Zebur 119:1—176

  • Hudaýyň sözüniň gadyryny biliň

    • «Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler?» (9)

    • «Öwüt⁠-⁠ündewleriňi ýürekden söýýärin» (24)

    • «Sözüňe umyt edýärin» (74, 81, 114)

    • «Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin» (97)

    • «Mugallymlarymdan hem paýhasly boldum» (99)

    • «Sözüň aýaklaryma çyra» (105)

    • «Seniň sözüň hakykatdyr» (160)

    • «Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar» (165)

א [Elip] 119  Ýehowa Hudaýa wepaly* adam,Kanunyny berjaý edýän adam bagtlydyr!+   Hudaýy ýürekden gözleýän+,Öwüt⁠-⁠ündewine* gulak asýan adam bagtlydyr!+   Ol adalatsyzlyk etmeýär,Allanyň ýolundan ýöreýär+.   Sen buýruklaryňy doly berjaý etmegi tabşyrdyň+.   Men berk durup bilsedim+,Kanunlaryňy ýerine ýetirerdim.   Tabşyryklaryňy öwrenenimde ýüzüm gyzarmazdy+.   Hökümleriňi öwrenip,Seni ak ýürekden wasp edeýin.   Kanunlaryňa eýerýän bendäňden Hiç haçan ýüz öwürme. ב [Bet]   Ýaş ýigit nädip halal ýaşap biler? Ol seniň sözüňi her gün berjaý eder+. 10  Men bütin ýüregim bilen saňa sežde edýärin. Ýardam ber, tabşyryklaryňy doly ýerine ýetireýin+. 11  Saňa garşy günä etmez ýaly+,Sözleriňi kalbymda saklaýyn+. 12  Maňa kanunlaryňy öwret,Eý Ýehowa, seni şöhratlandyraýyn! 13  Agzyňdan çykan hökümleriňi,Dilim bilen yglan edýärin. 14  Seniň öwüt⁠-⁠ündewiňi diňläp begenýärin+,Dünýäniň baýlygyna eýe bolan ýaly şatlanýaryn+. 15  Buýruklaryň hakda oýlanýaryn*+,Ýollaryň hakda pikir edýärin+. 16  Kada⁠-⁠kanunlaryňy ýürekden söýýärin, Sözüňi asla unutmaýaryn+. ג [Gimel] 17  Guluňa ýagşylyk et,Sözüňi berjaý edip uzak ýaşaýyn+. 18  Gözlerimi aç,Kanunyňda ýazylan ajaýyp pikirlere düşüneýin*. 19  Men bir gelmişek adam+. Tabşyryklaryňy menden gizleme. 20  Hökümleriňe garaşmakdan ýaňa,Güýç⁠-⁠kuwwatym galmady. 21  Tabşyryklaryňy bozanlara+,Nälet siňen tekepbirlere jeza berýärsiň. 22  Masgaraçylyga we kemsitmä ýüzüm düşmesin,Sebäbi öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asýaryn. 23  Hatda han⁠-⁠begler men hakda erbet zatlary aýdýarlar,Guluň bolsa kanunlaryň hakda oýlanýar. 24  Öwüt⁠-⁠ündewleriňi ýürekden söýýärin+,Olary maslahatçym kimin görýärin+. ד [Dal] 25  Janym topraga siňip barýar+, Sen söz berdiň, ömür tanapymy üzme+. 26  Saňa ýüregimi dökdüm, sen hem maňa jogap berdiň.Kanunlaryňy maňa öwret+. 27  Maňa buýruklaryň düýp manysyny düşündir,Ajaýyp işleriň hakda oýlanaýyn+. 28  Gaýgy⁠-⁠hasratdan ýaňa gözüme uky gelmedi, Sözüňde durup, maňa güýç ber. 29  Kanun berip, maňa rehim et,Meni egri ýoldan ýöretme+. 30  Saňa wepaly bolmagy ýüregime düwdüm+, Hökümleriň adalatlydygyna göz ýetirdim. 31  Eý Ýehowa, meniň tamamy üzme+, Öwüt⁠-⁠ündewleriňe ýürekden gulak asdym+. 32  Tabşyryklaryňy höwes bilen berjaý ederin,Sebäbi olary kalbyma ýazdyň*. ה [He] 33  Eý Ýehowa, kanunlaryňy öwret+,Olary ömürboýy berjaý edeýin+. 