Resullar 2:1—47

  • Pentikost güni mukaddes ruh inýär (1—13)

  • Petrus söz sözleýär (14—36)

  • Märeke Petrusyň sözlerini kabul edýär (37—41)

    • Üç müň adam suwa çümdürilýär (41)

  • Agzybir mesihçiler (42—47)

2  Pentikost baýramçylygynda+ şägirtleriň ählisi öňki bolýan öýünde ýygnandylar.  Birdenkä güýçli ýeliň öwsüşi kimin gökden bir ses geldi, sesi jaýda oturanlaryň hemmesi eşitdi+.  Şonda ot ýalynlaryna meňzeş diller peýda boldy⁠-⁠da, bölünip, her şägirdiň üstünde durdy.  Olaryň hemmesi mukaddes ruhdan dolup+, ruhuň kömegi bilen dürli dillerde gepläp başladylar+.  Şol wagt Iýerusalime dünýäniň dürli künjeginden hudaýhon ýehudylar gelipdi+.  Sesi eşidenleriň köpüsi şol ýere ýygnandylar. Olar şägirtleriň dürli dillerde gepleýändiklerini eşidip, aljyraňňy ýagdaýa düşdüler.  Olar haýran galyşyp: «Gepleýän adamlar jelileli dälmi?+  Olar nädip biziň ene dilimizde gepläp bilýärler?  Biz parfiýalylar, midiýalylar+, elamlar+ we Mesopotamiýada, Ýahudada, Kappadokiýada, Pontusda, Aziýada ýaşaýarys+. 10  Aramyzda frigiýalylar, pamfiliýalylar, müsürliler, Kirenanyň golaýynda ýaşaýan liwiýalylar, Rimden gelen ýehudylar bilen ýehudy dinine geçenler+, 11  kritliler we araplar hem bar. Biziň ählimiz olaryň Allanyň gudratly işleri hakda öz ene dilimizde gürrüň berýändiklerini eşidýäris» diýdiler. 12  Olaryň ählisi geň galyp, biri⁠-⁠birine: «Nämeler bolup ýör?» diýişdiler. 13  Başgalar bolsa şägirtleriň üstünden gülüp: «Olar süýji şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýýärdiler. 14  Petrus bolsa 11 resul+ bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Ýahudanyň we Iýerusalimiň halky, meniň sözlerimi ünsli diňläň. 15  Olara serhoşdyr öýtmäň, sebäbi sagat ýaňy dokuz* bolup gelýär. 16  Aslynda, Ýoweliň aýdan pygamberligi ýerine ýetýär: 17  „Hudaý şeýle diýýär: „Soňky günlerde her bir adamyň üstüne ruhumy dökerin. Ogul⁠-⁠gyzlaryňyz pygamberlik ederler, gojalaryňyz düýşler, ýigitleriňiz görnüşler* görerler+. 18  Gullarymyň⁠-⁠da, gyrnaklarymyň⁠-⁠da üstüne ruhumy dökerin, olar hem pygamberlik ederler+. 19  Men asmanda gudratlary, ýer ýüzünde alamatlary: gan, ot we gara tüsse görkezerin. 20  Ýehowanyň* beýik we täsin güni gelmezinden öň, Gün tümlüge, Aý gara gana döner. 21  Ýehowanyň* adyny çagyran her bir adam halas bolar“+. 22  Eý ysraýyl halky, aýtjak sözlerime gulak asyň. Siz bilýärsiňiz, Hudaý nazaretli Isany iberip, ol arkaly uly işleri etdi, gudrat hem alamat görkezdi+. 23  Siz ony kanuny bozýan adamlaryň eline tabşyryp, pürse çüýläp öldürdiňiz+. Hudaý şeýle boljakdygyny bilýärdi+, şonuň üçin muňa ýol berdi. 24  Emma Hudaý ony direldip+, ölümiň penjesinden* azat etdi, sebäbi ol ölümiň ýesirliginde galmaly däldi+. 25  Dawut pygamber ol hakda: „Hemişe Ýehowa* hakda pikir ederin. Ol meniň sagymda bolsa, asla sarsmaryn. 26  Şonuň üçin ýürekden şatlanaryn, dilim şatlykdan ýaňa saýrar. Men umyt edip ýaşaryn. 