Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

31-NJI MAKALA

«Berk we tutanýerli boluň»

«Berk we tutanýerli boluň»

«Eziz doganlarym, berk we tutanýerli boluň» (1 Kor. 15:58).

122-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň

MAZMUNY a

1, 2. Mesihçiler haýsy manyda berk bina meňzeýär? (1 Korinfliler 15:58).

 1978-NJI ÝYLDA Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 60 gatly beýik bina guruldy. Adamlar depesi asmana ýetip duran binany görenlerinde haýran galyp: «Ýer titremäniň köp bolýan şäherinde şeýle beýik bina nädip ýykylman durarka?» diýip oýlanýardylar. Ökde gurluşykçylar binany berk we maýyşgak edip gurdular. Şol sebäpli ol güýçli sarsgynda hem ýykylman durup bilýär. Mesihçileri hem şeýle berk bina meňzetse bolar. Näme üçin?

2 Durmuşda bolýan sarsgynlarda ýykylmaz ýaly, berk we maýyşgak bina ýaly bolmaly. Şonda Hudaýyň kada-kanunlaryny bozdurjak bolanlarynda berk durarys (1 Korinfliler 15:58-i okaň). Ýehowa hemişe gulak asarys we imandan dänmeris. Şeýle-de biz gerek ýerinde «maýyşgak», ýagny paýhasly we eglişikli bolarys (Ýak. 3:17). Bizde şu häsiýetler bolsa, öte berk bolmarys ýa-da çendenaşa eglişik etmeris. Şu makalada biziň haýsy ýagdaýlarda tutanýerli bolmalydygymyz hakda gürrüň ederis. Şeýle-de Şeýtanyň biziň berk imanymyzy gowşatmak üçin ulanýan bäş duzagyna serederis we tutanýerli bolmak üçin näme etmelidigimizi bileris.

HAÝSY ÝAGDAÝLARDA TUTANÝERLI BOLMALY?

3. Resullar 15:28, 29-njy aýatlarda Ýehowa halkyna nähili kanun berdi?

3 Beýik Kanun çykaryjy Ýehowa halkyna hemişe kanunlaryny düşündirýär (Işa. 33:22). Meselem, I asyrda ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary mesihçileriň haýsy üç ýagdaýda berk bolmalydygyny düşündirýär. Birinjiden, butlara däl-de, Ýehowa sežde etmeli. Ikinjiden, gany mukaddes hasaplamaly. Üçünjiden, Mukaddes Kitabyň ýokary ahlak kada-kanunlary boýunça ýaşamaly (Resullar 15:28, 29-njy aýatlary okaň). Biz şu üç ýagdaýda imanymyzyň berkdigini nädip görkezip bileris?

4. Biz Ýehowa wepaly bolmak üçin näme etmeli? (Ylham 4:11).

4 Biz butlara däl-de, Ýehowa sežde edýäris. Allatagala ysraýyllara ýürekden wepaly bolmagy tabşyrdy (5 Mus. 5:6—10). Şeýtan Isa pygamberi synanda, ol diňe Ýehowa sežde etmelidigini açyk-aýdyň aýtdy (Mat. 4:8—10). Şol sebäpli biz butlara sežde etmek hakda pikir hem etmeli däl. Şeýle-de biz butparazlygyň başga görnüşlerinden seresap bolmaly. Meselem, biz dini, syýasy ýolbaşçylara, sport we sungat ýyldyzlaryna sežde etmeýäris. Biz ýeri-gögi ýaradan hak Hudaý Ýehowa sežde edýäris we diňe Oňa tabyn bolýarys (Ylham 4:11-i okaň).

5. Biz näme üçin Ýehowanyň gan baradaky tabşyrygyna gulak asmaly?

5 Biz Ýehowanyň gandan gaça duruň diýen tabşyrygyna gulak asýarys. Sebäbi ganda jan bar. Biz Allatagalanyň beren janyny gymmat saýmaly (3 Mus. 17:14). Ol Nuh pygambere haýwanlaryň etini iýmäge rugsat berende, ganyny ýere dökmegi tabşyrdy (1 Mus. 9:4). Musanyň kanunynda hem malyň etini gany bilen iýmek gadagan edildi (3 Mus. 17:10). I asyrdaky ýolbaşçylyk maslahaty ähli mesihçilere «gandan... gaça durmagy» tabşyrdy (Res. 15:28, 29). Biz bejergi almaly bolanymyzda gan goýbertmezligi ýüregimize berk düwmeli b.

6. Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamak üçin näme etmeli?

6 Biz Ýehowanyň ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýarys (Ýew. 13:4). Pawlus resul: «Beden agzalaryňyzdaky ahlaksyzlygy... öldüriň» diýdi. Ol ahlaksyz höweslere garşy aýgytly göreş alyp barmagy maslahat berdi. Şonuň üçin biz ahlaksyzlyga höweslendirýän zatlary görmeli däl we işleri etmeli däl (Kol. 3:5; Eýp. 31:1). Biz aňymyzdan we ýüregimizden ahlaksyz pikirleri köki bilen sogurmaly. Olar Hudaý bilen dostlugyňy bozýar.

7. Biz näme etmegi ýüregimize düwmeli we näme üçin?

7 Ýehowa biziň Özüne «ýürekden tabyn bolmagymyzy» isleýär (Rim. 6:17). Onuň tabşyryklary hemişe peýdaly (Işa. 48:17, 18; 1 Kor. 6:9, 10). Şonuň üçin biz Hudaýyň kada-kanunlaryny öz peýdamyza görä üýtgetjek bolmaly däl. Biz Ýehowany razy etmek isleýäris we mezmurçynyňky ýaly garaýyşda bolasymyz gelýär. Ol: «Men ömrümiň ahyryna çenli kanunlaryňa eýermegi ýüregime düwdüm» diýdi (Zeb. 119:112). Emma Şeýtan bizi imandan dändirjek bolup her hili duzaklary gurýar. Geliň, olar hakda gürrüň edeliň.

ŞEÝTANYŇ BÄŞ DUZAGY

8. Şeýtan yzarlamalar arkaly nädip hüjüm edýär?

8 Yzarlamalar. Şeýtan bizi awlamak üçin «arlaýjy arslan kimin aýlanyp» ýör (1 Pet. 5:8). Ol golastyndaky adamlar arkaly bize hüjüm edýär. Olar bizi urup-sögýär, kemsidýär we üstümizden gülýär. Şeýdip, Şeýtan bizi imandan dändirmek we Hudaý bilen dostlugymyzy bozmak isleýär. I asyrdaky mesihçilere haýbat atdylar, yzarladylar, hatda olary öldürdiler (Res. 5:27, 28, 40; 7:54—60). Şeýtan şu usulyny häzir hem ulanýar. Russiýada ýaşaýan dogan-uýalary ýowuz yzarlaýarlar, tussag edýärler. Käbir ýurtlarda ýaşaýan mesihçiler döwlet tarapyndan yzarlanmasa-da, adamlaryň garşylygyna duş gelýärler.

9. Şeýtan nädip mekirlik bilen duzaga düşürjek bolýar? Mysal getiriň.

9 Mekir usullar. Şeýtan Hudaýyň halkyny diňe bir ýowuz yzarlaman, hileli usullar bilen hem duzaga düşürmek isleýär (Efes. 6:11). Muny Bob bilen bolan waka subut edýär. Ol hassahana düşýär. Oňa agyr operasiýa garaşýardy. Bob lukmanlara gan goýbertmejegini aýdýar. Şonda olar Bobuň karary bilen razylaşýar. Operasiýadan bir gün öň Bobuň ýanyna anesteziolog lukmany gelýär. Şol wagt Bobuň dogan-garyndaşlary öýüne gaýdypdy. Lukman pursatdan peýdalanyp: «Biz operasiýa wagty saňa gan goýbermeris. Emma ätiýaçlyk üçin ýanymyza gan alyp goýsak nähili görýäň?» diýýär. Lukman Boby ýeke wagty pikirinden dändirerin öýdýärdi. Emma ol nähili ýagdaý bolsa-da gan goýbertmejegini çürt-kesik aýdýar.

