýtanyň bu esasy usullaryna seredeliň.

7. Şeýtan näme üçin Ýehowanyň halkyna garşy gazaply hüjüm edýär?

 7 Gazaply hüjüm. Ýahýa resul şeýle ýazdy: «Bütin dünýä... Şeýtanyň goly astynda» (1 Ýahýa 5:19). Bu sözler ähli mesihçiler üçin duýduruşdyr. Şeýtan eýýäm bütin dünýäni ýuwutdy, indi bolsa ol täsirine düşmeýän adamlara, ýagny Ýehowanyň halkyna öňküden-de beter hüjüm edýär (Mika 4:1; Ýahýa 15:19; Ylham 12:12, 17). Ol wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münýär we täsirini has-da güýçlendirýär. Şu günler ol Hudaý bilen dostlugymyzy bozjak bolup, soňky gazabyny pürkýär..

8. Pawlus zalym ruhlara garşy «söweşýäris» diýende nämäni göz öňünde tutdy?

8 Her birimize garşy göreşýär. Pawlus resul mesihçilere şeýle duýduruş berdi: «Biziň söweşimiz... zalym ruhlara garşydyr» (Efesliler 6:12). Pawlus «söweş» sözüni näme üçin ulandyka? Sebäbi bu sözüň manysy garpyşmagy ýa-da el söweşini aňladýar. Pawlus şu söz arkaly her birimiziň zalym ruhlar bilen söweşýändigimizi görkezýär. Ýaşaýan ýerimizde zalym ruhlara bolan ynam giňden ýaýran bolsa-da, bolmasa-da, özümizi Ýehowa bagyş edende, göreş meýdanyna çykandygymyzy unutmalyň. Diýmek, her bir mesihçi özüni Hudaýa bagyş edenden bäri bu söweşe gatnaşýar. Şol sebäpli Pawlus resulyň mesihçilere zalym ruhlara garşylyk görkezmegi birnäçe gezek ündändigi geň galdyrmaýar (Efesliler 6:11, 13, 14).

9. a) Şeýtan we onuň jynlary näme üçin her dürli «hileleri» ulanýar? b) Şeýtan pikirimizi nädip zaýalamaga çalyşýar we oňa nädip garşy durup bileris? (« Şeýtanyň hilelerinden ägä boluň!» diýen çarçuwa seret.) ç) Häzir onuň haýsy hilesine serederis?

9 Mekirlik. Pawlus mesihçileri Şeýtanyň «hilelerine» garşy durmaga höweslendirdi (Efesliler 6:11). Üns beren bolsaň, Pawlus bu sözi köplük sanda ulanýar. Zalym ruhlar maksadyna ýetmek üçin dürli hileleri ulanýarlar.  Hudaýyň käbir gullukçylary bir synaga döz gelip, başgasyna bolsa döz gelip bilmediler. Şol sebäpli Iblis we onuň jynlary her birimiziň gowşak ýerimizi bilmek üçin dykgatly synlaýarlar. Soňra olar biziň ruhy gowşaklygymyzy öz maksady üçin ulanýarlar. Bagtymyza, biz Iblisiň köp hilelerini bilýäris, çünki olar barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylýar (2 Korinfliler 2:11). Şu kitabyň başynda baýlyga kowalaşmak, zyýanly gatnaşyk we jynsy ahlaksyzlyk ýaly hilelere seredip geçdik. Geliň, indi Şeýtanyň başga bir hilesi bolan spiritizme seredeliň.

SPIRITIZM BILEN MEŞGULLANMAK DÖNÜKLIKDIR

10. a) Spiritizm näme? b) Ýehowa spiritizme nähili garaýar we sen oňa nähili garaýarsyň?

10 Spiritizm—zalym ruhlar bilen gös-göni gatnaşyk saklamakdyr. Oňa palçylyk, jadygöýlük, dogagöýlük we ölüler bilen gepleşmek ýaly zatlar degişli. Biz Ýehowanyň bu zatlary «nejis» hasaplaýandygyny bilýäris (Kanun taglymaty 18:10—12; Ylham 21:8). Biz hem «erbetligi ýigrenmeli» bolsak, onda zalym ruhlar bilen gatnaşyk etmek akyla sygjak zat däl (Rimliler 12:9). Bu zatlar bilen meşgullansak, Gökdäki Atamyz Ýehowa dönüklik etdigimiz bolar!

