Zebur 32:1—11

  • Günäsi bagyşlanan adam bagtly

    • «Günälerimi boýun aldym» (5)

    • Hudaý saňa düşünje berýär (8)

Dawudyň aýdymy. Maskil*. 32  Ýazygy ötülen, günäsi bagyşlanan adam+ bagtlydyr!   Ýehowanyň günäsiz hasaplaýan adamy bagtlydyr!+Ýüregi hilesiz adam bagtlydyr!   Günälerimi ýaşyrdym, gurady süňklerim, Gözýaş dökdüm, uzakly gün agladym+.   Goluň bilen gije⁠-⁠gündiz egnimden basdyň+, Ysgyn⁠-⁠mydarymy aldyň, halym guran çeşmä döndi. (Sela)   Ahyry günälerimi boýun aldym,Olaryň hiç birini gizlemedim+. «Ýehowanyň öňünde günämi boýun alaýyn» diýdim+. Sen hem ähli günälerimi bagyşladyň+. (Sela)   Indi wepaly bendäň saňa doga eder+,Heniz wagt barka seni agtarar+. Şonda ne sil, ne⁠-⁠de tupan zyýan ýetirer.   Sen meniň penam,Ajy hasratdan goraýan galam+. Meni halas edeňde, aýdym sesi ýaňlanar+. (Sela)   Sen diýdiň: «Düşünje bererin, ýörejek ýoluňy görkezerin+, Gözüm sende bolar, öwüt⁠-⁠ündew bererin+.   At ýa⁠-⁠da gatyr ýaly düşünjesiz bolma!+Uýany ýa jylawy bolmasa,Olara diýeniňi etdirip bolýan däldir». 10  Erbetleriň derdi köpdür,Ýöne Ýehowa bil baglaýanlar mährinden* ganar+. 11  Eý dogruçyllar, Ýehowanyň elleriniň işine şatlanyň!Eý päk ýürekli adamlar, şatlykdan ýaňa gygyryň!

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgüsinden.