Zebur 57:1—11

  • Dileg

    • Hudaýyň ganatlarynyň astynda pena taparyn (1)

    • Duşmanlarym gazan çukuryna düşsün (6)

Aýdymçylaryň ýolbaşçysyna. «Meni heläk etme» diýen saza goşup aýtmaly. Dawudyň aýdymy. Miktam*. Dawut Şawuldan gaçyp, gowakda gizlenýär+. 57  Maňa rehim eýle, eý Hudaý, maňa rehim eýle!Sebäbi sen meniň penamsyň+,Howp⁠-⁠hatar geçýänçä, ganatlaryň astynda pena taparyn+.   Allatagalany*, hak Hudaýy çagyraryn,Ol dertlerimden dyndarar.   Ol gökden kömek eder, meni halas eder+, Meni ezýänler utanja galar. (Sela) Hudaý maňa ýagşylyk eder*, wepaly bolar+.   Arslanlar meni gabady+,Ýolbarslaryň arasynda ýatyryn.Olaryň dişi naýza hem okdur,Dilleri ýiti gylyçdyr+.   Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,Bütin dünýä ýaň salsyn!+   Gaýgy⁠-⁠hasratdan bilim büküldi+,Meniň üçin duzak guruldy+. Ýoluma çukur gazanlar,Öz gazan çukuryna özleri düşdi+. (Sela)   Ýa Alla, men saňa wepaly+,Saňa wepaly! Seniň şanyňa aýdym aýdaryn.   Oýan, eý ýüregim! Oýan, eý çeňim!* Oýan, eý arfam! Men daň şapagyny oýararyn+.   Eý Ýehowa, halklaryň arasynda seni wasp ederin+,Milletleriň arasynda seniň şanyňa aýdym aýdaryn+. 10  Sebäbi wepaly söýgiň göge ýetýär+,Wepadarlygyň arşa galýar. 11  Eý Hudaý, şan⁠-⁠şöhratyň asmana,Bütin dünýä ýaň salsyn!+

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsini bildirer.
Arfanyň bir görnüşi.