ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARY BARADA

Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamy

türkmen
Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamy
https://cms-imgp.jw-cdn.org/img/p/500900026/univ/art/500900026_univ_sqr_xl.jpg

Isa pygamberiň ölüminiň Ýatlama agşamy

2027-nji ýylyň 22-nji marty, duşenbe

Ýehowanyň Şaýatlary Isa pygamberiň tabşyrygyna eýerip, her ýyl onuň ölen gününi ýatlaýarlar. Ol şeýle diýdi: «Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» (Luka 22:19).

Biz sizi we maşgalaňyzy Ýatlama agşamyna gatnaşmaga çagyrýarys.

Köplenç berilýän soraglar

Kimler gatnaşyp bilýär?

Her bir adam gatnaşyp bilýär. Oňa dost-ýarlaryňyzy, maşgala agzalaryňyzy çagyryp bilersiňiz.

Duşuşyk näçe wagt dowam edýär?

Takmynan bir sagat.

Duşuşyk nirede geçirilýär?

Geçiriljek ýerini Ýehowanyň Şaýatlaryndan biliň.

Duşuşyga gatnaşmak üçin pul tölemelimi?

Ýok.

Duşuşykda pul ýygnalýarmy?

Ýok. Ýehowanyň Şaýatlarynyň duşuşyklarynda hiç haçan pul ýygnalmaýar (Matta 10:8).

Duşuşyga belli bir egin-eşikde barmalymy?

Ýok. Ýöne Ýehowanyň Şaýatlary salykatly we gelşikli geýinýärler.

Ýatlama agşamy nädip geçirilýär?

Duşuşykda Mukaddes Kitaba esaslanan ruhlandyryjy nutuk bolýar. Nutukda Isa pygamberiň näme üçin janyny gurban berendigi düşündirilýär. Şeýle-de Allatagalanyň we Isa pygamberiň adamlar üçin eden ýagşylygy hakda aýdylýar. Duşuşygyň başynda we soňunda aýdym aýdylyp, doga edilýär.

Öňümizdäki ýyllarda Ýatlama agşamy haýsy senelerde geçiriler?

2027-nji ýylyň 22-nji martynda, duşenbe güni

2028-nji ýylyň 9-njy aprelinde, ýekşenbe güni

2029-njy ýylyň 29-njy martynda, penşenbe güni