11. Spiritizm bilen birimizi aldasa, Şeýtan näme üçin uly ýeňiş gazanar? Mysal getir.

11 Spiritizm bilen meşgullanmak Ýehowa garşy erbet dönüklik, şonuň üçin Şeýtan bizi spiritizm bilen gyzyklandyrjak bolýar. Şeýtan mesihçini spiritizm bilen tora salsa, muny uly ýeňiş hasaplaýar. Näme üçin? Şu barada oýlanyp gör: eger goşun serkerdesi duşman goşunynyň bir esgerini öz tarapyna geçmäge yryp bilse, ol juda begenerdi. Belki, ol bu esgeriň öňki söweşen tarapynyň  goşun serkerdesini kemsitmek üçin, ony özüniň harby oljasy edip görkezer. Şonuň ýaly-da, eger mesihçi spiritizm bilen meşgullansa, ol Ýehowa bilgeşleýin we düşünip dönüklik edýär hem-de Şeýtanyň goly astyna düşýär. Göz öňüne getir, gaçgagy öz harby oljasy etse, Şeýtan nähili begener! Haýsymyz Şeýtanyň uly ýeňiş gazanmagyny isleýäris? Elbetde, hiç haýsymyz! Biz dönük däl ahyryn.

ŞÜBHE DÖRETMEK ŞEÝTANYŇ HILESIDIR

12. Spiritizm barada pikirimizi üýtgetmek üçin Şeýtan nähili hile ulanýar?

12 Eger biz spiritizmi ýigrensek, Şeýtan bu hilesini bize garşy ulanyp bilmez. Şol sebäpli ol pikirimizi üýtgetmelidigine düşünýär. Ol muny nädip edýärkä? Şeýtan mesihçileriň başyny her hili ýol bilen aýlaýar. Netijede, olaryň käbiri «ýagşylygy erbetlik we erbetligi ýagşylyk» hasaplamagy mümkin (Işaýa 5:20). Şu maksat bilen Şeýtan wagt synagyndan geçen hilesini ulanýar, ýagny şübhe döredýän sowallary orta atýar.

13. Şübhe döretmek üçin Şeýtan nähili sowallary orta atdy?

13 Şeýtanyň bu hiläni öň nädip ulanandygyna üns ber. Ol Erem bagynda How eneden: «Dogrudanam, Hudaý size bagdaky agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?» diýip sorady. Eýýup pygamberiň döwründe perişdeler gökde ýygnanyşanda, Şeýtan şeýle sowaly orta atdy: «Eýýup Hudaýdan sebäpsiz ýere gorkýarmy?» Ýerdäki gullugynyň başynda, Şeýtan Isany synaga salyp: «Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur» diýdi. Göz öňüne getir, Şeýtan alty hepde mundan ozal Ýehowanyň Isa barada: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» diýen sözleriniň üstünden güldi (Gelip çykyş 3:1; Eýýup 1:9; Matta 3:17; 4:3).

14. a) Şeýtan spiritizm babatda nädip şübhe döredýär? b) Häzir nämä serederis?

 14 Şeýtan häzir hem şu hiläni ulanyp, spiritizmiň zyýanlydygyna şübhe döredýär. Gynansak-da, oňa käbir mesihçilerde müňkürlik döretmek başartdy. Olar spiritizmiň käbir görnüşleriniň howpludygyna şübhelenip başladylar. Olar: «Dogrudanam, bu şeýlemikä?» diýip pikir edýärler (2 Korinfliler 11:3). Şeýle mesihçiler pikirini üýtgetmäge nädip kömek etse bolar? Şeýtanyň bize täsir etmändigine nädip göz ýetirip bileris? Bu sowallara jogap bermek üçin, geliň, Şeýtanyň mekir ýollary bilen spiritizmiň käbir görnüşleri aralaşan iki pudaga seredeliň. Muňa göwün açma we saglygymyz barada aladalanma degişli.

ŞEÝTAN ISLEGIMIZI WE ZERURLYGYMYZY ULANÝAR

15. a) Günbatar ýurtlarynda spiritizme nähili garaýarlar? b) Spiritizme bolan dünýewi garaýyş käbir mesihçilere nähili täsir etdi?

15 Ylaýta-da, Günbatar ýurtlarynda spiritizmiň okkultizm (älemde syrly güýçler barlygyna ynanmak) we jadygöýlük ýaly görnüşlerini zyýansyz hasaplaýarlar. Spiritizmi köplenç filmlerde, kitaplarda, telegepleşiklerde we kompýuter oýunlarynda gyzykly, pähimli hem-de zyýansyz edip görkezýärler. Okkultizmli käbir filmler we kitaplar giňden ýaýran. Dogrudanam, jynlar okkultizmiň zyýansyzdygyny adamlara ynandyryp bildiler. Spiritizme şeýle biperwaý garamaklyk mesihçilere täsir etdimi? Käbirleriň pikirine täsir etdi. Nädip? Ýönekeý bir mysala seredeliň: Okkultizmli filmi görüp, bir mesihçi şeýle diýdi: «Men film görsem-de, spiritizm bilen meşgullanmadym». Näme üçin şeýle pikir etmek howply?

