Matta 23:1—39

  • Kanunçylar bilen fariseýleriň yzyna eýermäň (1—12)

  • Kanunçylar bilen fariseýleriň waý gününe! (13—36)

  • Isa Iýerusalim üçin aglaýar (37—39)

23  Isa märekä we şägirtlerine şeýle diýdi:  «Kanunçylar we fariseýler Musa pygamberiň ornuny eýelediler.  Olaryň aýdanlaryny ediň, ýöne edýän işlerini etmäň. Sebäbi olar aýdýan zatlaryny özleri etmeýärler+.  Olar adamlaryň egnine agyr ýük atýarlar+, özleri bolsa ýüki götermek üçin barmagyny⁠-⁠da gymyldatmaýarlar+.  Olar ähli zady göz üçin edýärler+. Mukaddes kitaplardan sözleri göçürip, gutujyklara salýarlar we erbetlikden gorar diýip, maňlaýyna, eline dakýarlar+. Olar donlarynyň seçeklerini uzaldýarlar+.  Olar myhmançylykda törde oturmagy we sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy halaýarlar+.  Olar bazarlarda adamlaryň hormat bilen salam bermeklerini we özlerine „Mugallym*“ diýmeklerini isleýärler.  Emma siz özüňize „Mugallym*“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke⁠-⁠täk Mugallymyňyz+ bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz.  Ýer ýüzünde hiç kime „Ata*“ diýmäň, sebäbi ýeke⁠-⁠täk Ataňyz+ bar, Ol gökdedir. 10  Özüňize „Ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke⁠-⁠täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir. 11  Araňyzda kim uly bolsa, goý, beýlekilere hyzmat etsin+. 12  Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler+, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler+. 13  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gökdäki Patyşalygyň gapysyny ýapyp, ne özüňiz girýärsiňiz, ne⁠-⁠de girjek adamlara ýol berýärsiňiz+. 14  *—— 15  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz deňizlere we düzlere aýlanyp, ýehudy dinine geçirmek üçin adam gözleýärsiňiz. Eger biri ýehudy dinini kabul edäýse, ony Jähenneme* mynasyp adam edýärsiňiz. Ol sizden iki esse beter günäkär bolýar. 16  Waý günüňize, kör ýolbaşçylar!+ Siz: „Kim ybadathanadan ant içse, sözünde durmasa⁠-⁠da bolar. Ýöne kim ybadathananyň altynyndan ant içse, hökman sözünde durmaly“+ diýýärsiňiz. 17  Eý akylsyz körler! Eýsem altyn wajypmy ýa⁠-⁠da altyny mukaddes edýän ybadathana? 18  Siz: „Kim gurbanlyk ojagyndan* ant içse, sözünde durmasa⁠-⁠da bolar. Ýöne kim üstünde duran gurbanlykdan ant içse, hökman sözünde durmaly“ diýýärsiňiz. 19  Eý körler! Berlen gurbanlyk wajypmy ýa⁠-⁠da ony mukaddes edýän gurbanlyk ojagy? 20  Gurbanlyk ojagyndan ant içýän adam üstündäki zatlardan hem ant içýändir. 21  Ybadathanadan ant içýän adam onda ýaşaýan Hudaýdan hem ant içýändir+. 22  Gökden ant içýän adam Hudaýyň tagtyndan we tagtda oturan Hudaýdan hem ant içýändir. 23  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz narpyzyň, şibitiň we tminiň ondan bir bölegini berýärsiňiz+, ýöne Töwratdaky has wajyp tabşyryklara, ýagny adalata+, rehimdarlyga+, wepalylyga sowuk⁠-⁠sala garaýarsyňyz. Aslynda, olaryň ondan bir bölegini bermeli, ýöne wajyp zatlary hem ýerine ýetirmeli+. 24  Kör ýolbaşçylar+, siz käsäňize düşen çybyny+ süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni+ bolsa ýuwudýarsyňyz. 25  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler! Siz gap⁠-⁠gaçlaryň daşyny ýuwsaňyz⁠-⁠da+, içi açgözlükden+ we erbet höweslerden doly+. 26  Eý kör fariseý, ilki gap⁠-⁠gaçlaryň içini ýuw, şonda daşy⁠-⁠da arassa bolar. 27  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz agardylan mazara meňzeýärsiňiz+. Olar daşyndan owadan bolup görünse⁠-⁠de, içi ölüleriň süňkünden we her hili hapalykdan* doly. 28  Şonuň ýaly siz hem dogruçyl bolup görünýärsiňiz, emma ýüregiňiz ikiýüzlülikden we kanunsyzlykdan doly+. 29  Waý günüňize, kanunçylar we fariseýler, ikiýüzlüler!+ Siz pygamberlere mazar gurýarsyňyz, dogruçyl adamlaryň mazarlaryny bezeýärsiňiz+. 30  Siz: „Ata⁠-⁠babalarymyzyň döwründe ýaşan bolsadyk, olara pygamberleri öldürmäge kömek etmezdik“ diýýärsiňiz. 31  Şeýle diýip, pygamberleri öldüren adamlaryň neslidigiňizi boýun alýarsyňyz+. 32  Onda ata⁠-⁠babalaryňyzyň başlan işini dowam ediberiň. 33  Eý ýylanlar, alahöwrenler nesli!+ Siz höküm edilmekden we Jähennemden* gaçyp gutularyn öýdýäňizmi?+ 34  Men size pygamberleri+, akyldarlary we mugallymlary+ ýollaýaryn. Siz olaryň käbirini öldürersiňiz+, pürse çüýlärsiňiz, käbirini bolsa sinagogalarda gamçylarsyňyz+, olary şäherden⁠-⁠şähere yzarlarsyňyz+. 35  Siz Habyldan+ tä ybadathananyň mukaddes ýeri bilen gurbanlyk ojagynyň arasynda öldürilen Berekýanyň ogly Zekerýa çenli ähli dogruçyl adamlaryň dökülen ganyna günäkärsiňiz+. 36  Size hakykaty aýdýaryn, şu nesil ähli zat üçin jogap berer. 37  Eý Iýerusalim, pygamberleri öldürýän we Hudaýyň iberen adamlaryny daşlaýan Iýerusalim!+ Towugyň jüýjelerini ganatynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, men hem çagalaryňy ençeme gezek ýygnajak boldum, ýöne sen islemediň+. 38  Indi Hudaý seniň öýüňi taşlap gider*+. 39  Size diýýärin, indi „Ýehowanyň* adyndan gelýäne şöhrat bolsun!“+ diýýänçäňiz, meni asla görmersiňiz».

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Sözme⁠-⁠söz: Rebbi.
Dini ýolbaşçylara Ata diýip ýüzlenmek göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: haramlykdan.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: ýeke goýar.