Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

ÖWRENILÝÄN MAKALA 49

Zähmet çekmegiň we dynç almagyň «öz wagty bar»

Zähmet çekmegiň we dynç almagyň «öz wagty bar»

«Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň» (Mar. 6:31).

32-NJI AÝDYM Berk hem tutanýerli boluň!

MAKALANYŇ MAZMUNY *

1. Adamlaryň köpüsi zähmet çekmeklige nähili garaýar?

ÝAŞAÝAN ýeriňizde adamlaryň köpüsi zähmet çekmeklige nähili garaýar? Köp ýurtlarda adamlar gara zähmet bilen başagaý bolup, daň atandan Gün batýança işleýär. Işe köp wagtyny sarp edýän adamlaryň köplenç dynç almaga, maşgalasy bilen wagtyny geçirmäge ýa-da ruhy işleri etmäge wagty bolmaýar (Nes. 2:23). Käbir adamlar bolsa asla işläsi gelmeýär we munuň üçin her dürli bahana gözleýär (Nak. 26:13, 14).

2, 3. Ýehowa bilen Isa zähmet çekmekde nähili görelde görkezýär?

2 Zähmete nädogry garaýan adamlardan tapawutlylykda, Ýehowa bilen Isa zähmet çekmeklige dogry garaýar. Elbetde, zähmet çekmekde iň gowy göreldäni Ýehowa görkezýär. Isa pygamber şeýle diýdi: «Atam henize çenli işläp ýör, men hem işleýärin» (Ýah. 5:17). Meselem, Hudaýyň ýaradan sansyz-sajaksyz perişdeleri we ägirt uly älem-jahan hakda oýlanyp görüň. Ýehowa olary ýaratmak üçin köp zähmet çekdi. Şeýle-de biz owadan ýer şaryny synlanymyzda, Hudaýyň nähili gudratly işleri edendigini görýäris. Bir mezmurçy hem şeýle belläp geçdi: «Eý Ýehowa, seniň işleriň köpdür! Ähli zady akyldarlyk bilen ýaratdyň, ýer ýüzi elleriň işlerinden doludyr» (Zeb. 104:24).

3 Isa pygamber hem gökdäki Atasyndan görelde alýardy. Hudaý «gökleri taýýarlanda», akyldarlykdan doly Isa «ökde ussa kimin» Ýehowanyň ýanyndady (Nak. 8:27—31). Soňra ol ýer ýüzüne ynsan bolup gelende, uly işleri etdi. Ol Hudaýyň tabşyran işine edil çörek ýaly garaýardy. Isanyň her bir edýän işi ony Hudaýyň iberendigini görkezýärdi (Ýah. 4:34; 5:36; 14:10).

4. Ýehowa bilen Isadan dynç almak babatda näme öwrenip bilýäris?

4 Ýehowa bilen Isanyň zähmet çekmekde görkezýän göreldesi biziň asla dynç almaly däldigimizi görkezýärmi? Elbetde, ýok. Ýehowa hiç haçan ýadamaýar, şonuň üçin oňa dynç almak gerek däl. Ýöne Mukaddes Kitapda Ýehowanyň ýeri-gögi ýaradansoň, «dynç alyp, eden işlerine begenendigi» aýdylýar (2 Mus. 31:17). Hawa, Ýehowa ýaradan zatlaryny synlap, hoşal boldy. Isa-da ýer ýüzünde ýaşanda, agyr zähmet çekýärdi. Ýöne dynç almak we dost-ýarlary bilen iýip-içmek üçin hem wagt tapýardy (Mat. 14:13; Luka 7:34).

5. Hudaýyň gullukçylarynda nähili kynçylyklar bolup biler?

5 Mukaddes Kitapda Hudaýyň halkynyň zähmetsöýer bolmalydygy hakda aýdylýar. Ýehowanyň gullukçylary ýalta bolman, işeňňir bolmaga jan etmeli (Nak. 15:19). Mümkin, siziň käbiriňiz maşgalaňyzy eklemek üçin köp işlemeli bolýansyňyz. Mundan başga-da Mesihiň ähli şägirtleri hoş habary wagyz etmäge jogapkärli garaýar. Elbetde, biziň barymyz wagtal-wagtal dynç almaly hem bolýarys. Sizde-de käte işiňiz, wagyz gullugy we dynç almak bilen bagly kynçylyklar döreýärmi? Biz näçeräk işläp, näçeräk dynç almalydygyny nädip bilmeli?