16. Okkultizm bilen bagly göwün açmalary saýlamak näme üçin howply?

16 Spiritizm bilen meşgullanmagyň we onuň bilen  meşgullanýanlara seretmegiň arasynda tapawut bolsa-da, okkultizmli filmlere tomaşa etmek howpsuz diýip bolmaz. Näme üçin? Şu barada oýlanyp gör: Hudaýyň Sözüne görä, Şeýtan we onuň jynlary pikirimizi okap bilmeýärler *. Şol sebäpli ýokarda aýdylyşy ýaly, zalym ruhlar näme barada pikir edýändigimize düşünmek we gowşak ýerimizi bilmek üçin, edýän işlerimize hem-de göwün açma saýlaýşymyza ünsli syn edýärler. Jynlar mesihçiniň hereketini synlap, oňa palçylar, jadygöýlik, arwah-jynlaryň täsiri barada filmleriň ýa-da kitaplaryň ýaraýandygyna düşünýärler. Aslynda, şeýle mesihçi özüniň gowşak ýerini görkezýär! Şeýlelikde, jynlar bu mesihçiniň ejiz ýerini ulanyp, göçme manyda, ýykmak üçin, oňa öňküden hem güýçli topulýarlar. Käbirleri okkultizmli göwün açmalara baş goşup, spiritizm bilen gyzyklandylar, netijede, olar spiritizm bilen meşgullanyp başladylar (Galatýalylar 6:7-ni okaň).

Keselläniňde Ýehowanyň kömegine bil bagla

17. Şeýtan ýarawsyz mesihçiniň ýagdaýyny nädip ulanýar?

17 Şeýtan biziň diňe bir göwün açmaga bolan islegimizi däl-de, eýsem, saglygymyz barada alada etmek zerurlygymyzy hem öz maksady üçin ulanjak bolýar. Nädip? Ýarawsyz mesihçi ençeme sapar gowy bejergi alandygyna garamazdan, ruhdan düşmegi mümkin (Markus 5:25, 26). Şeýtan we onuň jynlary şeýle ýagdaýdan peýdalanýarlar. Olar Hudaýyň Sözünde «erbetlik edýänlerden kömek agtarmaň» diýip, maslahat berilýändigini bilýärler (Işaýa 31:2). Jynlar keselden ejir çekýän mesihçini şu duýduryşa gulak  asman, nalaçlykdan ýaňa «jadygöýlük» ýa-da spiritizm bilen bagly howply bejergi almaga iterýärler. Eger jynlaryň bu mekir hilesi başa barsa, onda ýarawsyz mesihçiniň Ýehowa bilen gatnaşygy bozulmagy mümkin. Nädip?

18. Mesihçi nähili bejergini kabul etmeli däl we näme üçin?

18 «Jadygöýlük» bilen meşgullanýan ysraýyllylara Ýehowa şeýle diýdi: «Maňa elleriňizi uzadanyňyzda, gözlerimi sizden sowýaryn. Köp doga etseňiz-de, men diňlemeýärin» (Işaýa 1:15). Elbetde, biz dogamyza päsgel berýän we Ýehowanyň kömeginden mahrum edýän ähli zatdan gaça durmak isleýäris. Aýratynam, bu ýarawsyzkaň örän möhüm (Zebur 41:3). Şol sebäpli eger bejeriş usullarynda spiritizmiň görnüşleri bar bolsa, mesihçi ony kabul etmeli däl (Matta 6:13) *. Şeýle ýagdaýda ol Ýehowanyň kömegine bil baglap biler. (« Bu spiritizm bilen baglymyka?» diýen çarçuwa seret.)

 JYNLAR BARADA GÜRRÜŇLER

19. a) Iblis öz güýji barada adamlary nämä ynandyrdy? b) Mesihçiler nähili gürrüňleri aýtmaly däl?

