Ikinji Timoteos 3:1—17

  • «Soňky günlerde juda kyn döwür bolar» (1—7)

  • Pawlus resulyň göreldesine eýermek (8—13)

  • «Öwrenen zatlaryňa hemişe eýer» (14—17)

    • «Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy» (16)

3  Bilip goý, soňky günlerde+ juda kyn döwür bolar.  Sebäbi adamlar özüni bilýän, pula gyzan, öwünjeň, tekepbir, Hudaýa dil ýetirýän, ene⁠-⁠atasyna gulak asmaýan, gadyr bilmez, biwepa,  dogan⁠-⁠garyndaşlaryny söýmeýän, eglişik etmeýän, töhmet atýan, özüne erk etmeýän, zalym, ýagşylygy ýigrenýän,  dönük, özdiýenli, ulumsy, Hudaýy däl⁠-⁠de, keýpi⁠-⁠sapany söýýän,  Hudaýyň ýolunda ýörän bolup, şoňa görä ýaşamaýan adamlar bolar+. Şeýle adamlardan uzakda dur.  Olaryň käbiri ejiz we günäli aýallary aldap, mekirlik bilen öýlerine girýärler. Olar aýallaryň gözüni⁠-⁠başyny aýlap, dürli höwesleriň guly edýärler.  Şeýle aýallar hemişe hakykat bilimini alsalar⁠-⁠da, oňa doly düşünmeýärler.  Olar hem Musa garşy çykan Ýannys we Ýambrys ýaly, hakykata garşy çykýarlar. Şeýle adamlaryň aň⁠-⁠düşünjesi doly zäherlenendir. Olar imanyna görä ýaşamaýarlar, Hudaý hem olardan razy däldir.  Olar hiç hili üstünlik gazanmazlar, şol iki adamyňky ýaly olaryň hem akylsyzlygy hemmelere belli bolar+. 10  Sen bolsa öwreden zatlaryma, ýaşaýşyma+, maksadyma, imanyma eýerýärsiň hem⁠-⁠de sabyr⁠-⁠takadymdan, söýgimden we çydamymdan görelde alýarsyň. 11  Galyberse⁠-⁠de, Antakyýada+, Ikoniýada+, Listrada gören görgülerimi+ bilýänsiň. Men olara çydadym, Hudaý hem olardan halas etdi+. 12  Aslynda, Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde Hudaýa wepaly ýaşamak isleýänleriň ählisi yzarlanar+. 13  Emma zalym we ýalançy adamlar erbet işleri etmekde ökdeleşerler. Olar adamlary aldarlar, özleri⁠-⁠de aldanarlar+. 14  Sen bolsa öwrenen we iman eden zatlaryňa hemişe eýer+, olary saňa ynamdar adamlar öwredipdi. 15  Sen mukaddes kitaplary bäbeklikden+ bäri bilýärsiň+. Olar seni Isa Mesihe iman etmegiň we halas bolmagyň üçin akyldar edýär+. 16  Mukaddes kitaplaryň ählisi Hudaýyň ylhamy bilen+ ýazylyp, öwretmek+, käýemek, dogry ýola getirmek* we Hudaýyň kada⁠-⁠kanunlary boýunça terbiýelemek üçin peýdalydyr+. 17  Olar Hudaýyň guluny ähli zada ukyply edýär, ýagşy işleri etmäge birkemsiz taýýarlaýar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: düzetmek.