Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

8-NJI BAP

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Hudaýyň Patyşalygy näme?
  • Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň Patyşalygy barada näme öwredýär?

  • Hudaýyň Patyşalygy näme eder?

  • Patyşalyk Hudaýyň islegini ýer ýüzünde haçan amala aşyrar?

1. Biz häzir haýsy doga serederis?

ISA MESIH ýer ýüzünde ýaşanda şägirtlerine doga etmegi öwretdi. Oňa nusgalyk doga diýilýär. Bu doganyň çuň manysy bar. Ondaky ilkinji üç dilegden, Mukaddes Ýazgylaryň näme öwredýändigine has gowy düşüneris.

2. Isanyň nusgalyk dogasy nähili üç dileg bilen başlanýar?

2 Isa Mesih nusgalyk dogasyny şeýle sözler bilen başlady: «Şeýle doga ediň: «Eý gökdäki Atamyz, goý, seniň adyň mukaddes bolsun. Patyşalygyň gelsin. Gökde bolşy ýaly, ýerde-de seniň islegiň amala aşsyn» (Matta 6:9—13, TD). Bu üç dileg nämäni aňladýar?

3. Hudaýyň Patyşalygy barada näme bilmeli?

3 Biz Ýehowa Hudaýyň ady barada eýýäm köp zatlary bildik. Şeýle-de onuň islegi barada öwrendik, Hudaýyň adamlara eden we etjek zatlaryna seredip geçdik. Isa: «Seniň Patyşalygyň gelsin» diýende, nämäni göz öňünde tutduka? Hudaýyň Patyşalygy näme? Ol Hudaýyň adyny nädip mukaddes eder? Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmeginiň, Patyşalygyň gelmegi bilen nähili baglanyşygy bar?

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY NÄME?

4. Hudaýyň Patyşalygy näme we onuň Patyşasy kim?

4 Hudaýyň Patyşalygy — Ýehowanyň berkarar eden hökümeti. Bu Patyşalyga Patyşa edip Hudaý kimi belledikä? Isa Mesihi. Hiç bir hökümdary Isa Mesihe deňäp bolmaz. Ol «rebleriň Rebbi, patyşalaryň Patyşasydyr» (Ylham 17:14). Isanyň islendik gowy hökümdardanam, köp ýagşylyk etmäge güýji ýetýär.

5. Hudaýyň Patyşalygy nirede ýerleşýär we ol nämäniň üstünden höküm sürer?

5 Hudaýyň Patyşalygy nirede ýerleşýär? Isa Mesih häzir niredekä? Onuň pürsde ejir çekip ölenden soň, direlip göge galany, belki, seniň ýadyňdadyr (Resullaryň işleri 2:33). Diýmek, Hudaýyň Patyşalygy gökde. Ine, şonuň üçinem oňa «gökdäki Patyşalyk» diýilýär (2 Timoteos 4:18). Hudaýyň Patyşalygy gökde bolsa-da, ol ýeriň üstünden höküm sürer (Ylham 11:15-i okaň).

6, 7. Isa näme üçin iň gowy Patyşa?

6 Isa näme üçin iň gowy Patyşa? Onuň sebäbiniň biri, ol hiç haçan ölmez. Mukaddes Ýazgylarda ýerdäki hökümdarlardan tapawutlykda, ol «hemişe ýaşaýar» diýilýär (Ýewreýler 7:24, 25). Diýmek, onuň başlan ýagşy işleri ebedi galar. Şeýle-de ol gelejekde köp ýagşy işleri eder.

7 Isa barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylan pygamberlige üns ber: «Onda Rebbiň Ruhy, akyldarlyk we düşünje ruhy, maslahat we kuwwat ruhy, bilim we Ýehowadan gorky ruhy bolar; we onda Ýehowadan gorky bolar; Ol Öz garaýşy bilen höküm çykarmaz, eşidişi boýunça iş kesmez. Ol garyplara adyl höküm çykarar we ýerdäki horluk çekýänleriň işini dogry çözer» (Işaýa 11:2—4). Bu sözler Isanyň adalatly we rehimdar Patyşa boljagyny görkezýär. Onuň hökümdarlygynda seniň ýaşasyň gelenokmy?

8. Isa bilen kimler höküm sürer?

8 Ýöne Isanyň ýeke özi hökümdarlyk etmez. Onuň bilen bile başga-da höküm sürjekler bar. Ynha, Pawlus resulyň Timoteosa ýazan sözleri: «Çydasak, Onuň bilen bile höküm süreris» (2 Timoteos 2:12). Pawlus, Timoteos we Hudaýyň saýlan başga wepaly adamlary hem gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürer. Näçe adam bu hormata mynasyp bolar?

