Ýahýa gelen Ylham 12:1—17

  • Aýal, çaga we aždarha (1—6)

  • Mikaýyl bilen aždarha söweşýär (7—12)

    • Aždarha ýer ýüzüne zyňylýar (9)

    • Iblis wagtynyň az galandygyny bilýär (12)

  • Aždarha aýaly yzarlaýar (13—17)

12  Soňra men gökde uly alamat gördüm: Güne bürenen bir aýalyň+ aýagynyň astynda Aý, başynda 12 ýyldyzly täç bardy.  Aýal göwrelidi we burgusy tutup gygyrýardy, sebäbi dogurmaly wagty gelipdi.  Men gökde başga bir alamat hem gördüm. Ine, gyzyl reňkli, ýedi kelleli we on şahly uly aždarha+ durdy. Onuň her kellesinde bir täç bardy.  Ol guýrugy bilen gökdäki ýyldyzlaryň üçden bir bölegini alyp+, olary ýer ýüzüne zyňdy+. Aždarha doguljak çagany ýuwutmak üçin burgusy tutýan aýalyň öňünde durdy+.  Aýal ogul dogurdy+. Onuň çagasyny dessine tagtda oturan Hudaýyň ýanyna äkitdiler. Dünýä inen oglan ähli milletleri demir hasa bilen bakar+.  Aýal bolsa çöle, ýagny Hudaýyň taýýarlan ýerine gaçyp gitdi. Ol ýerde aýaly 1 260 günläp naharladylar+.  Şonda gökde uruş turdy. Mikaýyl+ perişdeleri bilen aždarha garşy, aždarha hem perişdeleri bilen olara garşy söweşdi.  Ýöne olar ýeňip bilmediler* we gökde olar üçin ýer galmady.  Netijede, Iblis+ we Şeýtan+ diýip atlandyrylýan köne ýylan+, bütin ýer ýüzünde ýaşaýanlary aldaýan+ uly aždarha+ perişdeleri bilen ýere zyňyldy+. 10  Şonda men gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Ine, biziň Hudaýymyz adamlara gutulyş berdi+, güýç⁠-⁠kuwwaty belli boldy, Patyşalygy berkarar edildi+ we Mesihine ygtyýar berildi. Sebäbi doganlarymyzy Hudaýyň öňünde gije⁠-⁠gündiz aýyplaýan töhmetçi+ ýere zyňyldy. 11  Olar Guzynyň gany+ we wagyz eden habary+ arkaly ýeňdiler+. Ölüm bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz bolmaly bolsalar⁠-⁠da, janyny gaýgyrmadylar+. 12  Eý gökler we onda ýaşaýanlar, munuň üçin begeniň! Ýer we deňiz, waý siziň halyňyza!+ Sebäbi Iblis wagtynyň az galandygyny bilip+, güýçli gahar⁠-⁠gazap bilen siziň ýanyňyza bardy». 13  Aždarha ýere zyňlandygyna+ düşünende, çaga dogran aýaly yzarlap başlady+. 14  Emma aýal çöldäki ýerine uçup gider ýaly, oňa uly bürgüdiň iki ganaty berildi+. Aýal ýylandan gaçyp+, ol ýerde bir döwür, iki döwür we ýarym döwür* naharlanmalydy+. 15  Ýylan aýaly gark etmek üçin agzyny açanda, suw derýa kimin joşup, aýalyň yzyndan akdy. 16  Emma ýer aýalyň dadyna ýetişip, agzyny açdy⁠-⁠da, aždarhanyň agzyndan çykan derýany ýuwutdy. 17  Şonda aždarha aýala gaharlanyp, onuň galan nesli*+, ýagny Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý edip, Isa hakda wagyz edýänler bilen söweşmäge gitdi+.

Çykgytlar

Başga manysy: aždarha ýeňildi.
Ýagny üç ýarym döwür.
Sözme⁠-⁠söz: tohumy.