Ýahýa gelen Ylham 4:1—11

  • Ýehowanyň tagty hakda görnüş (1—11)

    • Ýehowa tagtynda otyr (2)

    • Tagtlarda oturan 24 ýaşuly (4)

    • Dört perişde (6)

4  Şondan soň gökde açyk gapy gördüm we meniň bilen başda gepleşeniň sesini eşitdim. Onuň sesi surnaýyň owazy kimindi. Ol: «Bärik gel, boljak zatlary görkezeýin» diýdi.  Şol bada üstüme Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Men gökde duran tagty we onda oturan birini gördüm+.  Tagtyň üstünde oturanyň daş keşbi ýaşma daşyna+ we gyzyl reňkli gymmatbaha daşa meňzeýärdi. Tagtyň daş⁠-⁠töwereginde zümerrede+ meňzeş älemgoşar bardy.  Tagtyň töwereginde 24 sany tagt bardy. Tagtlarda egni ak eşikli we başy altyn täçli 24 ýaşuly+ otyrdy.  Men tagtdan ýyldyrymyň çykandygyny gördüm+, güýçli sesi we gök gürrüldisini+ eşitdim. Tagtyň öňünde ýedi sany otly çyralar bardy. Olar Hudaýyň ýedi ruhuny+ aňladýar.  Tagtyň öňünde dup⁠-⁠dury aýna* ýaly deňze+ meňzeş zat bardy. Ortada duran tagtyň daşynda öň we yz tarapy gözden doly dört perişde+ durdy.  Birinji perişdäniň ýüzi ýolbarsa+, ikinjisiniňki öküze+, üçünjisiniňki+ ynsana, dördünjisiniňki+ bürgüde+ meňzeýärdi.  Dört perişdäniň hersiniň alty ganaty bardy, ganatlarynyň ähli ýeri gözden doludy+. Olar gije⁠-⁠gündiz yzyny üzmän: «Häzir hem, geçmişde hem, gelejekde hem bar bolan+ Gudratygüýçli Hudaý Ýehowa* mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir!»+ diýýärdiler.  Perişdeler her gezek tagtda Oturana, baky hem ebedi Ýaşaýana+ şöhrat, hormat we minnetdarlyk aýdanlarynda, 10  ýigrimi dört ýaşuly+ tagtda Oturanyň öňünde dyza çöküp, baky hem ebedi ýaşaýan Hudaýa sežde edýärdi. Olar başyndaky täjini tagtyň öňüne zyňyp: 11  «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*, sen şöhrata+, hormata+, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň+, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» diýýärdiler.