9. Isa bilen bile näçe adam höküm sürer we Hudaý olary haçan saýlap başlady?

9 7-nji bapda aýdylyşy ýaly, Ýahýa resul gören görnüşini şeýle beýan etdi: «Onsoň görsem, Guzy [Isa Mesih] Sion dagynyň [onuň gökdäki ýokary wezipesi] üstünde durdy. Onuň ýanynda bolsa maňlaýynda Onuň we Atasynyň ady ýazylgy ýüz kyrk dört müň adam bardy». Bu 144 000 adam kim? Ýahýa muny şeýle düşündirýär: «Bular Guzy nirä gitse, Onuň yzyna düşýändir. Gutulanlaryň ilkinji miwesi hökmünde Hudaýa we Guza ynsanlar arasyndan satyn alnanlar bulardyr» (Ylham 14:1, 4). Görşümiz ýaly, bular Isa Mesih bilen gökde höküm sürmäge saýlanan wepaly şägirtleri. Olar gökdäki ýaşaýyş üçin direlende, Isa bilen bile «dünýäniň üstünden höküm sürer» (Ylham 5:10). Isa Mesih bilen bile höküm sürjek wepaly mesihçileri, Hudaý resullaryň döwründen bäri saýlaýar. Olaryň jemi 144 000 bolar.

10. Isanyň we 144 müňleriň höküm sürmegi, Hudaýyň söýgüsini nädip görkezýär?

10 Isa Mesihiň we 144 müňleriň adamzadyň üstünden höküm sürmegi, Hudaýyň söýgüsini görkezýär. Isanyň özi ynsan bolup gördi we ejir çekmegiň nämedigini oňat bilýär. Pawlus Isanyň başga hökümdarlardan tapawutlylykda «biziň ejizliklerimize gynanyp bilmeýän däl, eýsem her zatda biziň ýaly synalyp günä etmedi» diýdi (Ýewreýler 4:15; 5:8). Onuň bilen höküm sürjeklerem ýerde ýaşanda görgi görüp, köp synaglary başdan geçirdiler. Olar bikämillik we dürli keseller bilen göreşdiler. Şonuň üçin olar adamlaryň başdan geçirýän kynçylyklaryna gowy düşüner.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY NÄMELER EDER?

11. Isa Mesih näme üçin Hudaýyň isleginiň gökde amala aşmagy barada diläň diýdi?

11 Isa Patyşalygyň gelmegi barada dileg ediň diýende, ol şägirtlerine Hudaýyň isleginiň «gökde hem ýerde» amala aşmagy barada-da dileg ediň diýdi. Gökde Hudaýyň ýaşaýan ýerinde, wepaly perişdeler onuň islegini hemişe ýerine ýetirýärdi. Ýöne 3-nji bapdan bilşimiz ýaly, bir zalym perişde Hudaýa gulak asman, Adam ata bilen How enä günä etdirdi. Mukaddes Ýazgylaryň bu zalym perişde, ýagny Şeýtan Iblis barada näme diýýänini 10-njy bapdan giňişleýin bileris. Hudaý Şeýtana we onuň yzyna eýeren perişdelere, ýagny jynlara gökde galmaga ýol berdi. Şondan soň Hudaýyň islegini gökde hemmeler ýerine ýetirmeýärdi. Emma bu zatlar Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlanda üýtgemeli. Gelejekki Patyşa Isa Mesih Şeýtan bilen söweşmeli (Ylham 12:7—9-njy aýatlary okaň).

12. Ylham 12:10-da haýsy iki sany wajyp waka barada aýdylýar?

12 Bu barada Mukaddes Ýazgylar şeýle pygamberlik edýär: «Onsoň men gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Hudaýymyzyň gutaryşy, güýji, patyşalygy we Onuň Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň aýyplaýjysy [Şeýtan], olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak zyňyldy» (Ylham 12:10). Bu aýatda iki sany wajyp waka barada aýdylýanyna üns berdiňmi? Birinjiden, Isa Mesihiň baştutanlygynda Hudaýyň Patyşalygy höküm sürüp başlaýar. Ikinjiden, Şeýtan gökden ýere zyňyldy.

13. Şeýtan ýere zyňlanda, gökde näme boldy?