19 Günbatar ýurtlarynda Şeýtanyň täsiriniň howpludygyna biperwaý garasalar-da, başga ýurtlarda muňa düýbünden başgaça garaýarlar. Şeýle ýurtlarda Iblis köp adamlary özüniň juda güýçlüdigine ynandyrýar. Käbir adamlar zalym ruhlardan gorkup ýaşaýarlar. Jynlaryň gudratly işleri barada gürrüňler giňden ýaýran. Köplenç olary şeýle bir joşgunly gürrüň berýärler welin, adamlar ony uly höwes bilen diňleýärler. Biz hem şeýle gürrüňleri aýtsak bolýarmy? Ýok, hak Hudaýyň gullukçylary muny iki möhüm sebäbe görä aýtmaýarlar.

20. Kimdir biri oýlanman Şeýtanyň ýalanlaryny nädip ýaýradyp biler?

20 Birinjiden, jynlaryň işleri barada gürrüň ýaýradýan adam Şeýtany goldaýar. Nädip? Hudaýyň Sözünde Şeýtanyň  gudrat görkezip bilýändigi hem-de «alamatlary» we «ýalan zatlary» ulanýandygy aýdylýar (2 Selanikliler 2:9, 10). Şeýtan ökde ýalançy, şol sebäpli spiritizme ýykgyn adamlaryň pikirine nädip täsir etmelidigini we ýalan zada nädip ynandyrmalydygyny bilýär. Şeýle adamlar nämedir bir zatlary görendigine ýa eşidendigine ýürekden ynanyp, ony hakykat hökmünde gürrüň berýärler. Wagtyň geçmegi bilen, olaryň zalym ruhlar baradaky gürrüňleri dilden-dile geçip, ulaldylyp aýdylýar. Eger mesihçi şeýle gürrüňleri ýaýradýan bolsa, ol «ýalanyň atasy» Iblisi goldaýar. Şeýdip, ol Şeýtanyň ýalanlaryny ýaýradyp biler (Ýahýa 8:44; 2 Timoteos 2:16).

21. Biz näme barada gürrüň bermek isleýäris?

21 Ikinjiden, eger mesihçi öň, dogrudanam, zalym ruhlar bilen gatnaşyk eden bolsa, bu barada dogan-uýalara gaýta-gaýta gürrüň bermez. Näme üçin? Injilde şeýle diýilýär: «Ünsümizi imanymyzyň Baş Ýolbaşçysy we Kämilleşdirijisi Isa gönükdireliň» (Ýewreýler 12:2). Biz ünsümizi Şeýtana däl-de, Mesihe bermeli. Isa Şeýtanyň nämeleri edip bilýändigi barada şägirtlerine köp zatlary aýdyp bilerdi. Emma Isa Patyşalyk baradaky habara üns berdi. Şonuň üçin biz Isanyň we resullaryň göreldesine eýerip, «Hudaýyň uly işleri» barada gürrüň bermek isleýäris (Resullaryň işleri 2:11; Luka 8:1; Rimliler 1:11, 12).

22. Gökde şatlygyň bolmagyna nädip ýardam edip bileris?

22 Dogrudan-da, Şeýtan Ýehowa bilen dostlugymyzy bozmak üçin dürli hileleri, şol sanda spiritizmi hem ulanýar. Emma erbetligi ýigrenip, ýagşylyga ýapyşsak, spiritizmiň islendik görnüşini ret etmäge bolan islegimizi Iblis gowşadyp bilmez (Efesliler 4:27-ni okaň). Iblis ýok edilýänçä onuň «hilelerine garşy durmagymyzy» dowam etsek, «gökde uly şatlygyň» bolýandygyny göz öňüne getirip görüň! (Luka 15:7; Efesliler 6:11).

^ abzas 16 Şeýtana (Duşman, Töhmetçi, Aldawçy, Synagçy, Ýalançy) berlen atlar biziň ýüregimizi we pikirimizi bilýändigini aňlatmaýar. Emma Ýehowa barada «ýürekleri barlaýar», Isa barada bolsa «ýürekleri hem göwünleri barlaýandyr» diýilýär (Süleýmanyň tymsallary 17:3; Ylham 2:23).

^ abzas 18 Köpräk bilmek üçin «Garawul diňiniň» (rusça) 1994-nji ýylyň 15-nji dekabrynda çykan sanynyň 19—22-nji sahypalaryndaky «Saglygyňy barlanda, islendik bejergi dogry gelýärmi?» we «Oýanyň!» (rusça) žurnalynyň 2001-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda çykan sanynyň 26, 27-nji sahypalaryndaky «Mukaddes Ýazgylaryň garaýşy» bölüminiň «Nähili bejergi saýlanymyň ähmiýeti barmy?» diýen makalalara serediň.