Ikinji Timoteos 2:1—26

  • Wepaly adamlara ynanylan habar (1—7)

  • Hoş habar üçin görgi görsem⁠-⁠de çydaýaryn (8—13)

  • Hakykat sözüni dogry öwret (14—19)

  • «Ýaşlyk höweslerinden gaça dur» (20—22)

  • Garşy çykýanlar bilen paýhasly boluň (23—26)

2  Oglum+, Isa Mesih arkaly alan berekediň* saňa güýç⁠-⁠kuwwat bersin!  Menden eşiden zatlaryňy köp şaýatlar hem tassyklandyr+. Indi olary wepaly adamlara öwret. Şonda olar hem başgalara ökdelik bilen öwredip bilerler.  Isa Mesihiň batyr esgeri+ hökmünde kynçylyklara döz gel+.  Esger söwda⁠-⁠satyk işlerine* baş goşýan* däldir, ony esgerlige alan adamyň göwnünden turjak bolýandyr.  Ýaryşa gatnaşýan adam hem ýaryşyň şertini berjaý etmese, baýrak* alyp bilmez+.  Zähmetsöýer daýhan hem hasylynyň ilkinji miwesini özi datmalydyr.  Meniň aýdanlarym hakda hemişe pikirlen, Hudaý saňa ähli zada düşünmäge kömek eder.  Isa Mesihiň direlendigi+ we onuň Dawudyň neslindendigi*+ hakdaky hoş habary wagyz edýändigimi+ unutma.  Men şonuň üçin horluk çekip, jenaýatçy ýaly tussaglykda otyryn+, emma Hudaýyň sözüni zynjyr bilen baglap bolmaýar+. 10  Hudaýyň saýlan adamlary Isa Mesih arkaly halas bolup, ebedi şöhrata eýe bolarlar. Men hem şonuň üçin görgi görýärin+. 11  Şu sözlerim hakdyr: biz bile ölsek, bile⁠-⁠de ýaşarys+. 12  Soňuna çenli çydamly bolsak, onda patyşa bolup, bile⁠-⁠de höküm süreris+. Eger ondan ýüz öwürsek, ol hem bizden ýüz öwrer+. 13  Biz wepaly bolmasak⁠-⁠da, ol wepalydyr, sebäbi öz⁠-⁠özüne garşy gidýän däldir. 14  Şol zatlary olara ýatladyp dur. Hudaýyň öňünde olara maslahat ber*, goý, her bir söz üçin dawalaşmasynlar. Sebäbi beýle zatlar diňleýänlere peýdaly däldir, diňe zyýan* getirýändir. 15  Hudaýy razy etmek üçin eliňde baryny et, hakykat sözüni dogry öwret+, şonda edýän işiňe utanmarsyň. 16  Ýöne mukaddes zatlara dil ýetirýän biderek gürrüňlerden uzakda dur+, sebäbi şeýle gürrüňleri edýänler Hudaýdan gitdigiçe daşlaşarlar. 17  Himeneý bilen Filitus hem olaryň biridir+. Olaryň sözi ýokanç kesel* kimin ýaýrar. 18  Olar hakykatdan ýüz öwürdiler, direliş eýýäm boldy+ diýip, käbirleriniň imanyny gowşatdylar. 19  Emma Hudaýyň guran binasynyň düýbi berk tutuldy we oňa «Ýehowa* saýlanlaryny bilýändir»+, «Ýehowanyň* adyny çagyrýanlar+ erbet işlerden ýüz öwürmelidir» diýen möhür basylandyr. 20  Uly jaýda diňe altyn, kümüş gaplar däl⁠-⁠de, agaçdan, toýundan ýasalan gaplar hem bardyr. Olaryň käbiri abraýly iş üçin, käbiri abraýsyz iş üçin ulanylýar. 21  Eger biri abraýsyz gaplardan özüni çetde tutsa, ol hojaýyny üçin abraýly, mukaddes we peýdaly gap bolar, oňat iş üçin ulanylar. 22  Şeýlelikde, ýaşlyk höweslerinden uzakda dur. Hudaýy päk ýürekden çagyrýan adamlar bilen birlikde dogruçyl bolmaga, iman etmäge, söýmäge we parahat ýaşamaga jan et. 23  Şeýle⁠-⁠de biderek, manysyz jedellere goşulma+, sebäbi olaryň soňy urşa ýazýandyr. 24  Hudaýyň guly dawalaşmaly däldir, gaýtam hemmeler bilen ýumşak*+, öwretmäge ukyply, ýamanlyk edilse⁠-⁠de gaýtargy bermeli däldir*+. 25  Saňa garşy çykýanlara mylakatlylyk bilen öwüt⁠-⁠ündew et+. Belki, Hudaý olara toba etmäge* mümkinçilik berer, olar hem hakykat bilimini alar+. 26  Şonda olar Iblisiň duzagyna düşendigini+ bilip, akylyna aýlanarlar we onuň torundan halas bolarlar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: ýagşylygyň.
Başga manysy: gündelik işlere.
Sözme⁠-⁠söz: başagaý bolýan.
Sözme⁠-⁠söz: täç.
Sözme⁠-⁠söz: tohumyndandygy.
Sözme⁠-⁠söz: birkemsiz şaýatlyk et.
Ýa⁠-⁠da: heläkçilik.
Sözme⁠-⁠söz: gangrena.
Ýa⁠-⁠da: sypaýyçylykly.
Ýa⁠-⁠da: özüni saklap bilmelidir.
Ýa⁠-⁠da: pikirini üýtgetmäge.