Ýewreýler 7:1—28

  • Mäliksadyk hem patyşa, hem ruhany (1—10)

  • Mesihiň beýik ruhanylygy (11—28)

    • Mesih halas etmegi başarýar (25)

7  Salamyň patyşasy we Allatagalanyň baş ruhanysy Mäliksadyk patyşalary ýeňip gelýän Ybraýym pygamberi garşylap, oňa ak pata berdi+.  Ybraýym alan oljasynyň ondan bir bölegini Mäliksadyga berdi. Onuň ady «Dogruçyllyk Patyşasy» we «Salam patyşasy», ýagny «Parahatlyk Patyşasy» diýmegi aňladýar.  Onuň ene⁠-⁠atasynyň kimdigi, nesil daragty, haçan doglup, haçan ölendigi belli däldi. Emma ol Hudaýyň Ogly ýaly hemişelik ruhany boldy+.  Mäliksadyk beýik adamdy, hatda Ybraýym atamyz* hem oňa oljasynyň iň gowusynyň ondan bir bölegini berdi+.  Töwrada görä, Lewiniň ogullary+ ruhany bellenýärdi. Olar halkdan, ýagny Ybraýymyň neslinden bolan* doganlaryndan ähli zadyň ondan bir bölegini ýygnamalydy+.  Emma Mäliksadyk lewilerden bolmasa⁠-⁠da, Ybraýymyň beren zatlarynyň ondan bir bölegini alyp, wada berlen Ybraýyma ak pata berdi+.  Hawa, beýik adamyň özünden pes adama pata berýändigi bilen hemmeler ylalaşsa gerek.  Halkdan ondan bir bölegi alýan lewiler başy ölümli ynsanlardyr. Emma ondan bir bölegi alýan başga⁠-⁠da biri bar. Aýdylmagyna görä, ol henizem ýaşaýar+.  Görşümiz ýaly, ondan bir bölegi alýan lewiler hem Ybraýym arkaly ondan bir bölegi berdiler. 10  Sebäbi Mäliksadyk Ybraýymy garşy alanda+, Lewi heniz dogulmandy, ol Ybraýymyň geljekki neslidi*. 11  Ysraýyllara berlen Töwrada görä+, ruhanylar lewi taýpasyndan bellenýärdi. Eger adamlar ruhanylar arkaly günäsiz hasaplanan bolsa, onda Mäliksadyk ýaly ruhany+ gerek bolardymy? Harun ýaly ruhany ýeterlik bolmazdymy? 12  Eger ruhanylyk hyzmaty üýtgän bolsa, onda Töwrat hem üýtgemeli bolar+. 13  Biz gurbanlyk ojagynyň* öňünde hyzmat edýän taýpanyň+ agzasy hakda gürrüň etmeýäris. 14  Musa ýahuda taýpadan+ ruhany bellenjekdigi hakda hiç zat aýtmasa⁠-⁠da, Halypamyzyň şol taýpadandygyny hemmeler bilýär. 15  Mäliksadyk+ ýaly ruhany peýda bolanda+ welin, munuň şeýledigi hasam aýdyň boldy. 16  Ol talap edilişi ýaly lewi taýpasyndan bolmasa⁠-⁠da, ruhany bolup hyzmat edýär, sebäbi onda soňsuz* ýaşaýşyň güýji bar+. 17  Hudaý ol hakda: «Sen Mäliksadyk ýaly, ebedilik ruhany bolarsyň»+ diýipdi. 18  Şeýlelikde, öňki kada⁠-⁠kanun gowşak we peýdasyz bolandygy üçin ýatyryldy+. 19  Sebäbi Töwrat hiç zady kämil edip bilmedi+, ýöne Hudaýyň beren ajaýyp umydy ähli zady kämil etdi+. Biz ol umyt arkaly Hudaýa ýakynlaşýarys+. 20  Hudaý ant içendigi üçin Isany ruhany belledi. 21  Hudaý ruhanylyk borjuny alan adamlar babatda ant içmändi, emma ol başga biri hakda ant içip: «Ýehowa* ant içdi, sözünden dänmez*, „Sen ebedilik ruhany bolarsyň“»+ diýipdi. 22  Şoňa görä⁠-⁠de Isa has gowy ähtiň kepili boldy+. 23  Galyberse⁠-⁠de, ruhanylar ölýändigi sebäpli gullugyny dowam edip bilmeýärdiler+. Şonuň üçin olaryň ýerine başga ruhanylar bellenýärdi. 24  Emma Isanyň ebedi ýaşaýandygy üçin+ başga ruhany bellenmez. 25  Ol özi arkaly Hudaýa ýakynlaşýanlary halas edip bilýändir. Sebäbi ol hemişe ýaşaýar we olar üçin Hudaýa ýalbarýar+. 26  Bize wepaly, bigünä, päk+, günäli adamlardan tapawutlanýan we şöhraty göge ýeten baş ruhany gerekdir+. 27  Baş ruhany her gün ilki öz günäleri üçin+, soňra halkyň günäleri üçin gurban getirmelidi+. Emma Isa beýle etmek gerek däldi, sebäbi ol özüni bir gezekde hemişelik gurban etdi+. 28  Töwrada görä, günäli adamlary baş ruhany edip bellemelidi+. Emma Töwratdan soň ant içilip+ berlen wada arkaly hemişelik kämil Ogul bellenendir+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: maşgalabaşymyz.
Sözme⁠-⁠söz: bilinden önen.
Sözme⁠-⁠söz: bilindedi.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: ýok edip bolmaýan.
Ýa⁠-⁠da: ökünmez.