Birinji Korinfliler 3:1—23

  • Korinfliler henizem tene görä ýaşaýar (1—4)

  • Ösdürýän Hudaýdyr (5—9)

    • Hudaýyň işdeşleridiris (9)

  • Oda çydamly zatlar bilen guruň (10—15)

  • Siz Hudaýyň ybadathanasysyňyz (16, 17)

  • Dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr (18—23)

3  Doganlar, size hiç zat aýdyp bilmeýärin, sebäbi siz ruha eýermeýärsiňiz+. Gaýtam ten höweslerine eýerip, Mesihiň ýolunda çagalar ýaly ýöreýärsiňiz+.  Çaga ýaly bolandygyňyz üçin nahar däl⁠-⁠de, süýt berdim, sebäbi nahar iýer ýaly entegem ulalmadyňyz+.  Siz henizem şu dünýäniň höweslerine eýerip ýaşaýarsyňyz+. Eger göriplik edip, dawalaşýan bolsaňyz, şu dünýäniň adamlaryndan näme tapawudyňyz bar?+ Sizem olara meňzemeýärsiňizmi?  Biriňiz «Men Pawlusyň şägirdi», beýlekiňiz «Men Apollosyň+ şägirdi» diýseňiz, olardan tapawudyňyz barmy?  Apollos kim? Pawlus kim? Olar Hudaýyň tabşyryklaryny ýerine ýetirýän gullar ahyry+. Olar size Halypamyzyň şägirdi bolmaga kömek etdiler.  Men tohum ekdim+, Apollos suwardy+, ýöne ösdürýän Hudaýdyr.  Şonuň üçin tohumy ekene ýa⁠-⁠da suwarana däl⁠-⁠de, ösdürýän Hudaýa+ alkyş aýtmaly.  Tohumy eken bilen suwaran bile zähmet çekse⁠-⁠de*, hersi zähmetiniň hözirini görer+.  Biz Hudaýyň işdeşleri, siz bolsa onuň mellegi, guran öýi+. 10  Men Hudaýyň ýagşylygy bilen ökde ussa* kimin jaýyň düýbüni tutdum+. Başga biri bolsa onuň üstüni gurup başlady. Ýöne her kes jaýy nädip gurýandygyna üns bersin. 11  Hiç kim başga düýp tutup bilmez. Düýp — Isa Mesih+. 12  Bir adam şol düýbüň üstünde altyndan, kümüşden ýa⁠-⁠da gymmatbaha daşlardan gurýar, başga biri agaçdan, bededen ýa⁠-⁠da samandan gurýar. 13  Synagda hersiniň eden işi belli bolar. Işiň gowy ýa⁠-⁠da erbetdigi ot bilen synalar+. 14  Kimiňki ýanmasa, sylag alar. 15  Kimiňki ýansa, özi heläk bolmasa⁠-⁠da, köp zyýan çeker. Ol oduň ýalnyndan halas bolan adam kimin bolar. 16  Bilýän bolsaňyz, siz Hudaýyň ybadathanasy+, sizde Hudaýyň ruhy bar+. 17  Kim Hudaýyň ybadathanasyny ýumursa, Hudaý ony ýok eder. Sebäbi Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir, siz bolsa onuň ybadathanasysyňyz+. 18  Hiç kim özüni aldamasyn, şu dünýäde* kim akyllydyryn öýtse, akylsyz bolsun. Şonda ol paýhasly bolar. 19  Dünýäniň akyldarlygy Hudaý üçin akmaklykdyr. Sebäbi: «Ol akyldarlary öz duzagyna düşürýär»+ diýip ýazylgy. 20  Şeýle⁠-⁠de: «Ýehowa* akyldarlaryň oý⁠-⁠pikiriniň biderekdigini bilýär»+ diýilýär. 21  Hiç kim eden işine öwünmesin, sebäbi ähli zady Hudaý berendir. 22  Pawlus⁠-⁠da, Apollos⁠-⁠da, Kifa⁠-⁠da*+, dünýä⁠-⁠de, ýaşaýyş⁠-⁠da, ölüm⁠-⁠de, häzirki we gelejekki zatlar⁠-⁠da, garaz, ähli zatlar siziňkidir. 23  Siz bolsa Mesihiňki+, Mesih hem Hudaýyňkydyr.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: olaryň maksady bir bolsa⁠-⁠da.
Ýa⁠-⁠da: paýhasly ýolbaşçy.
Ýa⁠-⁠da: döwürde. Sözlüge serediň.
Ýagny Petrus.