34  Maňa düşünje ber,Kanunlaryňy öwreneýin,Bütin ýüregim bilen berjaý edeýin. 35  Goldaw ber, tabşyryklaryňy ýerine ýetireýin+,Sebäbi olardan lezzet alýaryn. 36  Öwüt⁠-⁠ündewiňi gulagyma guý,Nebsime çapmaýyn+. 37  Gözümi biderek zatlardan sow+,Aman⁠-⁠esen ýaşar ýaly, öz ýoluňdan ýöret. 38  Guluňa beren sözüňi berjaý et,Goý, adamlar senden gorksun*. 39  Biabraý bolmakdan gorkýaryn,Masgaraçylykdan gora,Sebäbi hökümleriň gowudyr+. 40  Buýruklaryňa sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn, Meni aman sakla, sebäbi sen adalatly Hudaýsyň. ו [Waw] 41  Eý Ýehowa, wepaly söýgiňden* ganaýyn+,Wadaňda durup, halas edişiňi göreýin+. 42  Şonda üstümden gülýänlere jogap bererin,Sebäbi sözüňe bil baglaýaryn. 43  Ýardam et, hakykat sözleri dilimden düşmesin,Sebäbi hökümiňe garaşýaryn. 44  Kanunyňy hemişe,Ebedilik berjaý ederin+. 45  Buýruklaryňy ýerine ýetirip,Giň sährada asuda ýaşaýaryn+. 46  Patyşalara öwüt⁠-⁠ündewleriňi gürrüň bererin,Men asla utanmaryn+. 47  Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr,Olary janymdan eziz görýärin+. 48  Saňa doga edýärin, sebäbi tabşyryklaryňy söýýärin+,Kanunlaryň hakda oýlanýaryn+. ז [Zaýn] 49  Guluňa beren wadaňy unutma,Sözüň maňa umyt berýär. 50  Jebir⁠-⁠jepa çekenimde, wadalaryň teselli berýär+,Ýaşamaga güýç berýär. 51  Ulumsy adamlar meni ezýär,Men şonda⁠-⁠da kanunyňy bozmaýaryn+. 52  Eý Ýehowa, gadymky hökümleriň hakda oýlanýaryn+,Olar maňa teselli berýär+. 53  Kanunyňy bozýan erbet adamlary görenimde,Gaharym ot kimin tutaşýar+. 54  Nirede ýaşasam⁠-⁠da,Kanunlaryň kalbymda mukam kimin ýaň salýar. 55  Eý Ýehowa, kanunlaryňy ýerine ýetirer ýaly,Gijelerine adyň hakda oýlanýaryn+. 56  Muny özüme endik edindim,Sebäbi buýruklaryňy berjaý edýärin. ח [Het] 57  Eý Ýehowa, sen meniň paýym+,Sözüňi berjaý etmegi wada berýärin+. 58  Bütin kalbym bilen saňa ýalbarýaryn+,Wadaňa görä, ýagşylyk et+. 59  Öwüt⁠-⁠ündewleriň boýunça ýaşar ýaly+,Yzyma ser salýaryn. 60  Men eglenmerin, howlugaryn,Tabşyryklaryňy berjaý ederin+. 61  Erbetleriň ýüpi meni baglady,Men şonda⁠-⁠da kanunyňy unutmaýaryn+. 62  Ýarygije turup, saňa şükür edýärin+,Sebäbi hökümleriň adyldyr. 63  Buýruklaryňy berjaý edýän adamlar,Senden gorkýan ynsanlar meniň dostumdyr+. 64  Eý Ýehowa, ýer ýüzi ýagşylygyňdan* doly+,Öwret maňa kada⁠-⁠kanunlaryňy. ט [Tet] 65  Eý Ýehowa, beren wadaňa görä,Guluňa ýagşylyk etdiň. 66  Tabşyryklaryňa bil baglaýaryn,Maňa akyldarlyk hem bilim ber+. 67  Men azaşypdym*, agyr hala düşüpdim,Indi sözüňi berjaý edýärin+. 68  Eý Hudaý, sen ýagşy+, işleriň gudratly, Maňa kanunlaryňy öwret+. 69  Tekepbirler maňa töhmet atýar,Men şonda⁠-⁠da buýruklaryňy berjaý edýärin. 70  Olaryň ýüregi daşdan hem gaty+,Meniň köňlüm bolsa kanunyňa bagly+. 71  Görgi görenim peýdama boldy+,Kanunlaryňa eýerip ýaşamagy öwrendim. 72  Çykaran kanunyň peýdama boldy+,Müňlerçe altyn⁠-⁠kümüş teňňeden hem gymmatly boldy+. י [Ýod] 73  Eliň bilen meni ýaratdyň, maňa şekil berdiň. Maňa düşünje ber, tabşyryklaryňy öwreneýin+. 