Matta 7:1—29

  • DAGDAKY WAGYZ (1—27)

    • Adamlary ýazgarmaň (1—6)

    • Diläň, agtaryň, kakyň (7—11)

    • Altyn düzgün (12)

    • Dar gapy (13, 14)

    • Miwelerinden tanamak (15—23)

    • Gaýada we çägede gurlan öý (24—27)

  • Isanyň öwredişine haýran galýarlar (28, 29)

7  Adamlary ýazgarmaň*+, şonda sizi⁠-⁠de ýazgarmazlar.  Siz adamlary nädip ýazgarsaňyz*, olar hem sizi şeýdip ýazgararlar+. Nähili ölçeg bilen ölçäp berseňiz, size⁠-⁠de şeýle ölçeg bilen ölçäp bererler+.  Sen näme üçin doganyň gözündäki çöpi görýäň⁠-⁠de, öz gözüňdäki agajy görmeýäň?+  Öz gözüňde agaç barka, nädip doganyňa: „Gel, gözüňdäki çöpi çykaraýyn“ diýip bilýäň?  Eý ikiýüzli! Ilki öz gözüňden agajy çykar, şonda doganyň gözünden çöpi çykaryp bilersiň.  Mukaddes zady itlere bermäň, merjen monjuklary* doňuzlaryň öňüne taşlamaň+, ýogsam olary depeläp, soňra size⁠-⁠de topulaýmasynlar*.  Gaýta⁠-⁠gaýta diläň, size berler+, hemişe agtaryň, taparsyňyz, gapyny gaýta⁠-⁠gaýta kakyň, size açarlar+.  Sebäbi dilän alar+, agtaran tapar, gapyny kakana açarlar.  Çagaňyz çörek sorasa, haýsyňyz daş berersiňiz? 10  Ýa⁠-⁠da balyk sorasa, ýylan berersiňiz? 11  Eger siz erbet adam bolup, çagalaryňyza gowy zatlary berýän bolsaňyz, onda gökdäki Ataňyz dileýänlere ýagşy zatlary bermezmi näme?+ 12  Adamlaryň size näme etmegini isleýän bolsaňyz, sizem olara şeýle ediň+. Sebäbi Töwratda⁠-⁠da, Pygamberler kitabynda⁠-⁠da şeýle öwredilýär+. 13  Dar gapydan giriň+, sebäbi heläkçilige eltýän gapy giň, ýol inli, ondan geçýänler köpdür. 14  Emma ebedi ýaşaýşa eltýän gapy dar, ýol insiz, ony tapýanlar azdyr+. 15  Ýalan pygamberlerden ägä boluň+. Olar goýun derisine girip gelýändir+, aslynda welin ýyrtyjy möjekdir+. 16  Olary miwesinden* tanarsyňyz. Tikenekden üzüm ýa⁠-⁠da ýandakdan injir ýygylýarmy?+ 17  Gowy agaç gowy miwe berýär, erbet* agaç bolsa erbet miwe berýär+. 18  Gowy agaç erbet miwe berip bilmez, erbet agaç hem gowy miwe berip bilmez+. 19  Gowy miwe bermeýän agaç çapylyp, oda taşlanýandyr+. 20  Şeýlelikde, olary miwelerinden tanarsyňyz+. 21  Maňa „Halypam, Halypam!“ diýýän adam gökdäki Patyşalyga girmez, oňa diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý edýän girer+. 22  Şol gün köp adamlar maňa: „Halypam, Halypam!+ Biz seniň adyň bilen pygamberlik etmedikmi, seniň adyň bilen jynlary kowmadykmy, seniň adyň bilen gudratlar görkezmedikmi?“+ diýerler. 23  Şonda men olara: „Sizi asla tanamaýaryn, eý kanuny bozýanlar, ýanymdan gidiň!“+ diýerin. 24  Şeýlelikde, meni diňleýän we sözlerimi ýerine ýetirýän her kes öýüni gaýanyň üstünde guran paýhasly adama meňzeýär+. 25  Ýagyş ýagyp, sil gelse⁠-⁠de, ýel turup, öýe ursa⁠-⁠da, öý ýykylmaz, sebäbi ol gaýanyň üstünde gurlupdy. 26  Meni diňleýän, ýöne sözlerimi ýerine ýetirmeýän her kes öýüni çägäniň üstünde guran akylsyz adama meňzeýär+. 27  Ýagyş ýagyp, sil gelse, ýel turup, öýe ursa+, öý ýykylyp, ýer bilen ýegsan bolar». 28  Isa sözüni tamamlady, märeke hem onuň öwredişine haýran galdy+. 29  Sebäbi ol kanunçylar ýaly däl⁠-⁠de, ygtyýarly adam ýaly öwredýärdi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: tankytlamaň.
Ýa⁠-⁠da: tankytlasaňyz.
Ýa⁠-⁠da: dürdäneleri.
Sözme⁠-⁠söz: sizi⁠-⁠de parçalaýmasynlar.
Edýän işleri göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: çüýrük.