Zebur 112:1—10

  • Dogruçyl adam Ýehowadan gorkýar

    • Gysganman karz berýäniň işi rowaçdyr (5)

    • Dogruçylyň ady hiç haçan unudylmaz (6)

    • Jomart garyp⁠-⁠gasaryň hossarydyr (9)

112  Ýaha alkyş aýdyň!*+ א [Elip] Ýehowadan gorkýan+,ב [Bet]Tabşyryklaryny gowy görýän adam bagtlydyr+. ג [Gimel]   Dogruçylyň ogullary güýçli bolar,ד [Dal]Onuň nesline bereket ýagar+. ה [He]   Dogruçylyň mal⁠-⁠mülki köpdür,ו [Waw]Ol hemişe halal ýaşaýandyr. ז [Zaýn]   Ol dogruçyllar üçin tümlükdäki nur kimindir+, ח [Het] Mähirli*, rehimdar+ we dogruçyldyr. ט [Tet]   Gysganman karz berýär, işi rowaç bolýar+, י [Ýod] Ol hiç kimiň hakyny iýmeýär. כ [Käp]   Ol asla sarsmaz+, ל [Lam] Onuň ady hiç haçan unudylmaz+. מ [Mim]   Ol şum habardan gorkmaz+, נ [Nun] Kalby rahatdyr, Ýehowa bil baglaýandyr+. ס [Sameh]   Ol batyrdyr, mertdir+.ע [Aýn]Mydama duşmanyny ýeňýändir+. פ [Pe]   Ol jomartdyr, garyp⁠-⁠gasaryň hossarydyr+, צ [Sad] Hiç haçan dogry ýoldan sowulýan däldir+. ק [Kap] Güýç⁠-⁠kuwwaty*, at⁠-⁠abraýy arşa galýandyr. ר [Reş] 10  Erbet adamlar muny görer, gahar⁠-⁠gazaba müner. ש [Şin] Dişlerini gyjarlar, ölüp giderler. ת [Taw] Erbetleriň arzuwlary puç bolar+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Halleluýah! «Ýah» Ýehowa adynyň gysgaldylan görnüşi.
Ýa⁠-⁠da: Duýgudaş.
Sözme⁠-⁠söz: Şahy.