Rimliler 6:1—23

  • Täze ýaşaýyş üçin Mesih ýaly çümdürilmek (1—11)

  • Günä bedeniňiziň üstünden höküm sürmesin (12—14)

  • Günäniň däl⁠-⁠de, Hudaýyň guly bolmak (15—23)

    • Günäniň haky ölüm; Hudaýyň sowgady ýaşaýyş (23)

6  Onda näme, Hudaý has köp ýagşylyk etsin diýip günä edip ýörmelimi?  Elbetde, ýok! Biz günä üçin ölen bolsak+, nädip günä edip ýaşap bileris?+  Bilip goýuň, Isa Mesih bilen bolmak üçin çümdürilenler+ onuň ölümine hem çümdürilmelidir+.  Biz hem Mesih ýaly ölmek üçin çümdürilip, onuň bilen jaýlandyk+. Diýmek, Atanyň gudratly güýji arkaly direlen Mesih ýaly, biz hem täze ýaşaýşa başlamaly+.  Biz onuň ölşi ýaly ölen bolsak+, onuň direlişi ýaly⁠-⁠da direlip+, onuň bilen birleşeris.  Günäli tenimiziň agalyk etmezligi üçin+, biz bedenimiziň* Mesih bilen pürse çüýlenendigini bilýäris+. Mundan beýläk biz günäniň guly bolmaly däl+.  Sebäbi ölen adam günäden azat bolýar.  Biz Mesih bilen ölen bolsak, onuň bilen ýaşajakdygymyza hem ynanýarys.  Sebäbi biz Mesihiň direlendigini+, indi ölmejekdigini+, indi ölümiň onuň üstünden agalyk etmejekdigini bilýäris. 10  Mesih günäni bir gezekde hemişelik aýyrmak üçin öldi+. Indi ol Hudaý üçin ýaşaýar. 11  Şonuň ýaly sizem günäli işler üçin özüňizi öli hasaplaň, emma Isa Mesih arkaly Hudaý üçin diri hasaplaň+. 12  Şol sebäpli ten höweslerine boýun bolmaz ýaly, günä bedeniňiziň* üstünden patyşa kimin höküm sürmesin+. 13  Bedeniňizi erbet gural* hökmünde ulanyp günä etmäň. Siz direlenler ýaly özüňizi we bedeniňizi dogruçyllygyň guraly* hökmünde ulanyp, Hudaýa tabşyryň+. 14  Günä üstüňizden agalyk etmesin, sebäbi siz kanun astynda däl+, Hudaýyň ýagşylygy astynda+. 15  Indi nähili netije çykarmaly? Biz kanun astynda däl⁠-⁠de, ýagşylyk astynda bolsak, onda günä etsek bolýarmy?+ Ýok! 16  Biler bolsaňyz, siz kime tabyn bolsaňyz, şonuň hem guly bolýarsyňyz+. Siz ýa günäniň+ guly bolup ölersiňiz+, ýa⁠-⁠da tabyn bolup dogruçyl hasaplanarsyňyz. 17  Siz öň günäniň guludyňyz, indi Hudaýyň öwreden zatlaryna ýürekden tabyn bolýarsyňyz. Munuň üçin biz Hudaýa şükür edýäris. 18  Hawa, siz günäden azat bolup+, dogruçyllygyň guly bolduňyz+. 19  Siz ejiz, şonuň üçin sada dilde ýüzlenýärin: siz öň ten höwesleriňize erk etmän, haramlygyň we erbetligiň guludyňyz. Indi bolsa gowy zatlary etmäge jan edip, dogruçyllygyň we mukaddesligiň guly boluň+. 20  Siz öň günäniň guludyňyz, dogruçyl ýaşap bilmeýärdiňiz. 21  Siziň öňki eden işleriňiziň netijesi nähili boldy? Olar ölüme eltýärdi+, häzir eden işleriňize utanýarsyňyz. 22  Indi siz günäden azat bolduňyz. Şonuň üçin Hudaýyň gullary hökmünde mukaddes ýaşap+, ebedi ýaşaýşa gowşuň+. 23  Günäniň haky ölümdir+, emma Hudaý Halypamyz Isa Mesih arkaly+ ebedi ýaşaýşy berýändir+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: öňki häsiýetlerimiziň.
Sözme⁠-⁠söz: çüýreýän bedeniňiziň.
Sözme⁠-⁠söz: ýarag.
Sözme⁠-⁠söz: ýaragy.