Efesliler 6:1—24

  • Çagalara we ene⁠-⁠atalara maslahat (1—4)

  • Gullara we hojaýynlara maslahat (5—9)

  • Hudaýyň beren ýaraglaryny dakynyň (10—20)

  • Hoşlaşyk sözleri (21—24)

6  Çagalar, Hudaýyň isleýşi ýaly ene⁠-⁠ataňyza gulak asyň+, sebäbi şeýle etmek dogrudyr.  «Ene⁠-⁠ataňyza hormat goýuň»+ diýen ilkinji tabşyryk şu wada bilen baglydyr:  «Şonda siz gowy günler görüp, uzak ýaşarsyňyz».  Atalar, çagalaryňyzy gaharlandyrmaň+, gaýtam olary Ýehowanyň* terbiýesi+ we öwüt⁠-⁠ündewi* bilen ulaldyň*+.  Eý gullar, hojaýynyňyza Mesihe gulak asyşyňyz ýaly hormat we gorky bilen gulak asyň+.  Adamlaryň öňünde göz üçin däl⁠-⁠de+, Mesihiň gullary hökmünde Hudaýyň islegini ýürekden berjaý edip gulak asyň+.  Hojaýynyňyza adamlara däl⁠-⁠de, Ýehowa* gulluk edýän ýaly höwes bilen hyzmat ediň+.  Sebäbi gul bolsun, azat bolsun, ýagşylyk edýän her bir adamy Ýehowanyň* sylaglajakdygyny bilýänsiňiz+.  Eý hojaýynlar, siz hem gullaryňyz bilen özüňizi şeýle alyp baryň, olara haýbat atmaň. Sebäbi olaryň hem, siziň hem Hojaýynyňyz gökdedir+, ol hiç kimi ala tutýan däldir. 10  Goý, Hudaý gudratly güýji bilen siziň ähliňizi berkitsin!+ 11  Iblisiň hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň+. 12  Sebäbi biziň söweşimiz+ adamlara garşy däl⁠-⁠de, gökdäki zalym ruhlara+, hökümetlere, häkimiýetlere we garaňky dünýäniň hökümdarlaryna garşydyr. 13  Şol sebäpli Hudaýyň berýän ähli söweş ýaraglaryny dakynyň+. Şonda duşmanyň hüjümine* gaýtawul berip bilersiňiz we ähli zady berjaý edip berk durarsyňyz. 14  Şeýlelikde, berk durup, biliňize hakykat guşagyny daňyň+, egniňize dogruçyllyk sowudyny+, 15  aýagyňyza hoş habaryň aýakgabyny geýip, parahatlygy wagyz etmäge taýyn boluň+. 16  Eliňize uly iman galkanyny+ hem alyň. Şonda duşmanyň ähli otly oklaryny* öçürip bilersiňiz+. 17  Kelläňize gutulyş tuwulgasyny+ geýiň*, eliňize Hudaýyň sözi bolan ruhuň gylyjyny+ alyň. 18  Her ýagdaýda her hili doga⁠-⁠dileg+ we ýalbarma arkaly ruhda doga ediň+. Oýa boluň we mukaddesler üçin elmydama dileg ediň. 19  Agzymy açanymda, hoş habaryň mukaddes syry hakda batyrgaý wagyz edip biler ýaly, meniň üçin hem doga ediň+. 20  Meni hoş habaryň ilçisi+ hökmünde zynjyrlar bilen baglasalar⁠-⁠da, siziň doga⁠-⁠dilegleriňiz batyrgaý wagyz etmäge kömek eder. Sebäbi batyrgaý wagyz etmek meniň borjumdyr. 21  Eziz doganymyz hem⁠-⁠de Halypamyzyň wepaly guly Tihikus+ size men we edýän işlerim hakda ähli zady gürrüň berer+. 22  Şonuň üçin ony ýanyňyza iberýärin. Şonda biz hakda eşidip, ýürekleriňiz rahatlyk tapar. 23  Doganlar, Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size parahatlyk, iman, söýgi bersin. 24  Goý, Hudaýymyz Halypamyz Isa Mesihi ýürekden söýýänleriň ählisine ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: görkezmesi.
Sözme⁠-⁠söz: aňlaryna guýuň.
Sözme⁠-⁠söz: zalym günde.
Ýa⁠-⁠da: naýzalaryny.
Ýa⁠-⁠da: Halas bolmak umydyny kelläňize tuwulga edip geýiň.