ZÄHMET ÇEKMEKLIGE WE DYNÇ ALMAKLYGA DOGRY GARAÝYŞDA BOLUŇ

6. Markus 6:30—34-nji aýatlar Isanyň zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garandygyny nädip görkezýär?

6 Zähmete dogry garaýyşda bolmak örän wajyp. Süleýman patyşa: «Her bir işiň öz wagty bar» diýip ýazdy. Ol bu sözleri aýdanda, ekmek, dikmek, aglamak, gülmek, tans etmek we başga-da işler hakda belläp geçdi (Nes. 3:1—8). Dogrudan-da, zähmet çekmek we dynç almak adamyň durmuşynda esasy zatlaryň biri bolup durýar. Isa hem zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýardy. Bir gezek Isanyň resullary adamlara öwretmek bilen şeýle bir başagaýdy welin, hatda «nahar iýmäge-de wagtlary ýokdy». Şonda Isa olara: «Ýörüň, çola ýere gidip, biraz dynç alalyň» diýdi (Markus 6:30—34-nji aýatlary okaň). Elbetde, Isa bilen şägirtleri hemişe dynç alyp ýörmeýärdi. Ýöne Isa dynç almagyň wajypdygyna düşünýärdi.

7. Sabat güni baradaky kanundan näme öwrenip bileris?

7 Biz wagtal-wagtal dynç almaly bolýarys. Munuň üçin hatda gün tertibimizi hem üýtgetmeli bolýarys. Hudaýyň geçmişde halkyna her hepde Sabat gününi bellemek barada beren tabşyrygy dynç almagyň wajypdygyny görkezýär. Elbetde, biz Musanyň kanuny boýunça ýaşamaýarys. Ýöne ondaky Sabat güni barada berlen kanundan köp zat öwrenip bilýäris. Bu bize zähmete we dynç almaklyga dogry garaýyşda bolmaga kömek eder.

SABAT GÜNI — DYNÇ ALMAGYŇ WE SEŽDE ETMEGIŇ WAGTYDY

8. 2 Musa 31:12—15-nji aýatlara görä Sabat güni näme etmelidi?

8 Mukaddes Kitapda Hudaýyň ähli işinden dynyp, «ýedinji gün» dynç alandygy hakda aýdylýar (1 Mus. 2:2). Ýöne Ýehowa zähmet çekmegi gowy görýär, şonuň üçin ol «henize çenli işläp ýör» (Ýah. 5:17). Ýehowanyň her hepde Sabat gününi bellemek barada beren tabşyrygyndan dynç almaklyga dogry garaýandygy görünýär. Sabat güni Hudaýyň ysraýyl halky bilen baglaşan ähtiniň alamatydy. Şol gün ysraýyllar «doly dynç almalydylar», sebäbi ol Ýehowa bagyşlanan mukaddes gündi (2 Musa 31:12—15-nji aýatlary okaň). Bu kanuna görä, hemme adamlar, hatda çagalar, gul-gyrnaklar we mal-garalar hem işlemeli däldi (2 Mus. 20:10). Şol gün adamlar ruhy işlere has köp üns berip bilýärdi.

9. Isanyň günlerinde Sabat gününe nähili garaýardylar?

9 Sabat güni Hudaýyň halkyna dynçlyk berýärdi. Emma Isanyň günlerinde dini ýolbaşçylar gerekmejek düzgünleri girizip, Sabat gününi agyr ýüke öwürdiler. Olaryň öwretmegine görä, Sabat güni hatda bugdaý başlaryny ýolmak ýa-da syrkaw adamy sagaltmak hem bolmaýardy (Mar. 2:23—27; 3:2—5). Ýöne bu zatlar Hudaýyň garaýşyna ters gelýärdi. Şonuň üçin Isa adamlara öwredende, dini ýolbaşçylaryň şeýle öwretmeleriniň nädogrudygyny aýdypdy.

