Işaýa 33:1—24

  • Dogruçylyň umydy we adyl höküm (1—24)

    • Ýehowa — Kazy, Kanun çykaryjy we Patyşa (22)

    • «Hiç bir adam: „Men syrkaw“ diýmez» (24)

33  Waý seniň halyňa! Eý weýran edýän duşman,Sen heniz weýran edilmediň!+Eý dönük, heniz saňa dönüklik edilmedi! Sen weýran edeniňden soň, özüň weýran bolarsyň+, Dönüklik edeniňden soň, saňa⁠-⁠da dönüklik ediler.   Ýehowa, bize rehim et!+ Biz saňa umyt edýäris. Her säher güýç⁠-⁠kuwwatymyz* bol+,Aladaly günde halasgärimiz bol+.   Batly sesiňden halklar gaçýarlar, Ýeriňden turanyňda, milletler dumly⁠-⁠duşa dargaýarlar+.   Milletler çekirtgeler ýaly mal⁠-⁠mülküňizi ýalmap ýuwudar,Halklar çekirtge sürüsi deý baýlygyňyza çozar.   Ýehowa beýgeler,Sebäbi onuň mekany gökdedir. Ol Siony dogruçyllyk we adalatlylyk bilen doldurar.   Ol sizi asuda zamanda ýaşadar.Ynsanyň* hazynasy: beýik ýeňiş*+, akyldarlyk, bilim,Ýehowadan gorkudyr+.   Olaryň gahrymanlary köçede ajy gözýaş dökýärler,Parahatlyk habarçylary zar⁠-⁠zar aglaýarlar.   Şaýollarynda adam⁠-⁠gara görünmez,Ýollaryndan ýolagçylar ýöremez. Duşman ähtini bozdy,Şäherleriniň üstünden güldi,Başy ölümli ynsany äsgermedi+.   Ýurt ýas tutup*, tapdan düşýär, Liwan masgaraçylykdan+ ýaňa saralyp solýar. Şaron çöle öwrülýär,Başan bilen Karmeliň ýapraklary dökülýär+. 10  Ýehowa şeýle diýýär: «Men ýerimden galaryn,Indi men beýgelerin+,Özümi şöhratlandyraryn. 11  Siz guran ota göwreli bolup, saman dogurdyňyz. Oý⁠-⁠pikirleriňiz içiňizde ot bolup, sizi ýakyp ýandyrar+. 12  Halklar ýanan hek kimin dargap gider, Çapylan ýandak kimin oda taşlanar+. 13  Eý uzakdakylar, etjek işlerimi eşidiň! Eý golaýdakylar, güýç⁠-⁠kuwwatymy görüň! 14  Sionyň günäkärleri sandyraýar+.Imandan dänenler titräp: „Ýakyp ýandyrýan oduň içinde kim ýaşap biler?+ Sönmeýän oduň ýalnyna kim çydap biler?“ diýýärler. 15  Dogry ýoldan ýöreýän ynsan+Hakykaty aýdýar+,Hilegärlik etmeýär, haram gazançdan ýüz öwürýär,Para almaýar, halal ýaşaýar+,Ganhorlary diňlemän, gulagyny ýapýar,Pisligi görmezlik üçin gözüni ýumýar. 16  Ol daglaryň depesinde ýaşar,Gaýalar oňa gaçybatalga bolar.Saçagynda nany egsilmez,Içere suwy tükenmez»+. 17  Seniň gözleriň şan⁠-⁠şöhratly patyşany,Uzakdaky ýurdy görer. 18  Gorkunç zatlary ýatlap: «Kätip nirede? Salgyt töleýän adam hany?+ Diňleri sanaýan adam nirede?» diýersiň. 19  Mundan beýläk tekepbir halky görmersiň,Ýat dilde, düşünmeýän diliňde* gepleýänleri görmersiň+. 20  Siona, baýramçylyk geçirilýän şähere seret!+ Iýerusalimi, asuda mekany,Ýykylmajak çadyry gözüň bilen görersiň+. Onuň gazyklary asla sogrulmaz,Ýüpleriniň hiç biri üzülmez. 21  Ol ýerde gudratly Hudaý Ýehowa,Bizi derýa, giň derýa kimin gorar.Ol ýerden kürekli gämiler⁠-⁠de,Ägirt uly gämiler⁠-⁠de geçip bilmez. 22  Ýehowa Kazymyzdyr!+Ýehowa Kanun çykaryjymyzdyr!+Ýehowa Patyşamyzdyr!+Ol Halasgärimizdir!+ 23  Duşmanlaryň ýüpleri gowşar,Gäminiň pürsüni saklap bilmezler,Ýelkenini açyp bilmezler. Şonda köp olja paýlaşarlar,Agsaklar⁠-⁠da olja baryny alarlar+. 24  Hiç bir adam: «Men syrkaw» diýmez+. Ýurduň ilatynyň günäsi geçiler+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: golumyz.
Başga manysy: Hudaýyň berýän.
Ýa⁠-⁠da: gutulyş.
Başga manysy: gurap.
Sözme⁠-⁠söz: sakawlap.