27  Sen meni mazarda* galdyrmarsyň, wepaly guluňy mazarda çüýretmersiň+. 28  Maňa ýaşaýyş ýollaryny öwretdiň, huzuryňda ýüregimi şatlykdan doldurdyň“+ diýdi. 29  Doganlar, atamyz Dawut hakda batyrgaý geplemäge rugsat beriň. Ol aradan çykyp, jaýlandy+, mazary henize çenli dur. 30  Dawut pygamberdi, Hudaý oňa ant içip, kasam edendigi üçin, öz neslinden* bir adamyň tagtda oturjagyny bilýärdi+. 31  Ol Mesihiň direljekdigini bilýärdi. Şonuň üçin Mesihiň mazarda* galmajagyny we çüýremejegini öňünden aýtdy+. 32  Hudaý Mesihi direltdi, muňa ählimiz şaýatdyrys+. 33  Ol göge galdy⁠-⁠da, Hudaýyň sagynda oturyp+, Atanyň wada beren mukaddes ruhuny aldy+. Siziň görüp⁠-⁠eşidişiňiz ýaly, ol mukaddes ruhy biziň üstümize inderdi. 34  Dawut göge galmady, ýöne şonda⁠-⁠da şeýle diýdi: „Ýehowa* meniň Halypama: 35  „Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm, sagymda otur“+ diýdi“. 36  Ysraýyl halky, bilip goýuň: pürse çüýlän Isaňyzy+ Hudaý Baştutan+ hem Mesih edip belledi». 37  Şonda diňläp duran adamlaryň ýüregine gylyç sanjylan ýaly boldy. Olar Petrus bilen resullara: «Doganlar, indi biz näme etmeli?» diýişdiler. 38  Petrus: «Günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin+ toba ediň+ we Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň+. Şonda Hudaýyň jomartlyk bilen berýän mukaddes ruhuny alarsyňyz. 39  Ol mukaddes ruhy size, çagalaryňyza, uzakda ýaşaýanlaryň ählisine we Ýehowa* Hudaýymyzyň çagyran adamlaryna berjekdigini wada etdi»+ diýdi. 40  Petrus başga⁠-⁠da köp zatlary gürrüň berip, birkemsiz wagyz etdi. Ol: «Heläk bolmaz ýaly, şu azgyn nesle goşulmaň»+ diýip maslahat berdi. 41  Onuň sözlerini ýürekden kabul eden adamlar suwa çümdürildiler+. Şol gün 3 000⁠-⁠e golaý adam şägirtlere goşuldy+. 42  Olar resullardan bilim alýardylar, biri⁠-⁠biri bilen gatnaşýardylar*, iýip içýärdiler+ we doga edýärdiler+. 43  Resullar köp gudratlary we alamatlary görkezýärdiler+. Olary görenler Hudaýdan gorkup* başladylar. 44  Isanyň şägirdi bolanlaryň hemmesi bilelikde ýygnanyşýardylar we bar zatlaryny biri⁠-⁠biri bilen paýlaşýardylar. 45  Olar melleklerini we zatlaryny satyp+, öz aralarynda mätäçlik çekýänlere paýlaýardylar+. 46  Olar her gün agzybirlikde ybadathanada ýygnanyşýardylar, bir⁠-⁠birleriniň öýüne baryp, uly şatlyk bilen iýip içýärdiler, jomartlyk bilen zatlaryny paýlaşýardylar. 47  Olar Hudaýy şöhratlandyrýardylar, adamlar hem olara hormat goýýardylar. Ýehowa* bolsa her gün halas etjek adamlaryny şägirtleriň arasyna goşýardy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: üçünji sagat.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: tanapyndan.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: bilinden önen.
Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: zatlaryny paýlaşýardylar.
Ýa⁠-⁠da: Hudaýa hormat goýup.