Bäşinji Musa 31:1—30

  • Musanyň ölümi golaýlaýar (1—8)

  • Halkyň öňünde Kanuny okamak (9—13)

  • Ýuşa baştutan bellenýär (14, 15)

  • Ysraýyllaryň Hudaýa garşy çykjakdygy aýdylýar (16—30)

    • Ysraýyllara öwredilen aýdym (19, 22, 30)

31  Musa halkyň öňüne çykyp, şeýle diýdi:  «Men eýýäm 120 ýaşadym+. Indiden beýläk size ýolbaşçylyk edip bilmerin, sebäbi Ýehowa maňa: „Iordandan geçmersiň“+ diýdi.  Ýehowa Hudaýyňyz öňüňize düşüp, sizi derýadan geçirer, ýurtda ýaşaýan halklary ýok eder+. Siz ýurdy basyp alarsyňyz. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ýuşa size ýolbaşçylyk edip, derýadan geçirer+.  Ýehowa amor hanlary Sihony+ we Ogy+ ýok edişi ýaly, şol halklary⁠-⁠da derbi⁠-⁠dagyn eder+.  Ýehowa siziň hatyraňyza olary ýok eder. Olar hakda näme tabşyran bolsam, şony hem ediň+.  Batyrgaý hem dogumly boluň!+ Olardan gorkmaň, howsala düşmäň+, Ýehowa Hudaýyňyz ýanyňyzda gider. Ol sizi terk etmez, hiç wagt taşlamaz»+.  Soňra Musa Ýuşany çagyryp, halkyň öňünde oňa şeýle diýdi: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky Ýehowanyň ata⁠-⁠babalaryna wada beren* ýurduna sen eltersiň. Ýurdy olara mülk edip berersiň+.  Ýehowa öňüňe düşüp gider, hemişe ýanyňda bolar+. Ol seni terk etmez, hiç wagt taşlamaz. Gorkma, howsala düşme»+.  Şondan soň Musa Kanuny ýazdy⁠-⁠da+, Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewi ruhanylara we ysraýyl ýaşulularyna berdi. 10  Musa olara tabşyryk berip: «Her ýedi ýyldan, Azatlyk ýylynda+ Çatma baýramyny bellärsiňiz+. 11  Ähli ysraýyllar Ýehowa Hudaýyňyzyň saýlan ýerine gelip, huzurynda durar+. Şonda Kanuny tutuş halka eşitdirip okaň+. 12  Uludan⁠-⁠kiçä hemmäni+: erkekleri, aýallary, çagalary*, şäheriňizde ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Goý, olar Kanuny diňläp, Ýehowa Hudaýyňyz hakda bilsin, Hudaýdan gorkmagy we tabşyryklary berjaý etmegi öwrensin. 13  Şonda olaryň Kanuny bilmeýän ogullary⁠-⁠da diňläp+, Ýehowa Hudaýyňyzdan gorkmagy öwrener we Iordandan geçip, miras aljak ýurduňyzda hemişe Hudaýdan gorkup ýaşar»+ diýdi. 14  Soňra Ýehowa Musa: «Indi seniň ölümiň golaýlap gelýär+. Ýuşany çagyr⁠-⁠da, ýygnak çadyryna* gir. Ýuşany baştutan belläýin»+ diýdi. Musa bilen Ýuşa ýygnak çadyryna girdi. 15  Ýehowa mukaddes çadyrda bulut sütüninde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň agzynda durdy+. 16  Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Sen biraz wagtdan aradan çykarsyň. Halk bolsa barjak ýurdunda maňa biwepalyk edip, başga taňrylara sežde edip başlar+. Olar menden ýüz öwrüp+, baglaşan ähtimi bozarlar+. 17  Şonda gahar⁠-⁠gazaba münüp+, menem olardan ýüz öwrerin+. Bary heläk bolýança, olara nazar salmaryn+. Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+: „Hudaý bizden el çekdi*, şonuň üçin başymyza şeýle kyn günler düşdi“+ diýerler. 18  Emma başga taňrylara sygynyp, erbet işleri edendikleri üçin, olara asla nazar salmaryn+. 19  Indi bolsa şu aýdymy ýazyp alyň⁠-⁠da+, ysraýyllara öwrediň+, goý, olar aýdymy ýat tutsun. Aýdym ysraýyl halkyna duýduryşlarymy ýatladar*+. 20  Olary ata⁠-⁠babalaryna wada beren* ýurduma+, süýt bilen bal akýan ýurda eltenimde+, bolelin iýip, gowy ýaşap başlarlar+. Şonda meni äsgermezlik edip, ähtimi bozarlar+, başga taňrylara sygnyp, sežde ederler. 21  Kyn güne düşüp, görgi baryny görenlerinde+, şu aýdym olara duýduryşlarymy ýatladar*. Aýdymy hatda olaryň nesilleri⁠-⁠de unutmasyn. Halkymy heniz wada beren* ýurduma eltmesem⁠-⁠de, ýüreginde näme niýetiniň bardygyny gowy bilýärin»+. 22  Şol gün Musa aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi. 23  Ol* Nun ogly Ýuşany baştutan belläp+: «Batyrgaý hem dogumly bol+, halky wada beren* ýurduma sen eltersiň+. Men hemişe ýanyňda bolaryn» diýdi. 24  Musa Kanunyň sözlerini kitaba doly ýazyp+, 25  Ýehowanyň äht sandygyny göterýän lewilere şeýle tabşyryk berdi: 26  «Kanun kitabyny alyň⁠-⁠da+, Ýehowa Hudaýyňyzyň äht sandygynyň gapdalynda goýuň+. Kanun size duýduryşlarymy ýatladyp durar*. 27  Siziň başbozar+ we kesir halkdygyňyzy+ gowy bilýärin. Şu wagt men dirikäm, Ýehowa şeýle garşy çykýan bolsaňyz, ölsem dagy näme bolar?! 28  Ähli taýpalaryň ýaşululary we ýolbaşçylary ýanyma gelsin. Men ýeri⁠-⁠gögi şaýat tutunyp, şu zatlary olara aýdaýyn+. 29  Sebäbi ölenimden soň, siziň azyp+, öwreden ýolumdan sowuljakdygyňyzy bilýärin. Gelejekde başyňyza betbagtçylyk iner+, sebäbi siz Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip, etmişleriňiz bilen Hudaýy ynjydarsyňyz*». 30  Soňra Musa aýdymy bütin halka eşitdirip, başdan⁠-⁠aýak aýdyp başlady+:

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Ýaňy ýöräp başlan çagalar hem göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: aramyzda ýok.
Sözme⁠-⁠söz: ysraýyl halkyna garşy şaýadym bolar.
Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Sözme⁠-⁠söz: garşy şaýat bolar.
Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa⁠-⁠da: ant içen.
Sözme⁠-⁠söz: garşy şaýat bolar.
Ýa⁠-⁠da: göwnüne degersiňiz.