13 Bu wakalar nämä eltdi? Mukaddes Ýazgylar şeýle diýýär: «Eý gökler we göklerde ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň!» (Ylham 12:12). Wepaly perişdeler begendiler, sebäbi Şeýtan we onuň jynlary ýere zyňlanda, gökde Ýehowa Hudaýyň diňe wepaly gullukçylary galdy. Ol ýerde parahatlyk hem-de agzybirlik höküm sürýär. Indi gökde Hudaýyň islegi amala aşýar.

Şeýtanyň we onuň jynlarynyň gökden ýere zyňylmagy ýer ýüzüne betbagtçylyk getirdi. Emma basym horluk bolmaz

14. Şeýtan ýere zyňlanda näme boldy?

14 Eýsem, ýerde näme boldy? Mukaddes Ýazgylar: «Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza! Çünki Iblis wagtynyň azlygyny bilip, gahar-gazaba münüp, siziň üstüňize geldi» diýýär (Ylham 12:12). Şeýtan gökden ýere zyňlany we wagtynyň az galany üçin, «gahar-gazaba» mündi. Ol gahardan ýaňa, adamlara betbagtçylyk getirýär. Bu barada indiki bapdan giňişleýin bileris. Emma Hudaýyň Patyşalygy onuň islegini nädip ýerine ýetirerkä?

15. Hudaý Ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

15 Hudaý Ýeri näme maksat bilen ýaradanyny ýadyňa sal. Bu barada 3-nji bapdan bilipdik. Hudaý ýer ýüzüni Jennete öwürmekçidigini heniz Erem bagynda görkezipdi. Ol ýer ýüzünde diňe dogry adamlaryň ebedi ýaşamagyny isledi. Şeýtan Adam ata bilen How enä günä etdirdi, bu bolsa Hudaýyň isleginiň ýerine ýetmegine wagtlaýynça päsgel berdi. Ýöne Hudaý maksadyny üýtgetmedi. Onuň: «Dogry adamlar ýeri miras alyp, onda ebedi ýaşar» diýen wadasy hökman ýerine ýeter (Zebur 37:29). Ol Hudaýyň Patyşalygy arkaly bolar. Nädip?

16, 17. Hudaýyň Patyşalygy barada Danyýel 2:44-den näme bildik?

16 Gel, Danyýel 2:44-däki pygamberlige seredeli. Onda şeýle diýilýär: «Şol patyşalyklaryň döwründe gökdäki Hudaý patyşalyk berkarar eder, ol hiç haçan ýok bolmaz we bu patyşalyk başga halka geçmez; ol patyşalyklaryň ählisini ýumrup ýok eder, özi bolsa ebedi durar». Bu aýatdan Hudaýyň Patyşalygy barada näme bilýäris?

17 Birinjiden, bu aýatda Patyşalyk «şol patyşalyklaryň döwründe», ýagny entek başga patyşalyklar barka berkarar ediljegi aýdylýar. Ikinjiden, Patyşalygyň ebedi durjagyny bilýäris. Ony hiç kim hiç haçan tabyn etdirip bilmez we onuň ýerine başga hökümet geçmez. Üçünjiden, pygamberlikde Hudaýyň Patyşalygy bilen bu dünýäniň patyşalyklarynyň arasynda söweş boljagy aýdylýar. Emma Hudaýyň Patyşalygy ýeňer. Şonda bütin ýeriň üstünden iň gowy we iň adalatly ýeke-täk hökümet bolar.

18. Hudaýyň Patyşalygy bilen bu dünýäniň hökümetleriniň arasyndaky söweşe näme diýilýär?

18 Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň Patyşalygy bilen bu dünýäniň hökümetleriniň arasynda boljak aýgytly söweş barada aýdylýar. Meselem, şol aýgytly söweş golaýlaşdygyça, zalym ruhlar «bütin dünýäniň patyşalaryny» aldawa salmak üçin ýalan ýaýradyp başlarlar. Näme üçin? Sebäbi olar «ähli zada güýji ýetýän Hudaýyň uly gününde boljak söweş üçin bütin dünýäniň patyşalaryny üýşürýär». Dünýäniň patyşalary «Armageddon diýen ýerde» üýşerler (Ylham 16:14, 16). Şu iki aýatdan görnüşi ýaly, adamzat hökümetleri bilen Hudaýyň Patyşalygynyň arasyndaky aýgytly söweşe Armageddon diýilýär.

19, 20. Şu günler Hudaýyň islegi näme üçin ýerine ýetenok?