10. Dünýäniň akyldarlygyna eýermek näme üçin howply? (1 Korinfliler 3:19, 20).

10 Dünýäniň akyldarlygy. Biz «dünýäniň akyldarlygyna» eýersek, Ýehowa Hudaýy äsgermän, Mukaddes Kitabyň kada-kanunlaryna sowuk-sala serederis (1 Korinfliler 3:19, 20-nji aýatlary okaň). «Dünýäniň akyldarlygyna» eýerýän adamlar ten höweslerini kanagatlandyryp ýaşaýarlar. I asyrda Pergam we Tiýatira şäherlerinde butparazlyk hem-de ahlaksyzlyk giňden ýaýrandy. Gynansak-da, käbir mesihçiler şäheriň ýaşaýjylarynyň täsirine düşdüler. Şol sebäpli Isa pygamber şol iki ýygnaga ahlaksyzlyga göz ýumýandygy üçin käýedi (Ylh. 2:14, 20). Şeýtan şu günler hem biziň dünýäniň akymyna görä ýaşamagymyzy isleýär. Dogan-garyndaşlarymyz we tanyş-bilişlerimiz bize: «Mukaddes Kitap könelişen. Dinim diýip durmuşdan yza galma. Keýp çekip ýaşamagyň hiç-hili erbetligi ýok» diýmegi mümkin.

11. Biz nämeden ägä bolmaly?

11 Käte biziň: «Ýehowa görkezme berýär, ýöne jikme-jik düşündirmeýär» diýmegimiz mümkin. Şeýdip, «ýazylan zatlaryň çäginden çykmagymyz» ahmal (1 Kor. 4:6). I asyrda ýaşan dini ýolbaşçylar hem Musanyň kanunynyň üstüne öz düzgünlerini goşýardylar. Şeýlelikde, olar Hudaýyň öňünde günä etdiler we «adamlaryň egnine agyr ýük atdylar» (Mat. 23:4). Ýehowa şu günler Sözi we guramasy arkaly görkezme berýär. Biz görkezmeleriň üstüne öz düzgünlerimizi goşmakdan seresap bolmaly (Nak. 3:5—7). Biz Mukaddes Kitapda ýazylanlaryň çäginden çykmaly däl we şahsy meselede dogan-uýalary öz pikirimize eýertjek bolmaly däl.

12. Şeýtan adamlary nädip aldawa salýar?

12 Aldawa salmak. Şeýtan Iblis «boş zatlary, ýagny dünýäniň düşünjeleri» bilen adamlary aldawa salýar we agzalalyk döredýär (Kol. 2:8). I asyrda Şeýtan filosofiýa, Töwrada esaslanmadyk däp-dessurlar we mesihçiler ýygnagynda Musanyň kanuna eýermek ýaly taglymatlar arkaly käbirlerini aldawa saldy. Muňa näme üçin aldaw diýse bolar? Sebäbi Şeýtan şol usullar arkaly adamlaryň ünsüni akyldarlygyň Gözbaşy bolan Ýehowadan sowýar. Şeýtan şu günler hem habar beriş serişdeleri we internet ulgamy arkaly şübheli, ýalan habarlary ýaýradýar. Köplenç şeýle habarlaryň arkasynda syýasy ýolbaşçylar durýar. Biz munuň şeýledigine koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri göz ýetirdik c. Şol döwür Ýehowanyň Şaýatlary guramanyň görkezmelerine eýerdiler. Şeýlelikde, olaryň kalby rahat boldy, gerekmejek aladalary ýüregine ýük etmedi (Mat. 24:45).

13. Wajyp zatlardan ünsümiz sowulmaz ýaly näme etmeli?

13 Wajyp zatlardan ünsüňi sowmak. Mukaddes Kitapda: «Iň wajyp zatlara düşüniň» diýilýär (Flp. 1:9, 10). Şu günler wajyp işlerden ünsüňi sowýan zatlar gaty köp. Muňa iýip-içmek, gazanç etmek, dynç almak we şuňa meňzeş zatlar degişli bolup biler. Şu zatlar her günki durmuş üçin gerek dälmi näme?! Elbetde, gerek! Ýöne olar biziň köp wagtymyzy, güýjümizi alsa we durmuşda birinji orna geçse, wajyp zatlardan ünsümizi sowup biler (Luka 21:34, 35). Şeýle-de Şeýtan täzelikler arkaly wajyp zatlardan ünsümizi sowjak bolýar. Biz her gün habarlarda adamlaryň gozgalaň turuzýandygy we syýasy ýolbaşçylaryň dawalaşýandygy hakda eşidýäris. Eger biz seresap bolmasak, pikirimizde haýsydyr bir tarapy goldamagymyz mümkin. Emma Ýehowa biziň iň wajyp zatlara düşünmegimizi, ýagny bitaraplygy saklamagymyzy isleýär. Hawa, ýokarda agzalan bäş duzak arkaly Şeýtan biziň imanymyzy gowşatjak bolýar we ýagşy işlerden elimizi sowatmak isleýär. Geliň, Şeýtanyň duzaklaryna düşmezlige kömek edýän dört maslahata seredeliň.