Isanyň maşgalasy Sabat güni ünsüni ruhy işlere berýärdi (10-njy abzasa serediň) *

10. Matta 12:9—12-nji aýatlardan Isanyň Sabat gününe garaýşy barada näme bilýäris?

10 Isa we onuň yzyna eýeren ýehudylar Musanyň kanuny boýunça ýaşandygy üçin, Sabat gününi belleýärdiler *. Emma Isa Sabat gününde ýagşylyk we kömek etmegiň hiç hili erbetliginiň ýokdugyny sözleri hem-de işleri bilen görkezdi. Ol bu hakda: «Sabat güni ýagşylyk etseň, kanuny bozmaýarsyň» diýdi (Matta 12:9—12-nji aýatlary okaň). Isa Sabat güni adamlara ýagşylyk we kömek etmegiň nädogry däldigine düşünýärdi. Isanyň hereketleri Sabat gününiň asyl maksadyna düşünmäge kömek edýär. Sebäbi Hudaýyň halky şol gün agyr zähmetden dynç alýardy we ünsüni ruhy işlere gönükdirip bilýärdi. Isa Sabat güni ruhy işler bilen meşgullanýan maşgalada ulalypdy. Muny Isanyň önüp-ösen ýeri Nazaret şäherinde bolan wakadan görse bolýar. Injilde: «Ol hemişekisi ýaly Sabat güni sinagoga baryp, Hudaýyň sözüni okamak üçin ýerinden turdy» diýilýär (Luka 4:15—19).

ZÄHMET ÇEKMEKLIGE NÄHILI GARAÝARSYŇYZ?

11. Isa zähmet çekmekde kimden görelde alýardy?

11 Isanyň atalygy Ýusup hem zähmete Hudaýyň garaýşy ýaly garaýardy. Ol Isa agaç ussasy bolmagy öwretdi (Mat. 13:55, 56). Isa atalygy Ýusubyň uly maşgalasyny eklemek üçin günde agyr zähmet çekýändigini görýärdi. Şol sebäpli ol şägirtlerine: «Işçi öz hakyna mynasypdyr» diýdi (Luka 10:7). Hawa, Isa agyr zähmet çekmegiň nämedigini gowy bilýärdi.

12. Haýsy aýatlar Pawlus resulyň agyr zähmet çekendigini görkezýär?

12 Zähmet çekmekde gowy göreldäni Pawlus resul hem görkezdi. Ol, esasanam, Isanyň ady hakda we hoş habary wagyz edýärdi. Ýöne ol özüni eklemek üçin hem işleýärdi. Muny Pawlusyň selaniklilere ýazan hatyndan bilse bolýar. Ol: «Hiç biriňize ýük bolmajak bolup, gije-gündiz der döküp zähmet çekipdim» diýdi (2 Sel. 3:8; Res. 20:34, 35). Pawlus şu sözleri aýdanda, çadyr tikmek işini göz öňünde tutan bolmaly. Ol Korinf şäherinde imandaşlary Akila we Priskillanyň ýanynda galyp, «bile çadyr tikýärdi». Pawlusyň «gije-gündiz... zähmet çekipdim» diýen sözleri onuň dynman işländigini aňlatmaýar. Meselem, ol Sabat günleri çadyr tikmän, ýehudylara wagyz edýärdi. Sebäbi olar şol günler işlemeýärdi (Res. 13:14—16, 42—44; 16:13; 18:1—4).

13. Biz Pawlus resuldan näme öwrenip bileris?

13 Pawlus resul zähmet çekmeklige dogry garaýardy. Ol hem işleýärdi, hem «mukaddes işi ýerine ýetirmäge» yzygider gatnaşýardy (Rim. 15:16; 2 Kor. 11:23). Pawlus başgalary hem yzyny üzmän wagyz etmäge höweslendirýärdi. Meselem, Akila bilen Priskilla Pawlusyň «Mesihe hyzmat edýän işdeşleridi» (Rim. 12:11; 16:3). Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere-de Halypamyz üçin «ýagşy işleri etmegi» ündedi (1 Kor. 15:58; 2 Kor. 9:8). Ol Ýehowanyň ylhamy bilen: «Kim zähmet çekmek islemese, çörek hem iýmesin» diýip ýazdy (2 Sel. 3:10).

14. Ýahýa 14:12-de Isa nämäni göz öňünde tutdy?

14 Şu soňky günlerde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak iň wajyp iş hasaplanýar. Isa şägirtleriniň özündenem has köp işleri etjekdigini pygamberlik edipdi (Ýahýa 14:12-ni okaň). Emma olaryň edil özi ýaly gudrat görkezjekdigini aýtjak bolmady. Isa şägirtleriniň has köp ýerlerde, köp adamlara we köp wagtlap wagyz etjekdigini hem-de tälim berjekdigini göz öňünde tutdy.

15. Özümize nähili soraglary bermeli we näme üçin?

