Ýahýa gelen Ylham 22:1—21

  • Ýaşaýyş berýän derýanyň suwy (1—5)

  • Sözsoňy (6—21)

    • «Gel! Ýaşaýyş suwuny mugt al» (17)

    • «Gel, Halypam Isa!» (20)

22  Soňra perişde maňa ýaşaýyş berýän we suwy aýna* ýaly dup⁠-⁠dury derýany+ görkezdi. Ol Hudaýyň we Guzynyň+ tagtyndan akyp,  şäheriň uly köçesiniň ortasyndan geçýärdi. Derýanyň iki tarapynda her ýyl 12 sapar, ýagny her aý miwe berýän ýaşaýyş agaçlary bardy. Agaçlaryň ýapraklary milletleri sagaltmak üçin ösýärdi+.  Şäher hiç haçan näletlenmez, ol ýerde Hudaýyň we Guzynyň tagty durar+. Şäherde Hudaýyň gullary mukaddes gullugy berjaý ederler.  Olar Hudaýyň ýüzüni görerler+, maňlaýlarynda bolsa onuň ady ýazylar+.  Şäherde gije bolmaz+, olara çyranyň ýa⁠-⁠da Günüň ýagtysy gerek bolmaz, sebäbi Ýehowa* Hudaýyň özi olaryň üstüne ýagty saçar+ we olar patyşa bolup baky hem ebedi höküm sürerler+.  Perişde maňa: «Aýdanlarym ygtybarlydyr, hakdyr+. Hawa, pygamberlerine ylham beren+ Ýehowa* Hudaý perişdesini iberip, tizden boljak zatlary gullaryna mälim etdi.  Men tizden gelerin+. Şu golýazmadaky pygamberlikleri berjaý edýän bagtlydyr»+ diýdi.  Men aýdylan zatlary eşiden we gören Ýahýa. Men olary görüp⁠-⁠eşidenimde, olary görkezen perişdä sežde etmek üçin dyza çökdüm.  Emma ol: «Dur, beýle zat etme! Hudaýa sežde et!+ Men hem seniň ýaly, pygamber doganlaryň ýaly, şu golýazmadaky sözleri berjaý edýänler ýaly gulduryn» diýdi. 10  Soňra ol maňa şeýle diýdi: «Golýazmadaky pygamberliklere möhür basma, gizleme, sebäbi bellenen wagt golaýdyr. 11  Goý, erbetler erbetlik etsin, ýigrenjiler hem haramlyk etsin. Emma dogruçyllar mundan beýläk⁠-⁠de dogruçyl ýaşasyn, mukaddesler hem mukaddes bolsun. 12  „Men tizden gelerin, berjek sylagym hem elimde. Men her kime eden işine görä hakyny bererin+. 13  Men Alfa we Omega*+, ilkinji hem soňkudyryn, başlangyç hem ahyrkydyryn. 14  Eşigini ýuwanlar bagtlydyr+, sebäbi olara ýaşaýyş agajynyň ýanyna barmaga ygtyýar berler+ we olara şähere derwezelerden girmäge rugsat berler+. 15  Itler*, jadygöýler, ahlaksyzlar*, ganhorlar, butparazlar, ýalany söýýänler we ýalançylar şäheriň daşynda galarlar“+. 16  „Men şu zatlary ýygnaklara şaýatlyk etmek üçin perişdämi iberen Isa. Men Dawudyň maşgalasyndan* we neslindendirin+, ýagty saçýan daň ýyldyzydyryn“»+. 17  Mukaddes ruh we gelin+: «Gel!» diýýär. Goý, muny eşidýänler hem: «Gel!» diýsinler. Suwsan gelsin+, her bir isleýän adam ýaşaýyş suwuny mugt alsyn+. 18  «Men şu golýazmadaky pygamberlikleri eşidýän her kese şuny yglan edýärin: kim şu sözlere bir zat goşsa+, Hudaý golýazmada ýazylan belalary başyna indirer+. 19  Eger kim golýazmadaky pygamberliklerden bir zat aýyrsa, Hudaý ýaşaýyş agajyndan berjek paýyny yzyna alar⁠-⁠da+, şu golýazmada ýazylan mukaddes şähere girmäge rugsat bermez+. 20  Olar hakda şaýatlyk edýän: „Hawa, tizden gelerin!“+ diýýär». «Omyn! Gel, Halypam Isa!» 21  Goý, Halypamyz Isa mukaddeslere ýagşylyk etsin!

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: hrustal.
Grek elipbiýiniň birinji we soňky harplary.
Ýagny Hudaýyň nazarynda nejis işleri edýänler.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: kökünden.