Birinji Musa 9:1—29

  • Adamlara berlen tabşyryk (1—7)

    • Gan barada kanun (4—6)

  • Älemgoşar ähti (8—17)

  • Nuhuň nesli hakda pygamberlik (18—29)

9  Hudaý Nuh bilen ogullaryna ak pata berip, şeýle diýdi: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň+.  Ýer ýüzündäki haýwanlar, asmanda uçýan jandarlar, süýrenijiler* we deňizdäki balyklar mundan beýlägem sizden çekinip, gorkuda ýaşar. Olary siziň eliňize berýärin+.  Ähli janly⁠-⁠jandarlary iýip bilersiňiz+. Gök önümleri berişim ýaly, olary hem iýmit edip berýärin+.  Ýöne olaryň etini gany bilen iýmäň+, sebäbi jan* gandadyr+.  Onsoňam, adamyň ganyny döken islendik jandardan, adamdan hasap soraryn. Eger bir jandar adamy öldürse, onuň özi⁠-⁠de öldüriler. Biri adam öldürip, doganynyň ganyna galsa⁠-⁠da, öňümde jogap bermeli bolar+.  Kimde⁠-⁠kim adam öldürse, onuň özi hem ynsan eli bilen öldüriler+, sebäbi Hudaý adamy öz keşbinde ýaratdy+.  Siz bolsa perzent dünýä indirip, köpeliň, bütin ýer ýüzüni dolduryň»+.  Soňra Hudaý Nuha we ogullaryna:  «Siziň bilen, nesilleriňiz bilen, 10  ýanyňyzdaky janly⁠-⁠jandarlar: guşlar, haýwanlar, ýerdäki her dürli jandarlar, siziň bilen gämiden çykanlaryň ählisi+ bilen äht baglaşýaryn+. 11  Men siziň bilen şeýle äht baglaşýaryn: indi adamlary we haýwanlary hiç haçan suw⁠-⁠sil bilen ýok etmerin. Gaýdyp ýer ýüzüni tupan bilen weýran etmerin»+ diýdi. 12  Hudaý sözüni dowam edip: «Siziň bilen, ýanyňyzdaky janly⁠-⁠jandarlar bilen baglaşýan, nesilden⁠-⁠nesle dowam etjek ähtimiň alamaty şudur: 13  bulutlar arasynda älemgoşar çykararyn. Ol ýer ýüzi bilen baglaşan ähtimiň alamaty bolar. 14  Eger asmana gara bulutlary üýşürsem, hökman älemgoşar çykar. 15  Şonda siz bilen, janly⁠-⁠jandarlar bilen baglaşan ähtimi ýada salaryn. Indi adamlar we haýwanlar hiç wagt tupan bilen ýok edilmez+. 16  Men bulutlar arasynda çykan älemgoşary gören badyma, siz bilen, janly⁠-⁠jandarlar bilen baglaşan ebedilik ähtimi ýada salaryn» diýdi. 17  Hudaý Nuha ýene bir gezek gaýtalap: «Bu siziň bilen, ýer ýüzündäki janly⁠-⁠jandarlar bilen baglaşýan ähtimiň alamatydyr»+ diýdi. 18  Şeýlelikde, Nuh ogullary Sam, Ham we Ýafet+ bilen gämiden çykdy. Soňra Hamyň Kengan+ diýen ogly boldy. 19  Bütin dünýäniň ilaty Nuhuň şol üç oglundan döräp, çar tarapa ýaýrady+. 20  Nuh üzüm ekip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başlady. 21  Bir gün ol şerapdan serhoş bolup, çadyrynda ýalaňaç ýatyrdy. 22  Kenganyň kakasy Ham öz kakasynyň ýalaňaçdygyny görüp, daşaryk çykdy⁠-⁠da, iki doganyna aýtdy. 23  Şonda Sam bilen Ýafet ýapynja alyp, hersi bir ujundan tutdy⁠-⁠da, arkanlygyna ýöräp baryp, kakalarynyň üstüni ýapdylar. Ýüzlerini başga tarapa sowup, onuň ýalaňaçdygyny görmediler. 24  Nuh serhoşlykdan açylyp, kiçi oglunyň näme edendigini bilende, 25  şeýle diýdi: «Kengana nälet bolsun+. Goý, ol doganlaryna gul bolsun»+. 26  Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Samyň Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun!Goý, Kengan Samyň guly bolsun+. 27  Hudaý Ýafete birgiden mülk bersin,Goý, ol Samyň çadyrlarynda mesgen tutsun, Kengan onuňam guly bolsun». 28  Tupandan soň Nuh ýene 350 ýyl ýaşady+. 29  Ol 950 ýaşap, dünýäden ötdi.

Çykgytlar

Gemrijiler, mör⁠-⁠möjekler hem göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.