19 Hudaýyň Patyşalygy Armageddon arkaly näme eder? Geliň, Hudaýyň Ýeri näme maksat bilen ýaradanyny ýene-de ýada salalyň. Ýehowa Hudaý ýer ýüzündäki Jennetde şatlyk bilen gulluk etjek, dogry adamlaryň ýaşamagyny isleýär. Onda näme üçin häzir ýer ýüzi Jennet däl? Onuň bir sebäbi, ähli adamlar günäli, olar ölýärler we keselleýärler. Emma 5-nji bapdan bilşimiz ýaly, ebedi ýaşamagymyz üçin, Isa janyny gurban etdi. Injildäki Ýahýanyň sözleri ýadyňda bolsa gerek: «Çünki Hudaý dünýäni köp söýýänligi üçin Ogluna iman edenleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşsyn diýip, Özüniň ýekeje Ogluny berdi» (Ýahýa 3:16).

20 Ýene bir sebäbi, köp adamlar erbet iş edýärler. Olar ýalana, kezzaplyga we ahlaksyzlyga batyp, Hudaýa gulak asmagam islemeýärler. Ýöne Hudaý Armageddonda erbet adamlary ýok eder (Zebur 37:10-ny okaň). Mundan başga-da, bu dünýäniň hökümetleri öz raýatlaryna Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge höweslendirmeýär. Hökümetleriň köpüsi başarnyksyz, zalym we parahor. Mukaddes Ýazgylar: «Adamyň üstünden adamyň agalyk etmegi onuň zyýanynadyr» diýip, dogry aýdýar (Wagyz kitaby 8:9).

21. Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde onuň islegini nädip ýerine ýetirer?

21 Armageddondan soň bütin ýer ýüzünde ýeke-täk bir hökümet, ýagny Hudaýyň Patyşalygy bolar. Bu Patyşalyk Hudaýyň islegini ýerine ýetirip, adamlara köp bereket berer. Şeýtan we onuň jynlary gaýdyp bolmaz (Ylham 20:1—3). Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly adamlar ölmez we kesellemez. Şol Patyşalykda olar ebedi ýaşap biler (Ylham 22:1—3-nji aýatlary okaň). Bütin ýer ýüzi Jennete öwrüler. Patyşalyk ýer ýüzünde Hudaýyň islegini ýerine ýetirer we onuň adyny mukaddes eder. Bu bolsa ähli adamlaryň Ýehowanyň adyny şöhratlandyrjakdygyny aňladýar.

HUDAÝYŇ PATYŞALYGY HAÇAN HÖKÜM SÜRÜP BAŞLAR?

22. Isa Mesih ýerdekä hem-de direlenden soň, Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlamandygyny nireden bilýäris?

22 Isa ýerdekä Patyşalyk höküm sürüp başlamandy, çünki ol şägirtlerine: «Patyşalygyň gelsin» diýip, doga etmegi öwredipdi. Onda Patyşalyk Isa Mesih göge galanda, berkarar boldumy? Ýok, sebäbi Petrus bilen Pawlus: «Reb meniň Rebbime diýdi: duşmanlaryňy aýaklaryňa basgançak edýänçäm, sagymda otur» diýilýän Zebur 110:1-däki sözleriň, Isa direlenden soň, ýerine ýetendigini aýtdylar (Resullaryň işleri 2:32—35; Ýewreýler 10:12, 13). Görşümiz ýaly, Patyşalyk berkarar bolýança wagt geçmelidi.

Patyşalygyň höküm sürmegi bilen Hudaýyň islegi gökde bolşy ýaly, ýerde-de ýerine ýeter

23. a) Hudaýyň Patyşalygy haçan höküm sürüp başlady? b) Indiki bapdan näme bileris?

23 Ýene näçe wagt garaşmalydy? XIX we XX asyrlarda Mukaddes Ýazgylary üns bilen öwrenýän adamlar, garaşylýan wagtyň 1914-nji ýylda gutarmalydygyna kem-kemden düşünip başladylar (Şol sene barada 215—218-nji sahypalardaky Goşmaça maglumatda giňişleýin aýdylýar). 1914-nji ýyldan bäri bolýan wakalar, olaryň ýalňyşmandyklaryny tassyklaýar. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleriň ýerine ýetmegi, 1914-nji ýylda Isa Mesihiň Patyşa bolandygyna we şol ýylda Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürüp başlandygyna güwä geçýär. Diýmek, biz Şeýtanyň «wagtynyň az» galan döwründe ýaşaýarys (Ylham 12:12; Zebur 110:2). Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde Hudaýyň islegini tizden amala aşyrar diýip, biz ynam bilen aýdyp bileris. Sen bu şatlykly habara begenýäňmi? Sen bu hakykata ynanýaňmy? Ýakyn gelejekde täsin özgerişleriň boljakdygyny indiki bapdan bilersiň.