Ýahýa gelen Ylham 20:1—15

  • Şeýtan 1 000 ýyllyk baglanýar (1—3)

  • Mesih bilen 1 000 ýyl höküm sürjek patyşalar (4—6)

  • Şeýtan boşadylýar we ýok edilýär (7—10)

  • Tagtyň öňünde ölülere höküm çykarylýar (11—15)

20  Soňra men bir perişdäniň gökden aşak inip gelýändigini gördüm. Elinde düýpsüz çuňlugyň açary+ we uly zynjyr bardy.  Ol aždarhany+, ýagny Iblis+ we Şeýtan+ diýilýän köne ýylany+ tutup, 1 000 ýyllyk baglady.  Perişde aždarhany düýpsüz çuňluga+ zyňyp, agzyny ýapdy we üstüne möhür basdy. Indi ol 1 000 ýyl dolýança, milletleri aldap bilmez. Soňra ol biraz wagtlyk boşadylar+.  Soňra men tagtlary gördüm, onuň üstünde oturanlara höküm etmäge ygtyýar berildi. Mundan başga⁠-⁠da, men Isa hakda şaýatlyk we Hudaý hakda wagyz edendikleri üçin öldürilenleri* gördüm. Olar wagşy haýwana⁠-⁠da, şekiline⁠-⁠de sežde etmändiler, maňlaýyna hem⁠-⁠de eline belligini almandylar+. Olar direlip, Mesih bilen 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürdüler+.  Bu birinji direlişdir+. Ölenleriň galany+ bolsa 1 000 ýyl dolýança ýaşaýşy almadylar.  Birinji direlişde direljekler+ bagtlydyr we mukaddesdir, ikinji ölüm+ olara zyýan ýetirip bilmez*+. Olar Hudaýyň, Mesihiň ruhanylary bolarlar+ we 1 000 ýyl patyşa bolup höküm sürerler+.  Müň ýyl tamamlanan badyna, Şeýtan tussaglykdan boşadylar.  Soňra ol ýeriň dört künjeginde ýaşaýan milletleri azdyrmaga gider we Äjit⁠-⁠Mäjidi söweş üçin ýygnar. Olaryň sany deňziň çägesi deý köpdür.  Olar bütin ýer ýüzüne ýaýrap, mukaddesleriň ýaşaýan ýerini we Hudaýyň söýýän şäherini gabadylar. Emma gökden ot inip, olary ýok etdi+. 10  Olary aldan Iblis ot we kükürt kölüne zyňyldy. Wagşy haýwan+ we ýalan pygamber bolsa eýýäm şol ýerdedi+, olar gije⁠-⁠gündiz baky hem ebedi jebir çekerler. 11  Soňra men uly ak tagt gördüm, tagtda Hudaý otyrdy+. Ýer we gök Hudaýyň huzuryndan gaçdylar+, indi olara gaçara ýer tapylmady. 12  Şeýle⁠-⁠de men sada we abraýly ölen adamlaryň tagtyň öňünde durandygyny gördüm, şonda golýazmalar açyldy. Başga bir golýazma hem açyldy, ol ýaşaýyş kitabydy+. Golýazmalara laýyklykda, ölülere eden işlerine görä höküm çykaryldy+. 13  Deňiz özündäki ölüleri, ölüm bilen mazar* hem özündäki ölüleri berdi. Olaryň her birine edýän işlerine görä höküm edildi+. 14  Soňra ölüm bilen mazar* ot kölüne zyňyldy+. Ot köli+ ikinji ölümi+ aňladýar. 15  Ýaşaýyş kitabyna ady ýazylmadyklar+ hem ot kölüne zyňyldy+.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: palta bilen çapylanlary.
Sözme⁠-⁠söz: ikinji ölümiň olaryň üstünden ygtyýary ýokdur.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.