Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 17-NJI BÖLÜM

Isa Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýär

Isa Hudaýyň Patyşalygy barada öwredýär

Isa şägirtlerine köp zady öwredýär, onuň öwredýän zatlarynyň esasy temasy: Hudaýyň Patyşalygy

ISA näme üçin ýer ýüzüne geldi? Ol şeýle diýdi: «(Men) Hudaýyň Patyşalygynyň Hoş Habaryny... bildirmeli. Çünki Men munuň üçin wagyz etdim» (Luka 4:43). Görşümiz ýaly, Isa, esasan, Patyşalyk barada wagyz etdi. Geliň, bu wagzyň dört sany aýratynlygyna seredeliň.

1. Isa — Mesihi Patyşa. Isa özüniň wada edilen Mesihdigini açyk mälim etdi (Ýahýa 4:25, 26). Şeýle-de ol Daniýel pygambere berlen görnüşdäki Patyşanyň özüdigini aýtdy. Isa «şöhratly tagtyna» geçende, resullarynyň hem tagtlarda oturjakdygyny aýtdy (Matta 19:28). Isa olary «kiçijik süri» diýip atlandyryp, bu topara degişli bolmadyk «başga-da goýunlarynyň» bardygyny belläp geçdi (Luka 12:32; Ýahýa 10:16).

2. Hudaýyň Patyşalygy hakyky adalatlylygy berkarar eder. Isa Patyşalygyň iň uly adalatsyzlygy ýok etjekdigini aýtdy: Erem bagynda turzulan pitneden bäri Şeýtan Ýehowa Hudaýyň adyny masgaralap gelýär. Ýöne indi Hudaýyň ady mukaddes bolar (Matta 6:9, 10). Şeýle-de Isa erkekdir aýallara, baýdyr garyplara öwredip, adamlary ala tutmaýandygyny görkezdi. Ol ysraýyllylar üçin iberilse-de, samariýalylara-da, özge milletlere-de kömek etdi. Şol döwürdäki dini ýolbaşçylardan tapawutlylykda, Isa ýüzgörüjilik etmedi.

3. Hudaýyň Patyşalygy bu dünýäden bolmaz. Isa syýasy taýdan durnuksyz döwürde ýaşapdy. Onuň watany özge ýurduň goly astyndady. Emma halk ony patyşa etjek bolanda, Isa olaryň ýanyndan gitdi (Ýahýa 6:14, 15). Ol bir hökümdara şeýle diýdi: «Meniň patyşalygym bu dünýäden däl» (Ýahýa 18:36). Şägirtlerine bolsa: «(Siz) dünýäden dälsiňiz» diýdi (Ýahýa 15:19). Olar Isany goramak üçin eline ýarag aljak bolanda-da, olara rugsat bermedi (Matta 26:51, 52).

«Isa... oba-oba aýlanyp, wagyz edip, Hudaýyň Patyşalygynyň hoş habaryny bildirýärdi» (Luka 8:1)

4. Mesih söýgi bilen höküm sürer. Isa adamlaryň kalbyna dynçlyk bermegi, olaryň ýüküni ýeňletmegi söz berdi (Matta 11:28—30). Ol sözünde-de durdy. Isanyň gymmatly maslahatlary söýgä esaslanandy. Ol biynjalykdan nädip gaça durmalydygyny, adamlar bilen nädip gowy gatnaşykda bolmalydygyny, baýlygyň duzagyna düşmez ýaly näme etmelidigini we nädip bagta ýetmelidigini düşündirdi (Matta kitabynyň 5—7-nji baplary). Isa adamlary söýýärdi. Onuň ýanyna dürli ynsanlar, hatda ezilen we äsgerilmeýän adamlar gelýärdi. Olar özüni Isanyň ýanynda arkaýyn duýýardylar. Isa, gör, nähili gowy Hökümdar bolar!

Isa Hudaýyň Patyşalygyny wagyz etmek bilen çäklenmän, eýsem, ençeme gudratlar hem görkezdi. Näme üçin? Geliň, onuň sebäbini bileliň.

Matta, Markus, Luka, Ýahýa kitaplaryna esaslanýar.