Ýewreýler 4:1—16

  • Hudaý bilen dynç almak (1—10)

  • Hudaý bilen dynç almaga jan ediň (11—13)

    • «Hudaýyň sözi diri» (12)

  • Isa — beýik baş ruhany (14—16)

4  Hudaý bilen dynç almaga heniz mümkinçilik bar. Şol sebäpli, geliň, seresap bolup, berlen mümkinçiligi sypdyrmalyň+.  Bize hoş habar wagyz edildi+. Ata⁠-⁠babalarymyz hem şol sözleri eşitdi, ýöne onuň peýdasy degmedi, sebäbi olar gulak asyp, iman etmediler.  Emma biz iman edip, Hudaý bilen hökman dynç alarys. Ýöne Hudaý dünýäni ýaradyp+, ähli işlerini gutarsa⁠-⁠da, ata⁠-⁠babalarymyz hakda: «Men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“+ diýip ant içdim» diýdi.  Ol başga bir ýerde ýedinji gün barada: «Hudaý ýedinji gün ähli işlerinden dynç aldy»+ diýipdi.  Şonda⁠-⁠da Hudaý: «Olar meniň bilen dynç almaz»+ diýýär.  Şol sebäpli Hudaý bilen dynç almaga entegem mümkinçilik bolsa⁠-⁠da, hoş habary başda eşidenleriň käbiri gulak asman, şol mümkinçiligi elden gidirdi+.  Hudaýyň: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatatmaň»+ diýen sözlerini şu hatymda ýazypdym. Görşümiz ýaly, Dawudyň Zeburynda «şu gün» diýmek bilen, Hudaý ençeme wagtdan ýene şol güni agzap geçýär.  Eger Ýuşa+ olary Hudaý bilen dynç almaga elten bolsady, onda Hudaý şol güni ýene⁠-⁠de agzamazdy.  Diýmek, Hudaýyň halky üçin dynç güni*+ henizem dowam edýär. 10  Sebäbi Hudaýyň ähli işlerinden dynç alşy ýaly, Hudaý bilen dynç alýan adam hem öz işlerinden dynç alýandyr+. 11  Geliň, Hudaý bilen dynç almak üçin elimizde baryny edeliň. Şonda hiç kim şol gulak asmadyk nesliň göreldesine eýerip, günä etmez+. 12  Hudaýyň sözi diri hem güýçlüdir+. Iki tarapy kesgir gylyçdan hem ýitidir+, ol adama şeýle çuň batýar welin, onuň içki* we daşky dünýäsini* ýüze çykarýar, süňkleri bölüp, ýilige çenli baryp ýetýär. Adamyň ýüregindäki pikirlerini we niýetini bilýär*. 13  Hiç kim we hiç zat Hudaýyň öňünde gizlin däldir+. Ähli zat onuň öňünde açyk⁠-⁠aýdyňdyr, biz hem Hudaýyň öňünde jogap bermelidiris+. 14  Şeýlelikde, biziň beýik baş ruhanymyz Hudaýyň Ogly Isadyr+. Ol göge gitdi. Geliň, ol hakda gürrüň bermegi dowam edeliň+. 15  Baş ruhanymyz biziň kemçiliklerimize düşünýär+. Ol biz ýaly ähli zatda synalsa⁠-⁠da, günä eden däldir+. 16  Geliň, onda Hudaýyň ýagşylyk tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän* doga⁠-⁠dileg edeliň+. Eger kömege mätäç bolsak, ol hökman rehim eder, ýagşylygyny gaýgyrmaz.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: sabat güni.
Sözme⁠-⁠söz: ruhuny. Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: janyny. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: paş edýär; höküm edýär.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.