74  Senden gorkýanlar meni görüp begenýär,Sebäbi sözüňe umyt edýärin+. 75  Eý Ýehowa, hökümleriň adalatly+,Sen wepaly, şonuň üçin temmi berýärsiň+. 76  Guluňa beren sözüňde durup,Wepaly söýgiň+ bilen göwünlik ber. 77  Maňa rehim eýle, uzak ömür süreýin+,Sebäbi meniň köňlüm kanunyňa bagly+. 78  Nähak ýere* maňa ýamanlyk edýänler,Tekepbirler utanja galsyn. Men bolsa buýruklaryň hakda oýlanaryn+. 79  Goý, senden gorkýan adamlar,Öwüt⁠-⁠ündewiňi diňleýänler meniň tarapyma geçsin. 80  Kanunlaryňa doly eýereýin+,Men utanja galmaýyn+. כ [Käp] 81  Men sözüňe umyt edýärin,Halas ederiňe garaşýaryn+. 82  Sözüňe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn+,«Haçan teselliňden ganaryn?» diýýärin+. 83  Men tüsseden garalan meşik ýaly boldum,Ýöne kanunlaryňy unutmadym+. 84  Guluň ýene näçe wagt garaşmaly? Meni yzarlaýanlara haçan höküm çykarylar?+ 85  Kanunyňa boýun egmeýänler,Tekepbirler maňa çukur gazýarlar. 86  Nähak ýere maňa azar berýänlerden halas et+. Ähli tabşyryklaryň ygtybarlydyr. 87  Meni ýer ýüzünden ýok etmekçi boldular,Men şonda⁠-⁠da buýruklaryňdan ýüz öwürmedim. 88  Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin,Seniň öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asaýyn. ל [Lam] 89  Eý Ýehowa, sözüň asman kimin ebedi galýandyr+. 90  Wepadarlygyň nesilden⁠-⁠nesle dowam eder+. Sen Ýeriň düýbüni tutduň, ol ebedi durar+. 91  Seniň hökümleriň bilen, olar* şu güne çenli berk dur.Ýaradan zatlaryň ählisi saňa hyzmat edýär. 92  Eger kanunyňy söýmedik bolsam,Jebir⁠-⁠jepa içinde ýok bolardym+. 93  Seniň buýruklaryňy hiç haçan unutmaryn,Olary ýerine ýetirip uzak ömür sürerin+. 94  Men seniň guluň, meni halas et+.Sebäbi buýruklaryňy ýürekden berjaý edýärin+. 95  Erbetler meni ýok etmekçi bolsa⁠-⁠da,Men öwüt⁠-⁠ündewleriňe ýürekden gulak asýaryn. 96  Men ähli kämilligiň çägini gördüm,Emma seniň tabşyryklaryň çäksizdir. מ [Mim] 97  Seniň kanunlaryňy şeýle bir söýýärin+, Gije⁠-⁠gündiz olar hakda oýlanýaryn+. 98  Seniň tabşyryklaryň hemişe kalbymdadyr,Olar meni duşmanlarymdan paýhasly edýär+. 99  Mugallymlarymdan hem paýhasly boldum+,Sebäbi öwüt⁠-⁠ündewiň hakda oýlanýaryn. 100  Garrylardan hem paýhasly boldum,Sebäbi buýruklaryňa eýerip ýaşaýaryn. 101  Seniň sözüňi berjaý edýärin,Zalymlaryň ýolundan ýöremerin+. 102  Hökümleriňi doly berjaý edýärin,Sebäbi sen maňa tälim berýärsiň. 103  Sözleriň dilimde nähili süýji,Agzymda baldan hem datly!+ 104  Buýruklaryňy öwrenip, paýhasly karara gelýärin+, Ähli egri ýollary ýigrenýärin+. נ [Nun] 105  Sözüň aýaklaryma çyra,Ýoluma nurdur+. 106  Adyl hökümleriňi öwrenerin diýip ant içdim,Beren wadamy berjaý ederin. 107  Eý Ýehowa, jebir⁠-⁠jepa çekýärin+, Beren sözüňde durup, janymy halas et+. 108  Eý Ýehowa, maňa hökümleriňi öwret+,Alkyş sözlerim* ýüregiňi şatlandyrsyn+. 