Nesihat 8:1—17

  • Bikämil adamyň hökümdarlygy (1—17)

    • Patyşanyň buýruklaryny ýerine ýetir (2—4)

    • Adamyň hökümdarlygy zyýanly (9)

    • Tiz jeza berilmese gorkmaz (11)

    • Iý, iç we şatlan (15)

8  Paýhasly adama taý geljek barmy? Kynçylygy kim çözüp biler? Akyldarlyk ýüzi nurlandyrýar, gaharly ýüzi mähirli edýär.  Men şeýle diýýärin: «Hudaýa beren wadaňa görä+, patyşanyň buýruklaryny berjaý et+.  Patyşanyň huzuryndan gitmäge howlukma+, erbetleriň tarapyny tutma+, sebäbi patyşa islän zadyny edýär.  Patyşanyň sözi kanundyr+. Kim oňa: „Edýäniň näme?“ diýip biler?»  Kanuny berjaý edýän adam zyýan çekmez+. Paýhasly adam her bir zadyň amatly wagtyny we tertibini bilýär+.  Ynsanyň başynda kynçylyk köpdür, ýöne her bir zadyň öz wagty we tertibi bardyr+.  Hiç kim boljak zady öňünden bilmeýän bolsa, onuň nädip boljagyny nireden bilsin?  Adamyň ýaşaýyş demi öz elinde däldir, şonuň ýaly öljek güni hem öz elinde däldir+. Söweş wagty esger öýüne goýberilýän däldir, erbet adam hem pislik edip aman galýan däldir*.  Men bar zada syn etdim we gök* astynda edilýän ähli işler barada oýlandym. Bir adamyň beýleki adamyň üstünden hökümdarlyk etmegi hemişe zyýanly ekeni+. 10  Men mukaddes ýere girip⁠-⁠çykýan erbetleriň jaýlanandygyny gördüm. Galanyň halky olaryň eden zalym işlerini tiz unutdylar+. Bu⁠-⁠da biderekdir. 11  Erbet işleri üçin tiz jeza berilmese+, ynsan ogullarynyň ýüregi erbetlik etmekden gorkmaz+. 12  Günäkär ýüz sapar erbetlik edip, uzak ömür sürse⁠-⁠de, diňe hak Hudaýdan gorkýan adamlar bereket alýan ekeni, sebäbi olar Hudaýa çuňňur hormat goýýarlar+. 13  Emma erbet adam bereket almaz+, ömri kölege ýaly geçip gider, ömrüni uzaldyp bilmez+, sebäbi ol Alladan gorkmaýar. 14  Ýer ýüzünde bir biderek ýagdaýy gördüm: hudaýhon adamlar erbetlere berilmeli jezany çekýärler+. Erbet adamlar bolsa hudaýhonlara berilmeli sylagy alýarlar+. Men: «Bu⁠-⁠da biderek» diýdim. 15  Şeýlelikde, men adamlara şatlanyp ýaşamagy maslahat berdim+, sebäbi gök astynda ynsana iýip⁠-⁠içmekden we şatlanmakdan başga gowy zat ýokdur. Adam hak Hudaýyň gök astynda beren ömrüniň ähli günlerinde şatlyk bilen zähmet çekmelidir+. 16  Men gije⁠-⁠gündiz ýatman ýer ýüzünde edilýän işleri* we akyldarlygy öwrenmegi ýüregime düwdüm+. 17  Hak Hudaýyň eden ähli işleri hakynda oýlandym. Ynsan gök astynda bolýan ähli zada düşünip bilmeýär+. Ynsan näçe jan etse⁠-⁠de, olara düşünmez. Olar özüni akylly hasaplasalar⁠-⁠da, gök astynda bolýan ähli zada doly düşünmez+.

Çykgytlar

Başga manysy: erbetlik erbet adamy halas edýän däldir.
Sözme⁠-⁠söz: Gün.
Başga manysy: Men adamlaryň gije⁠-⁠gündiz ýatman ýer ýüzünde edýän işlerini.