Işaýa 48:1—22

  • Hudaý Ysraýyla käýeýär we ony arassalaýar (1—11)

  • Ýehowa Wawilona garşy çykýar (12—16a)

  • Hudaý peýdaly zatlary öwredýär (16b—19)

  • «Wawilondan çykyň!» (20—22)

48  Ýakubyň öýi, diňläň!Siz Ysraýylyň adyny göterýärsiňiz+,Ýahudanyň neslinden* dörediňiz.Ýehowanyň adyndan ant içýärsiňiz+,Ysraýyl Hudaýyny çagyrýarsyňyz,Ýöne muny ak ýürekden*, dogruçyllyk bilen etmeýärsiňiz+.   Olar mukaddes şäherde ýaşaýandygyna buýsanýarlar+,Ysraýyl Hudaýyndan,Ady Serkerdebaşy Ýehowadan hemaýat soraýarlar+.   «Geçmişde* bolanlary öňünden aýdypdym, Olar meniň agzymdan çykypdy.Olary äşgär edipdim+. Men dessine aýaga galdym, olary amala aşyrdym+.   Siz barypýatan kesir,Boýnuňyz demirden, maňlaýyňyz misden+.   Size gadymy günlerde äşgär edipdim. Siz: „Muny butumyz etdi,Guýma we oýma butlaryň emri bilen boldy“ diýmez ýaly,Heniz amala aşmanka aýdypdym.   Siz şolaryň baryny eşitdiňiz hem gördüňiz. Muny başgalara aýtman durarsyňyzmy?+ Men indi size täze zatlary+,Gizlin syrlary, bilmeýän zatlaryňyzy aýdýaryn.   Olar gadymy döwürde däl, ýaňyja peýda boldy.Muny şu günlere çenli eşiden dälsiňiz,„Men olary bilýärdim“ diýip bilmersiňiz.   Siz eşitmek, bilmek islemediňiz+,Owalbaşda diňlemek islemediňiz. Siziň dönükdigiňizi bilýärin+,Siz doglanyňyzdan bäri, günä edip gelýärsiňiz+.   Emma men adymyň hatyrasyna gaharymy saklaryn+;Şan⁠-⁠şöhratymyň hatyrasyna özümi dürsärin,Sizi ýok etmerin+. 10  Men sizi kümşüň arassalanyşy ýaly arassalamadym+, Sizi ýanyp duran peçde, jebir⁠-⁠jepa içinde synadym*+. 11  Adymyň hatyrasyna, adym üçin aýaga galaryn+.Heý⁠-⁠de, men adyma ysnat gelmegine ýol bererinmi?+ Men şan⁠-⁠şöhratymy hiç kime bermerin*. 12  Ýakup, meni diňle! Saýlanym Ysraýyl, maňa gulak as! Men üýtgemeýärin+, men ilkinji we soňkudyryn+. 13  Men elim bilen ýeriň düýbüni tutdum+,Sag elim bilen asmany ýaýdym+. Olary çagyrsam, derrew huzuryma gelýärler. 14  Ähliňiz jem bolup diňläň. Butlaryň* haýsysy muny yglan etdi? Ýehowa ony* gowy gördi+. Ol Wawilona garşy niýetimi amala aşyrar+,Eli bilen haldeýleri urar+. 15  Men aýtdym, men çagyrdym+, Men ony getirdim, eden işi oňuna bolar+. 16  Huzuryma geliň, diňläň! Owalbaşda gizlemedim, jar etdim+. Ol berjaý bolanda, men şol ýerdedim». Ine, Älemiň Hökümdary Ýehowa ruhuny berip, meni iberdi. 17  Siziň Halasgäriňiz* Ýehowa,Ysraýylyň Mukaddes Hudaýy+ şeýle diýýär: «Men, Ýehowa, siziň Hudaýyňyz.Size peýdaly* zatlary öwredýärin+,Ýöremeli ýoluňyzdan alyp barýaryn+. 18  Eger tabşyryklarymy diňleseňiz+, Parahatlygyňyz derýa kimin+,Dogruçyllygyňyz deňiz tolkunlary kimin bolar+. 19  Nesilleriňiz çäge deý köp bolar,Nebereleriňiz çäge deý sansyz⁠-⁠sajaksyz bolar+. Atlary hiç haçan öçmez, ýitip gitmez». 20  Wawilondan çykyň!+ Haldeýlerden gaçyň! Muny gygyryp yglan ediň, buşlaň!+ Tutuş ýer ýüzüne jar edip+ diýiň: «Ýehowa guly Ýakup üçin töleg töledi+. 21  Olary çölden geçirende suwsamadylar+. Olar üçin gaýadan suw akdyrdy,Gaýany ýardy, suw çogup çykdy»+. 22  Ýehowa: «Erbetler asuda durmuş görmezler» diýýär+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: suwlaryndan.
Sözme⁠-⁠söz: hakykatda.
Sözme⁠-⁠söz: Ilkinji.
Başga manysy: saýladym.
Ýa⁠-⁠da: hiç kim bilen paýlaşmaryn.
Sözme⁠-⁠söz: Olaryň.
Ýagny Kiri.
Sözme⁠-⁠söz: Töleg tölän.
Ýa⁠-⁠da: gowy.