109  Howp astynda bolsa⁠-⁠da janym,Ýüregim unutmaz kada⁠-⁠kanunyň+. 110  Duzak gursa⁠-⁠da maňa duşmanym,Buýruklaryňdan ýüz öwürmerin+. 111  Öwüt⁠-⁠ündewleriň ebedilik mirasym,Olar meniň guwanjym hem begenjim+. 112  Men ömrümiň ahyryna çenli,Kanunlaryňa eýermegi ýüregime düwdüm. ס [Sameh] 113  Ikiýüzlüleri* ýigrenýärin+,Seniň kanunyňy söýýärin+. 114  Sen meniň penam, galkanym+,Seniň sözüňe umyt edýärin+. 115  Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý ederin,Eý zalymlar, meniň golaýyma gelmäň+. 116  Wada berişiň ýaly maňa kömek et+,Uzak ömür süreýin,Meniň umydymy üzme+. 117  Golda meni, halas eýle+,Seniň kanunlaryňy berjaý edeýin+. 118  Ýalançylar, hilegärler kanunlaryňy bozýarlar,Şeýle adamlardan ýüz öwürýärsiň+. 119  Ýer ýüzünden erbetleri syr⁠-⁠süplük kimin aýyrýarsyň+, Şonuň üçin öwüt⁠-⁠ündewleriňi söýýärin. 120  Senden gorkup sandyraýaryn,Çykaran hökümleriňden heder edýärin. ע [Aýn] 121  Men halal hem adyl işleri edýärin. Janymy duşman eline berme! 122  Guluňa abadançylyk ber*,Tekepbirler maňa azar bermesin. 123  Ygtybarly wadaňa+, halas ederiňe garaşyp,Güýçden gaçýaryn+. 124  Guluňa ýagşylyk et*+,Kanunlaryňy öwret+. 125  Guluňa düşünje ber+,Seniň öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asaýyn. 126  Ýehowanyň höküm etmeli wagty geldi+,Sebäbi onuň kanunyny bozdular. 127  Men bolsa seniň tabşyryklaryňy söýýärin,Olary altyndan, sap altyndan gymmatly görýärin+. 128  Hilegärleriň ýoluny ýigrenýärin+,Seniň görkezmeleriňi dogry hasaplaýaryn+. פ [Pe] 129  Öwüt⁠-⁠ündewleriň nähili ajaýyp, Şonuň üçin olara gulak asýaryn. 130  Sözüň düşündirilse, ynsanyň bilimi artýar+,Tejribesiz* adam düşünjeli bolýar+. 131  Tabşyryklaryňa garaşmakdan ýaňa,Ýüregim gürsüldäp urýar+. 132  Adyňy söýýänler üçin hökümiňi ýerine ýetir+,Maňa nazar sal, rehim eýle+. 133  Erbetlik içimde höküm sürmesin+,Sözleriň ädimlerimi ugrukdyrsyn. 134  Meni duşmanlardan halas et,Buýruklaryňy berjaý edeýin. 135  Ýüzüň nury maňa ýalkym saçsyn+.Maňa kanunlaryňy öwret. 136  Adamlar kanunyňy bozýarlar,Gözýaşlarym sil deý akýar+. צ [Sad] 137  Eý Ýehowa, sen dogruçyl+,Hökümleriň adalatly+. 138  Öwüt⁠-⁠ündewleriň hakdyr,Ynama mynasypdyr. 139  Yhlasym içimde ot bolup ýanýar+,Sebäbi duşmanlarym seniň sözüňi unutdy. 140  Seniň sözleriň päkdir+,Guluň olary söýýär+. 141  Meni kemsitseler⁠-⁠de, adam hasabynda görmeseler⁠-⁠de+,Buýruklaryňy unutmadym. 142  Dogruçyllygyň ebedi dowam edýändir+,Kanunyň hakdyr+. 143  Agyr günler başyma inse⁠-⁠de,Kalbym tabşyryklaryňa baglydyr. 144  Öwüt⁠-⁠ündewleriň hemişe hakdyr. Maňa düşünje ber+, uzak ömür süreýin. ק [Kap] 145  Eý Ýehowa, perýadyma jogap ber. Kanunlaryňa eýereýin. 146  Seni çagyrýaryn, meni halas et. Öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asaýyn. 147  Daň atmanka oýanyp, kömek soraýaryn+,Sözüňe umyt baglaýaryn. 148  Ýarygije oýanýaryn,Sözleriň hakda oýlanýaryn+. 