Ikinji Timoteos 4:1—22

  • «Hudaýa birkemsiz gulluk et» (1—5)

    • Hudaýyň sözüni wagyz et (2)

  • «Men gaýduwsyz göreşdim» (6—8)

  • Pawlusyň haýyşy (9—18)

  • Hoşlaşyk sözleri (19—22)

4  Men Hudaýyň we Isa Mesihiň öňünde saňa berk tabşyryk berýärin. Isa Mesih gelejekde Patyşalygy+ we gelmegi bilen+ hem dirileri, hem ölüleri+ höküm eder+.  Şoňa görä⁠-⁠de Hudaýyň sözüni wagyz et+, amatly wagtda⁠-⁠da, kyn döwürde⁠-⁠de yhlasly öwret, käýe+, berk duýduryş ber, öwüt⁠-⁠ündew et. Ýöne elmydama sabyrly bol we ökdelik bilen öwret+.  Sebäbi şeýle döwür geler welin, adamlar sagdyn* taglymaty diňlemän+, öz isleglerine görä ýaşarlar. Olar gulagyna ýakymly zatlary gürrüň berýän mugallymlary gözlärler+.  Hakykaty diňlemekden ýüz öwrüp, ýalan rowaýatlara gulak gabardarlar.  Sen bolsa ähli zatda sagdyn pikirlen, kynçylyklarda çydamly bol+, hoş habary hemişe wagyz edip, Hudaýa birkemsiz gulluk et+.  Sebäbi men gurbanlyk ojagyna* şerap sadakasy kimin dökülýärin+, dünýäden ötmeli wagtym+ hem golaýlaşýar.  Men gaýduwsyz göreşdim+, ýaryşyň soňuna çenli ylgadym+, imanymy gowşatmadym.  Indi bolsa adalatly kazy Halypamyz+ dogruçyllyk täjini+ meniň üçin taýýarlap goýdy. Ol täji höküm güni berer+. Täç diňe maňa däl, onuň äşgär bolmagyna garaşýanlaryň ählisine berler.  Meniň ýanyma çaltrak geljek bol. 10  Sebäbi Dimas+ dünýäni* söýüp, meni taşlap, Selanige gitdi. Krisken Galatýa, Titus bolsa Dalmatýa gitdi. 11  Ýanymda diňe Luka galdy. Şonuň üçin Markusy alyp gaýt, ol maňa hyzmat eder*. 12  Men Tihikusy+ Efese ugratdym. 13  Trowasda ýaşaýan Karplardan gyş eşigimi we golýazmalary, esasan⁠-⁠da, deriden ýasalan golýazmalary* alyp gaýt. 14  Isgender demirçi* maňa kän ýamanlyk etdi. Ýehowa* eden etmişleri üçin almytyny berer+. 15  Sen hem ondan seresap bol, sebäbi ol hoş habara güýçli garşy çykdy. 16  Men ilkinji sapar özümi goramaly bolanymda, tarapymy tutan bolmady, hemmeler meni taşlap gitdi. Goý, Hudaý olardan hasap soramasyn. 17  Emma Halypamyz ýanymda durup, maňa güýç berdi. Şonuň üçin men birkemsiz wagyz edip, hoş habary ähli halklara ýetirip bildim+. Şeýdip, ýolbarsyň agzyndan halas boldum+. 18  Halypamyz meni ähli erbetlikden gorar we gökdäki Patyşalygy üçin halas eder+. Halypamyza baky we ebedi şöhrat bolsun! Omyn! 19  Priska bilen Akila+ we Onisiforyň öý⁠-⁠içerisine+ salam aýt. 20  Erastos+ Korinfde galdy, emma Trofimusy+ Miletde goýup gaýtdym, sebäbi ol syrkawlapdy. 21  Gyş düşmänkä geljek bol. Ewul, Pudens, Linus, Klawdiýa we ähli doganlar salam aýdýar. 22  Dogry garaýşyň üçin, goý, Halypamyz ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: peýdaly.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: häzirki döwri. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: gullugymda kömek eder.
Sözme⁠-⁠söz: pergamentleri. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: mis ussasy.