Nakyllar 2:1—22

  • Akyldarlygyň gadyryny bil (1—22)

    • Akyldarlyk gizlin hazyna (4)

    • Akylyň seni gorar (11)

    • Ahlaksyzlyk mazara eltýär (16—19)

2  Oglum, sözlerime gulak assaň,Tabşyryklarymyň gadyryny bilseň+,   Akyldarlygy diňleseň+,Parasatlylygy* ýürekden agtarsaň+,   Düşünje dileseň+,Parasatly bolmak* üçin ýalbarsaň+,   Kümüş kimin gözleseň+,Gizlin hazyna kimin agtarsaň+,   Ýehowadan gorkmagy öwrenersiň+,Hudaýy tanarsyň+.   Ýehowa akyldarlyk berýär+,Ol bilimiň we parasatlylygyň* gözbaşydyr.   Alla akyldarlygy dogruçyllara berýär,Ol wepaly adamlaryň* galkanydyr+.   Ol dogruçyllaryň ýollaryna nazar salýar,Wepaly bendeleriniň ýodalaryny goraýar+.   Şonda sen hakykata, dogruçyllyga we adalata düşünersiň,Dogry ýoldan ýörärsiň+. 10  Akyldarlyk ýüregiňde kök uranda+,Bilim janyňa* hoş ýakanda+, 11  Akylyň* seni gorar+,Parasatlylyk* saňa hemaýat berer. 12  Seni erbet ýoldan,Ýalançy adamlardan gorar+. 13  Dogry ýoldan sowlup,Tümlükde gezýänlerden+, 14  Erbet işlerden keýp alýanlardan,Zalymlygy, hilegärligi gowy görýänlerden, 15  Egri ýollardan ýöreýänlerden,Ganyna hilegärlik siňen adamlardan gorar. 16  Akyldarlyk seni azgyn* aýaldan,Ahlaksyz* aýalyň süýji dilinden gorar+. 17  Ol aýal ýaşlykda durmuşa çykan ärini* taşlady+,Hudaýa beren wadasyny ýatdan çykardy. 18  Onuň öýüne baran diri çykmaz,Ýollary mazara eltýär+. 19  Oňa ýanaşan* diri galmaz,Ýaşaýyş ýoluna gaýdyp gelmez+. 20  Şol sebäpli ýagşy adamlardan görelde al,Adalat ýollaryndan ýöre+. 21  Sebäbi ýer ýüzünde dogruçyl, Hudaýa wepaly* adamlar ýaşar+. 22  Erbetler ýer ýüzünden ýok ediler+,Dönükler hem sogrulyp taşlanar+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukybyny.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyby.
Sözme⁠-⁠söz: saýgarma ukybynyň.
Ýa⁠-⁠da: aýypsyz gezýänleriň.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: Pikirleniş ukybyň.
Sözme⁠-⁠söz: Saýgarma ukyby.
Sözme⁠-⁠söz: ýat. Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermeýän adam göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: Gelmişek. Hudaýyň ahlak kadalaryna eýermeýän adam göz öňünde tutulýan bolmaly.
Sözme⁠-⁠söz: ýakyn dostuny.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: Aýypsyz.