TUTANÝERLI BOLMAGA NÄME KÖMEK EDER?

Tutanýerli bolmak üçin Hudaýa ömrüňizi bagyş edip, suwa çümdürilen günüňizi ýatlaň, Mukaddes Kitaby her gün okap oýlanyň, wepaly bolmagy ýüregiňize düwüň we Ýehowa bil baglaň (14—18-nji abzaslara serediň).

14. Siz näme üçin Hudaýa wepaly bolmagy ýüregiňize berk düwdüňiz?

14 Ömrüňizi Hudaýa bagyş edip suwa çümdürilen günüňizi ýatlaň. Siz Ýehowany söýýändigiňiz üçin şeýle wajyp ädimi ätdiňiz. Hakykaty tapandygyňyza näme ynandyrdy? Siz Ýehowa hakda bilim aldyňyz, Oňa çuňňur hormat goýduňyz we ýürekden söýdüňiz. Siziň imanyňyz berkedi we günäleriňize toba etdiňiz. Siz erbet işleri goýup, Ýehowanyň islegine görä ýaşap başladyňyz. Allatagalanyň bagyşlandygyny duýanyňyzda bolsa ýüregiňiz giňäp gidendir (Zeb. 32:1, 2). Siz ýygnak duşuşyklaryna her hepde bardyňyz we öwrenen zatlaryňyzy adamlara gürrüň berdiňiz. Siz suwa çümdürileniňizde bolsa, ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöräp başladyňyz we ondan sowulmazlygy ýüregiňize berk düwdüňiz (Mat. 7:13, 14).

15. Mukaddes Kitaby näme üçin okap oýlanmaly?

15 Mukaddes Kitaby her gün okaň we oýlanyň. Şonda imanyňyz berk agaç ýaly bolar. Agaçlar ýyl-ýyldan ösüp, köki daş-töweregine ýaýraýar. Şonuň ýaly Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz imanyňyz berkär, Ýehowanyň kada-kanunlarynyň peýdalydygyna ýürekden ynanarsyňyz (Kol. 2:6, 7). Mukaddes Kitaby okanyňyzda Ýehowanyň halkyna görkezme, tabşyryk berendigi we gorandygy hakda oýlanyň. Meselem, Hyzkyl pygamber görnüşde perişdäniň ybadathanany ölçändigini görýär. Şonda pygamberiň imany berkeýär. Bizem şol görnüş hakda oýlansak, Ýehowany razy etmek üçin ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşamalydygymyza düşüneris d (Hyz. 40:1—4; 43:10—12). Hawa, Hudaýyň Sözüni her gün okasaňyz we oýlansaňyz imanyňyz asla sarsmaz.

16. Bob Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwendigini nädip görkezdi? (Zebur 112:7).

16 Hudaýa wepaly bolmagy ýüregiňize düwüň. Dawut pygamber Ýehowany söýýändigi hakda şeýle aýdym aýdýar: «Ýa Alla, men saňa wepaly, saňa wepaly!» (Zeb. 57:7). Bizem Ýehowa ýürekden bil baglasak, Oňa hemişe wepaly bolarys (Zebur 112:7-ni okaň). Geliň, ýokarda agzalan Bob dogan hakda gürrüň edeliň. Lukman oňa ätiýaçlyk üçin ganyň gerek boljagyny aýdypdy. Şonda ol lukmana: «Eger meniň kararyma hormat goýmasaňyz, häziriň özünde hassahanadan gitjek» diýip, çürt-kesik aýdýar. Soňra Bob şeýle gürrüň berýär: «Men birjik-de ikirjiňlenmedim, sebäbi gan goýbertmezligi ýüregime berk düwüpdim».

