Ýahýa gelen Ylham 17:1—18

  • «Beýik Wawilon» höküm edilýär (1—18)

    • Gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde oturan ahlaksyz aýal (1—3)

    • Öň bolan, ýöne ýok bolan, indi täzeden çykjak wagşy haýwan (8)

    • Guzy bilen söweşýän on şah (12—14)

    • On şah ahlaksyz aýaly ýigrenýär (16, 17)

17  Eli käseli ýedi perişdäniň+ biri maňa: «Gel, saňa suwlaryň üstünde oturan ady belli ahlaksyz aýala çykaryljak hökümi görkezeýin+.  Ýer ýüzüniň patyşalary onuň bilen ahlaksyzlyk* etdiler+ we ýer ýüzünde ýaşaýanlar onuň ahlaksyz* şerabyndan içip, serhoş boldular»+ diýdi.  Soňra perişde meni ruhuň güýji bilen çöle alyp gitdi. Şonda men gyrmyzy reňkli wagşy haýwanyň üstünde bir aýalyň oturanyny gördüm. Wagşy haýwanyň ýedi kellesi we on şahy bardy, ähli ýerine Hudaýa dil ýetirýän atlar ýazylandy.  Aýal goýy gyzyl we gyrmyzy reňkli eşik geýip+, altyn, gymmatbaha daşlar hem⁠-⁠de merjen monjuklar dakynypdy+. Elinde altyn käse bardy. Käsäniň içi ýigrenji zatlardan we aýalyň ahlaksyzlyk* bilen eden haram işlerinden doludy.  Onuň maňlaýynda: «Beýik Wawilon — ahlaksyz aýallaryň+ we ýer ýüzündäki ýigrenji zatlaryň+ enesi» diýen syrly at ýazylandy.  Soňra men aýalyň mukaddesleriň we Isanyň şaýatlarynyň ganyny içip+, serhoş bolandygyny gördüm. Men aýaly görüp, juda geň galdym.  Şonda perişde maňa şeýle diýdi: «Sen näme üçin geň galýarsyň? Men aýalyň syryny hem⁠-⁠de aýaly arkasynda göterýän ýedi kelleli we on şahly wagşy haýwanyň+ syryny aýdaýyn+.  Seniň gören wagşy haýwanyň öň bardy, häzir bolsa ýok. Emma ol tizden düýpsüz çuňlukdan+ çykar we ýok ediler. Ýer ýüzünde ýaşaýanlar, ýagny dünýäniň başlangyjyndan bäri ýaşaýyş kitabyna atlary ýazylanlar+ wagşy haýwany görüp, haýran galarlar. Ol öň bolupdy, ýöne ýok boldy, indi täzeden çykar.  Muňa düşünmek üçin akyl⁠-⁠paýhas gerek. Ýedi kelle+ ýedi dagy aňladýar, aýal hem olaryň üstünde otyr. 10  Şeýle⁠-⁠de olar ýedi patyşany aňladýar: olaryň bäşisi ýykyldy, biri häzirem bar, ýene biri indi gelmeli. Ýöne ol gelende, az wagtlyk galmaga rugsat berler. 11  Öň bolan, ýöne ýok bolan wagşy haýwan+ sekizinji patyşadyr. Ol ýedi patyşadan dörändir, ýöne soňra ýok ediler. 12  Seniň gören on şahyň heniz patyşalygy almadyk on patyşany aňladýar. Emma olar wagşy haýwan bilen az salymlyk* patyşalyk ygtyýaryny alarlar. 13  On şah bir pikirde bolup, güýjüni we ygtyýaryny wagşy haýwana berdi. 14  Olar Guzy+ bilen söweşerler, emma Guzy hökümdarlaryň Hökümdary we patyşalaryň Patyşasy+ bolandygy üçin olary ýeňer+. Hudaýyň çagyranlary, saýlanlary we wepalylary hem olary ýeňerler»+. 15  Perişde maňa şeýle diýdi: «Sen ahlaksyz aýalyň suwlaryň üstünde oturanyny görüpdiň. Suwlar halklary, märekäni, milletleri we dilleri aňladýar+. 16  Şeýle⁠-⁠de seniň gören on şahyň+ we wagşy haýwanyň+ ahlaksyz aýaly+ ýigrenip, talarlar hem⁠-⁠de ýalaňaçlarlar. Olar aýalyň etini iýerler, soňra otda ýakyp, kül ederler+. 17  Sebäbi şeýle pikiri olaryň ýüregine Hudaý guýdy+. Aslynda, olar Hudaýyň sözi berjaý bolýança, patyşalyk ygtyýaryny wagşy haýwana berip+, öz pikirini amala aşyrarlar. 18  Seniň gören aýalyň+ ýer ýüzüniň patyşalarynyň üstünden höküm sürýän beýik şäheri aňladýar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: bir sagatlyk.