Zebur 110:1—7

  • Mäliksadyk ýaly patyşa hem ruhany

    • «Duşmanlaryň arasynda höküm sür» (2)

    • Ýaşlar säher bilen ýere düşen çyg deý bolar (3)

Dawudyň aýdymy. 110  Ýehowa meniň Halypama: «Duşmanlaryňy aýagyňa basgançak edýänçäm,Sagymda otur»+ diýdi.   Ýehowa seniň patyşalyk* hasaňy Siondan uzadar. Ol saňa: «Duşmanlaryň arasynda höküm sür»+ diýer.   Goşun ýygnan günüň halkyň höwes bilen geler. Mukaddes we haýbatly goç ýigitler* ýanyňda durar.Olar säher bilen ýere düşen çyg deý bolar.   Ýehowa ant içdi, sözünden dänmez*: «Sen Mäliksadyk ýaly,Ebedilik ruhany bolarsyň»+.   Ýehowa seniň sagyňda durar+,Gazap gününde patyşalary gyrar+.   Ol halklara çykaran hökümini ýerine ýetirer+,Ýurdy jesetlerden doldurar+. Ýer ýüzüniň baştutanynyň başyny alar.   Ol* ýoluň gyrasyndaky çeşme suwundan ganar, Başy hemişe dik bolar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: gudratly.
Ýa⁠-⁠da: ýaşlar.
Ýa⁠-⁠da: ökünmez.
1⁠-⁠nji aýatdaky Halypa göz öňünde tutulýar.