15 Eger siz maşgalaňyzy ýa özüňizi eklemek üçin işleýän bolsaňyz, şu soraglar hakda oýlanyň: «Işimde meni zähmetsöýer adam hökmünde tanaýarlarmy? Özüme tabşyrylan işi wagtynda hem-de gowy etmek üçin jan edýärinmi?» Eger şu soraglara arkaýyn «hawa» diýip jogap berseňiz, başlygyňyzyň ynamyny gazanarsyňyz. Mundan başga-da özüňizi synlaýan adamlara hakykata gelmäge kömek edersiňiz. Wagyz we şägirt taýýarlamak işi bilen bagly özüňize şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Meni yhlasly wagyzçy diýip tanaýarlarmy? Gaýtadan ideglere gowy taýýarlanýarynmy? Gyzyklanan adamlardan derrew habar alýarynmy? Wagzyň her dürli görnüşine yzyny üzmän gatnaşýarynmy?» Eger şu soraglara «hawa» diýip jogap berseňiz, gullugyňyzdan köp şatlyk taparsyňyz.

DYNÇ ALMAKLYGA NÄHILI GARAÝARSYŇYZ?

16. Şu günler adamlaryň garaýşy Isa bilen resullarynyň garaýşyndan nämede tapawutlanýar?

16 Isa özüniň hem-de resullarynyň aram-aram dynç almalydygyna düşünýärdi. Ýöne şol döwürdäki we biziň günlerimizdäki köp adamlar dynç almaga Isanyň mysalyndaky baý adam ýaly nädogry garaýarlar. Şol baý adam özüne: «Hezil edip iýip içeýin» diýýärdi (Luka 12:19; 2 Tim. 3:4). Onuň ýüreginde dynç almak hem-de hezil edip ýaşamak esasy orun eýeleýärdi. Emma ondan tapawutlylykda, Isa bilen resullary dynç almagy durmuşynda esasy zat hasaplamaýardy.

Zähmet çekmeklige hem-de dynç almaklyga dogry garaýyşda bolsak, ýagşy işleri etmekden köp şatlyk taparys (17-nji abzasa serediň) *

17. Işden boş wagtymyzy nädip ulanyp bileris?

17 Şu günler biz hem Isadan görelde alyp, işden boş wagtymyzy ýöne bir dynç alyp geçirmän, eýsem, wagyz edýäris we ýygnak duşuşyklaryna gatnaşýarys. Biz şägirt taýýarlamak hem-de ýygnaklara yzygider gatnaşmak üçin jan edýäris. Sebäbi bulary wajyp hasaplaýarys (Ýew. 10:24, 25). Hatda bir ýere dynç alşa gidenimizde-de, ýygnaklara gatnaşýarys hem-de her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýäris (2 Tim. 4:2).

18. Patyşamyz Isa Mesih biziň näme etmegimizi isleýär?

18 Patyşamyz Isa Mesihiň zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýyşda bolmaga kömek edýändigine diýseň minnetdar! (Ýew. 4:15). Ol biziň wagtal-wagtal dynç almagymyzy isleýär. Şeýle-de özümizi we maşgalamyzy eklemek üçin arman-ýadaman zähmet çekmegimizi hem-de şägirt taýýarlamak işine gatnaşyp, dynçlyk tapmagymyzy isleýär. Indiki makalada Hudaýyň bizi hakyky azatlyga ýetirmekde Isanyň nähili orun tutýandygy hakda gürrüň ederis.

23-NJI AÝDYM Ýehowa güýjümiz

^ abzas 5 Hudaýyň Sözi bize zähmet çekmeklige we dynç almaklyga dogry garaýyşda bolmagy öwredýär. Şu makalada biz ysraýyllara berlen Sabat güni baradaky kanuna gysgaça seredip, zähmet çekmeklige we dynç almaklyga nädip dogry garaýyşda bolup biljekdigimizi öwreneris.

^ abzas 10 Şägirtler Sabat güni baradaky kanuna berk eýerýärdi. Şol sebäpli Sabat güni geçýänçä, olar Isanyň jesedini ýaglamak üçin gerek bolan zatlary taýýarlamagy soňa goýdular (Luka 23:55, 56).

^ abzas 55 SURAT: Ýusup Sabat güni maşgalasyny sinagoga äkidýär.

^ abzas 57 SURAT: maşgalasyny eklemek üçin işleýän dogan işden boş wagty, hatda dynç alşa gidende-de ruhy işleri goýmaýar.