Ýahýa gelen Ylham 16:1—21

  • Hudaýyň gaharyndan doly ýedi käse (1—21)

    • Ýere (2), deňze (3), derýalara we çeşmelere (4—7), Güne (8, 9), wagşy haýwanyň tagtyna (10, 11), Ýewfrat derýasyna (12—16), howa (17—21) dökülýär

    • Armageddon söweşi (14, 16)

16  Soňra men ybadathananyň mukaddes ýerinden+ çykan batly sesiň ýedi perişdä: «Gidiň, Hudaýyň gaharyndan doly ýedi käsäni ýer ýüzüne döküň»+ diýenini eşitdim.  Birinji perişde gidip, käsesini ýer ýüzüne dökdi+. Şonda wagşy haýwanyň belligini alyp+, şekiline sežde edýän adamlara+ agyryly we elhenç ýaralar çykdy+.  Ikinji perişde hem gidip, käsesini deňze dökdi+. Şonda deňziň suwy öldürilen adamyň gany ýaly boldy+ we ondaky ähli janly⁠-⁠jandarlar öldi+.  Üçünji perişde gidip, käsesini derýalara we çeşmelere dökdi+, olar hem gana öwrüldi+.  Şonda men suwlaryň üstünden ygtyýary bolan perişdäniň şeýle diýenini eşitdim: «Häzir hem, geçmişde hem Bar bolan Hudaýymyz+, sen wepaly+, dogruçyl. Sebäbi şu hökümleri sen çykardyň+.  Mukaddesleriň we pygamberleriň ganyny dökendikleri üçin+, sen olara gan içirdiň+, olar muňa mynasypdyr»+.  Şeýle⁠-⁠de men gurbanlyk ojagyndan*: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa*+, seniň hökümleriň* dogrudyr we adalatlydyr»+ diýen sözleri eşitdim.  Dördünji perişde hem gidip, käsesini Güne dökdi+. Şonda Güne adamlary ýakmaga ygtyýar berildi.  Adamlar Günüň gyzgyn howruna ýansalar⁠-⁠da, toba etmediler, Hudaýy şöhratlandyrmadylar. Gaýtam şol belalaryň üstünden ygtyýary bolan Hudaýa gargadylar. 10  Bäşinji perişde hem gidip, käsesini wagşy haýwanyň tagtyna dökdi. Şonda onuň bütin hökümdarlygy garaňkyrady+, ondaky adamlar hem agyrydan ýaňa dişlerini gyjap başladylar. 11  Olar eden işlerine toba etmediler, gaýtam agyrylaryndan we ýaralaryndan ýaňa gökdäki Hudaýa gargadylar. 12  Altynjy perişde hem gidip, käsesini beýik Ýewfrat derýasyna+ dökdi. Şonda ol gurap+, gündogardan gelýän patyşalar üçin ýol taýýarlady+. 13  Soňra men aždarhany+, wagşy haýwany we ýalan pygamberi gördüm. Olaryň agzyndan gurbagalara meňzeş ylhamly haram sözler* çykdy. 14  Aslynda, olar jynlaryň aýdan ylhamly sözleridi we olar alamatlar görkezýärdiler+. Olar gidip, bütin ýer ýüzüniň patyşalaryny Gudratygüýçli Hudaýyň beýik gününde+ boljak söweşe ýygnadylar+. 15  Soňra men şeýle ses eşitdim: «Hüşgär boluň! Men ogry kimin gelýärin+. Ýalaňaç gezip utanja galmaz ýaly+, oýa bolup+, egnindäki eşigini çykarmaýan adam bagtlydyr». 16  Olar patyşalary ýewreýçe Armageddon*+ diýen ýere ýygnadylar. 17  Ýedinji perişde hem gidip, käsesini howa dökdi. Şonda ybadathananyň mukaddes ýerindäki+ tagtdan: «Berjaý boldy!» diýen batly ses eşidildi. 18  Şonda ýyldyrym çakyp, ses eşidildi, gök gürledi we güýçli ýer titredi. Ýertitreme şeýle güýçlüdi welin, adamzat döräli bäri beýle ýertitreme hiç haçan bolan däldir+. 19  Beýik şäher+ üçe bölündi, milletleriň şäherleri ýumruldy. Hudaý Beýik Wawilony+ ýatlap, oňa gahar⁠-⁠gazapdan doly şeraply käsesini berdi+. 20  Ähli adalar ýitirim boldy, daglar zym⁠-⁠zyýat boldy+. 21  Şonda gökden adamlaryň üstüne hersiniň agramy bir batmana* golaý güýçli buz* ýagdy+. Adamlar buz belasyndan ýaňa+ Hudaýa dil ýetirdiler, sebäbi ol juda elhençdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: çykaran kararlaryň.
Sözme⁠-⁠söz: ruhlar.
Manysy: Megiddo dagy. Grekçe «Har⁠-⁠Magedon». Sözlüge serediň.
Grek batmany 20,4 kg deň. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa⁠-⁠da: doly; jöwenek.