Imanyňyz berk bolsa, durmuşda bolýan sarsgynlarda ýykylmarsyňyz (17-nji abzasa serediň).

17. Bob bilen bolan wakadan näme öwrendiňiz? (Surata serediň).

17 Bob dogana ikirjiňlenmezlige näme kömek etdi? Ol hassahana girmänkä Hudaýa wepaly bolmagy ýüregine düwüpdi. Birinjiden, ol Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmak isleýärdi. Ikinjiden, Mukaddes Kitapda we oňa esaslanan edebiýatlarda ganyň mukaddesligi hakda okapdy. Üçünjiden, Ýehowanyň görkezmesiniň hemişe peýda berýändigine ynanýardy. Bizem Bobuň göreldesine eýersek, kyn ýagdaýlarda-da Hudaýa wepaly bolup bileris.

Barak serdar we esgerleri Siseranyň goşunynyň üstüne çozýar (18-nji abzasa serediň).

18. Barak serdaryň göreldesine nädip eýerip bileris? (Daşky sahypadaky surata serediň).

18 Ýehowa bil baglaň. Barak serdar Ýehowanyň görkezmesine eýerendigi üçin ýeňiş gazandy. Ysraýyllarda ne galkan, ne-de naýza bardy. Emma olar Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asyp, agyr ýaraglanan Kengan goşunyna garşy söweşe çykýar (Ser. 5:8). Pygamber aýal Debora Barak serdara dagdan düzlüge inip, Siseranyň we onuň 900 arabasynyň garşysynda durmagy tabşyrýar. Adam garaýşy bilen seretseň, bu öz aýagyň bilen ölüme giden ýalydy. Sebäbi düzlükde agyr ýaraglanan arabaly goşunyň üstünden ýeňiş gazanmak mümkin däldi. Barak esgerleri bilen Tabor dagyndan düzlüge inende, Ýehowa çabga ýagdyrýar. Siseranyň arabalary batýar we Ýehowa Baraga ýeňiş berýär (Ser. 4:1—7, 10, 13—16). Şonuň ýaly biz hem Ýehowa bil baglasak we wekilleri arkaly berýän görkezmesine eýersek ýeňiş gazanarys (5 Mus. 31:6).

TUTANÝERLI BOLMAGY ÝÜREGIŇIZE DÜWÜŇ

19. Siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?

19 Şu zalym dünýäniň soňuna çenli imanymyzy sarsdyrýan kynçylyklar bolar (1 Tim. 6:11, 12; 2 Pet. 3:17). Emma biz berk we tutanýerli bolmaly. Geliň, yzarlamalar, mekir usullar, dünýäniň akyldarlygy, aldawa salmak we ünsüňi bölmek ýaly Şeýtanyň ulanýan duzaklaryna garşy duralyň (Efes. 4:14). Ýehowa Hudaýa ýürekden wepaly bolalyň we kada-kanunlaryna eýereliň. Şeýle-de paýhasly we eglişikli bolmagy unutmalyň. Indiki makalada Ýehowanyň we Isa pygamberiň eglişikli bolandygy hem-de olaryň göreldesine eýermek üçin näme etmelidigi hakda bileris.

129-NJY AÝDYM Çydamly bolalyň

a Şeýtan Adam ata bilen How enä nämäniň ýagşydygyny, nämäniň ýamandygyny özleriniň çözüp bilýändigini aýtdy. Şondan bäri Şeýtan adamlary hiç kime gulak asman, özbaşdak ýaşamaga höweslendirýär. Ol hatda biziň hem Hudaýyň kada-kanunlaryna we guramanyň görkezmelerine eýermän, öz ýüregimizi diňlemegimizi isleýär. Makalada Şeýtanyň şu duzagyna düşmez ýaly we Ýehowa hemişe gulak asyp ýaşar ýaly näme etmelidigini bileris.

b Ýehowanyň gan barada beren tabşyrygy hakda köpräk bilmek üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 39-njy sapagyny okap bilersiňiz.

c JW.ORG saýtyndan «Nädogry maglumatlary diňlemäň» (rus.) diýen makalany okap bilersiňiz.