149  Dogamy diňle, maňa ýagşylyk et*+. Eý adalatly Ýehowa, meni aman sakla. 150  Azgyn adamlar daşyma üýşýärler,Olar kanunyňdan ýüz öwürýärler. 151  Eý Ýehowa, sen meniň hossarym*+,Ähli tabşyryklaryň hakdyr+. 152  Ebedilik beren öwüt⁠-⁠ündewleriňi+,Öňden bäri öwrenip gelýärin. ר [Reş] 153  Jebir⁠-⁠jepamy gör, meni halas et+,Sebäbi kanunyňy unutmadym. 154  Meni gora, meni azat et+,Beren wadaňa görä, janymy gutar. 155  Kanunlaryňy öwrenmeýän adamlar,Erbet adamlar halas bolmazlar+. 156  Eý Ýehowa, seniň rehimdarlygyň çäksizdir+, Adalatly bolup, janymy aman sakla. 157  Ýagylarym, janymyň kastyna çykanlar köpelse⁠-⁠de+,Öwüt⁠-⁠ündewiňi unutmaýaryn. 158  Dönükleri ýigrenýärin,Sebäbi olar sözüňe gulak asmaýar+. 159  Eý Ýehowa, buýruklaryňy ýürekden söýýärin! Maňa ýagşylyk et*, uzak ömür süreýin+. 160  Seniň sözüň* hakykatdyr+,Adyl hökümleriň ebedilikdir. ש [Sin] ýa⁠-⁠da [Şin] 161  Han⁠-⁠begler meni nähak ýere yzarlaýarlar+,Emma seniň sözüňe çuňňur hormat goýýaryn+. 162  Genji⁠-⁠hazyna tapan deý,Sözleriňi diňläp şatlanýaryn+. 163  Aldawy ýigrenýärin, ýek ýigrendigim ýalan sözdür+,Seniň kanunyňy bolsa söýýärin+. 164  Adalatly hökümleriň üçin,Her gün saňa ýedi sapar alkyş aýdýaryn. 165  Kanunyňy söýýänler parahatlykda ýaşaýar+,Olary hiç zat büdretmez. 166  Eý Ýehowa, halas ederiňe garaşýaryn,Tabşyryklaryňa eýerýärin. 167  Öwüt⁠-⁠ündewiňe gulak asýaryn,Olary janymdan eziz görýärin+. 168  Sen her bir ädimimi görýärsiň+,Şonuň üçin buýruklaryňy berjaý edýärin,Öwüt⁠-⁠ündewleriňe gulak asýaryn. ת [Taw] 169  Eý Ýehowa, perýadymy eşit+, Wadaňy berjaý et, maňa düşünje ber+. 170  Rehim et, dilegimi eşit, Beren sözüňde durup, meni halas et. 171  Dilim saňa alkyş aýtsyn+,Maňa kanunlaryňy öwredýärsiň. 172  Dilim saňa aýdym aýtsyn+,Tabşyryklaryň hakdyr. 173  Goluň maňa ýardam bersin+,Buýruklaryňy berjaý etmegi ýüregime düwdüm+. 174  Eý Ýehowa, halas etmegiňi ýürekden isleýärin,Ýüregim kanunyňa baglydyr+. 175  Maňa uzak ömür ber, saňa alkyş aýdaýyn+,Hökümleriň bilen maňa ýardam ber. 176  Men guzy kimin azaşdym+.Ýiten guluňy agtar,Sebäbi tabşyryklaryňy unutmadym+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: aýypsyz.
Ýa⁠-⁠da: Ýatlatmalaryna.
Ýa⁠-⁠da: Buýruklaryňy çuňňur öwrenýärin.
Ýa⁠-⁠da: zatlary aýdyň göreýin.
Başga manysy: Sebäbi ýüregime mertligi guýduň.
Başga manysy: Özüňden gorkýanlara beren sözüňi berjaý et.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňden.
Ýa⁠-⁠da: tötänden günä edipdim.
Başga manysy: Ýalan sözläp.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýagny Hudaýyň ýaradan ähli zatlary.
Ýa⁠-⁠da: Öwgi gurbanlyklarym.
Ýa⁠-⁠da: Ýüregi bölünenleri.
Ýa⁠-⁠da: Guluň abadançylygyna kepil geç.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýa⁠-⁠da: Sada; ynanjaň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýa⁠-⁠da: ýakynymda.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgiňi bildir.
Ýa⁠-⁠da: sözüň özeni.